16-njy bap
Ugurtapyjy iş dolandyryjy
1 Isa şägirtlerine şulary gürrüň berdi: «Bir baý adamyň iş dolandyryjysy bar eken. Bu iş dolandyryjynyň baýyň mal-mülküni dargadýandygy barada oňa şikaýat edipdirler. 2 Baý ony ýanyna çagyryp: „Sen hakda eşidýän zatlarym näme? Iş dolandyryşyň babatda hasabat ber, sebäbi sen mundan beýläk meniň iş dolandyryjym bolup bilmersiň“ diýýär. 3 Iş dolandyryjy öz-özüne: „Indi näme etsemkäm? Hojaýynym işimi elimden alýar. Men gazy gazmaga ejiz, dilenmäge utanýaryn. 4 Hä…, işden kowlan wagtym halk meni öýüne kabul eder ýaly, näme etjegimi bilýärin“ diýip oýlanýar.
5 Şeýlelikde, ol hojaýynyna bergili adamlaryň baryny bir-birden ýanyna çagyrýar. Birinji çagyranyndan: „Meniň hojaýynyma näçe bergiň bar?“ diýip soraýar. 6 Ol: „Ýüz çelek* zeýtun ýagy“ diýip jogap berýär. Iş dolandyryjy oňa: „Dil hatyňy al-da, oturyp, dessine şony elli çelek diýip ýaz“ diýýär. 7 Onsoň başga birinden: „Seniň näçe bergiň bar?“ diýip soraýar. Ol hem: „Müň halta* bugdaý“ diýip jogap berýär. Oňa-da: „Dil hatyňy al-da, şony sekiz ýüz diýip ýaz“ diýýär. 8 Hojaýyny bu hilegär iş dolandyryjyny ugurtapyjylygy üçin taryplady. Bu dünýäniň adamlary öz nesliniň arasynda hereket etmekde nurdaky ynsanlardan parasatlydyr. 9 Size şuny aýdýaryn: özüňize dost gazanmak üçin dünýäniň baýlygyny ulanyň, bu mal-mülk gutaranda bolsa, siz ebedi galjak mesgenlere kabul edilersiňiz.
10 Az zatda ynamdar bolan köp zatda hem ynamdardyr, az zatda ynamdar bolmadyk köp zatda-da ynamdar bolup bilmez. 11 Şeýlelikde, dünýäniň baýlygynda ynamdar bolmasaňyz, size çyn baýlygy kim ynanar? 12 Başga biriniň emlägi babatda ynamdar bolmasaňyz, öz emlägiňizi size kim berer? 13 Hiç bir hyzmatkär iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz».
14 Puly söýýän fariseýler bu sözleri eşidip, Isany masgara etmäge başladylar. 15 Isa olara şeýle diýdi: «Siz özüňizi adamlaryň ýanynda aklaýarsyňyz, emma Hudaý ýüregiňizi bilýändir. Adamlaryň arasynda ýokary saýylýan zat Hudaýyň ýanynda ýigrenjidir.
16 Ýahýa gelýänçä, adamlar Töwrada we pygamberleriň ýazgylaryna görä ýaşamaly bolupdy. Indi bolsa Hudaýyň Şalygynyň Hoş Habary wagyz edilýär, oňa hemmeleriň giresi gelýär. 17 Töwradyň ýekeje nokadynyň ýiteninden, asman bilen ýeriň ýiteni aňsatdyr.
18 Aýalyny aýryp, başga aýala öýlenen adam zyna edýändir. Ärinden aýrylan aýala öýlenen kişi-de zyna edýändir».
Baý adam we Lazar gedaý
19 «Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepis eşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi. 20 Onuň gapysynyň agzynda tutuş bedenini ýara basan Lazar atly bir gedaý ýatardy. 21 Ol baýyň saçagyndan dökülen owuntyklary iýmegiň arzuwyndady. Itler hem gelip, onuň ýaralaryny ýalardy. 22 Bir gün wagty dolup, gedaý ölýär. Perişdeler ony Ybraýymyň ýanyna äkidýärler. Soňra baý hem ölýär we jaýlanýar. 23 Dowzahda ejir çekýän baý gabagyny galdyryp, uzakdan Ybraýymy we onuň ýanyndaky Lazary görýär. 24 Şonda ol gygyryp: „Eý, Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyň ujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduň içinde men ejir çekýärin“ diýýär. 25 Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň. 26 Bulardan başga-da, biziň bilen siziň araňyzda äpet bir uçut goýlupdyr, şonuň üçin bu ýerden siz tarapa, ol ýerden hem biz tarapa hiç kim geçip bilmez“ diýip jogap berýär. 27 Şonda baý adam: „Beýle bolsa, atam, saňa ýalbarýaryn, Lazary kakamyň öýüne iber. 28 Sebäbi meniň bäş doganym bar. Bu gynalýan ýere düşmezleri ýaly, Lazar baryp şeýle ýeriň bardygyny olara duýdursyn“ diýýär. 29 Emma Ybraýym: „Olarda Musanyň we pygamberleriň ýazgylary bar ahyry, goý, şolara gulak assynlar“ diýýär. 30 Ol hem: „Ýok, eý, Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna baranda toba ederler“ diýýär. 31 Ybraýym oňa: „Olar Musa we pygamberlere gulak asmaýan bolsalar, onda ölülerden biri direlse-de, ynanmazlar“ diýip jogap berýär».