15‑nji bap
Ýiten goýun tymsaly
(Matta 18:12-14)
1 Ähli salgytçylar bilen günäkärler Isanyň aýdýan zatlaryny diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşýärdiler. 2 Fariseýler bilen Töwrat mugallymlary bolsa: «Bu adam günäkärleri kabul edýär, olar bilen nahar iýýär» diýip hüňürdeşýärdiler. 3 Onsoň Isa olara şu tymsaly aýtdy: 4 «Sizden biriniň ýüz goýny bar diýeli. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol togsan dokuzsyny düzde goýup, tä ýiten goýnuny tapýança, ony gözlemäge gitmezmi? 5 Tapanda bolsa, ony begenç bilen egnine alyp gaýdar. 6 Öýüne gelip, dostlaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten goýnumy tapdym!“ diýer. 7 Size şuny aýdýaryn: şunuň ýaly toba eden ýeke günäli üçin gökde boljak şatlyk toba mätäç däl togsan dokuz dogry adam üçin boljak şatlykdan has uly bolar».
Ýiten pul tymsaly
8 «Aýdaly, bir aýalyň on sany kümüş teňňesi bar eken. Ol bularyň birini ýitirýär. Şonda ol çyrany ýakyp, öýi süpürip, ony tapýança, üns berip gözlemezmi? 9 Tapanda bolsa öz joralaryny, goňşularyny çagyryp: „Meniň bilen bile şatlanyň, ýiten teňňämi tapdym“ diýer. 10 Men size şuny aýdýaryn: toba eden ýekeje günäli üçin, Hudaýyň perişdeleriniň arasynda edil şunuň ýaly uly şatlyk bolar».
Ýiten ogul tymsaly
11 Isa sözüni dowam etdi: «Bir adamyň iki ogly bar eken. 12 Kiçi ogly kakasyna: „Kaka, mal-mülkden meniň paýyma düşenini ber“ diýýär. Kakasy hem baýlygyny ogullarynyň arasynda bölüp berýär. 13 Birnäçe günden soň kiçi ogly bar-ýoguny toplap, bir uzak ýurda gidýär. Ol ýerde şady-horramlykda ýaşap, mal-mülküni ýele sowurýar. 14 Bar zadyny sowandan soň, ýaňky ýurda gaty açlyk düşüp, ol horluk çekmäge başlaýar. 15 Şeýlelikde, ol gidip, şol ýurduň bir ýaşaýjysyna günlükçi durýar. Ol hem ony öz örülerine doňuz bakmaga iberýär. 16 Oglanyň doňuzlaryň iýýän kösükleri bilen garnyny doýrasy gelýärdi, emma oňa hiç kim hiç zat bermeýärdi. 17 Ol ahyrsoňy akylyna aýlanyp, özüne şeýle diýýär: „Kakamyň ençeme günlükçileri bar, olaryň hemmesiniň hem doýýança iýmäge çörekleri bar. Men bolsa bu ýerde açlykdan öljek bolup ýörün! 18 Gowusy, kakamyň ýanyna baryp, oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. 19 Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl. Meni öz günlükçileriňden biri ýaly kabul et diýeýin“. 20 Ýigit kakasynyň ýanyna ugraýar.
Ogly entek uzakdaka, kakasy ony görýär. Oňa ýüregi awaýar, ylgap baryp oglunyň boýnundan gujaklap, ony ogşaýar. 21 Ogly oňa: „Kaka, men Gökdäkä-de, saňa-da garşy günä etdim. Men indi seniň ogluň diýilmäge-de mynasyp däl“ diýýär. 22 Emma kakasy hyzmatkärlerine buýruk berip: „Dessine iň saýlama dony getiriň-de, oňa geýdiriň. Ellerine ýüzük dakyň, aýaklaryna köwüş geýdiriň. 23 Baga bakylan göläni getirip, damagyny çalyň, iýip şatlanalyň! 24 Sebäbi bu oglum ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýýär. Şeýdip, olar toý etmäge başlaýarlar.
25 Şol wagt onuň uly ogly ekin meýdanynda eken. Ol öýe golaýlanda, aýdym-saz bilen oýun-gülki seslerini eşidýär. 26 Ol hyzmatkärleriň birini ýanyna çagyryp, munuň sebäbini soraýar. 27 Ol hem oňa: „Iniň gaýdyp geldi. Kakaň onuň sag-aman yzyna dolanyp geleni üçin, baga bakylan göläniň damagyny çaldy“ diýýär. 28 Uly ogly gaharlanyp, içeri girmek islemeýär. Şonda kakasy daşary çykyp, oňa ýalbarýar. 29 Emma ol kakasyna şeýle jogap berýär: „Görýäňmi, men näçe ýyldyr, seniň üçin gul ýaly işledim, hiç haçan seniň buýruklaryňa ýok diýmedim. Muňa garamazdan, öz dostlarym bilen şüweleň eder ýaly, sen maňa hiç haçan bir çebiş-de bermediň. 30 Emma ähli baýlygyňy loly heleýlere sowran bu ogluň gelende, sen onuň üçin baga bakylan göläniň damagyny çaldyň“. 31 Kakasy oňa: „Oglum, sen hemişe meniň ýanymda ahyry, meniň bar zadym seniňkidir. 32 Bu gün bolsa toý edip, şatlanmak gerek, sebäbi seniň iniň ölüdi, indi direldi; ol ýitipdi, indi tapyldy“ diýip jogap berýär».