17‑nji bap
Bagyşlama we iman baradaky taglymat
1 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Adamlary günä duçar edýän zatlaryň gelmegi gutulgysyzdyr, emma bu zatlaryň gelmegine ýardam berýän adamyň dat gününe! 2 Maňa ynanýan pes göwünlileriň biriniň günä etmegine sebäp bolanyndan, boýnundan bir degirmen daşy asylyp, deňze taşlanany onuň üçin has oňat bolar.
3 Habardar boluň! Eger doganyň günä etse, oňa käýe. Eger ol toba etse, ony bagyşla. 4 Ol saňa garşy günde ýedi gezek günä edip, ýedi gezek hem ýanyňa gelip: „Toba edýärin!“ diýse, ony bagyşla». 5 Resullar Reb Isa: «Biziň imanymyzy artdyr!» diýdiler. 6 Ol şeýle diýdi: «Eger siziň bir gorçisa dänesi ýaly imanyňyz bolup, şu tut agajyna: „Bu ýerden goparyl-da, deňizde göger!“ diýseňiz, ol size gulak asar. 7 Aýdaly, siziň ýer sürýän ýa-da çopançylyk edýän hyzmatkäriňiz bar. Ol meýdandan gelende, siziň haýsyňyz oňa: „Basym gel-de, saçak başynda otur“ diýersiňiz? 8 Gaýtam, oňa: „Meniň agşamlygymy taýýarla, biliňi guşa-da, iýip-içýänçäm, maňa hyzmat et, özüň soňra iýip-içersiň“ diýmezmi? 9 Buýruklaryny berjaý edeni üçin, ol hyzmatkäre minnetdarlyk bildirermi? 10 Siz hem özüňize buýrulan ähli zady berjaý edeniňizden soň: „Biz hem ýöne bir hyzmatkärdiris, diňe özümize tabşyrylan ýumşy ýerine ýetirdik“ diýiň».
Isa on sany deri kesellini sagaldýar
11 Isa Samariýa bilen Jeliläniň üstünden geçip, Iýerusalime tarap gitdi. 12-13 Ol obalaryň birine girende, Oňa endamy deri keseline duçar bolan on adam sataşdy. Olar uzakda durup, gaty ses bilen: «Eý, Isa! Halypa, bize rehim et!» diýdiler. 14 Isa olary görüp: «Baryň, ruhanylara görnüň» diýdi. Olar ýoldakalar keselden saplandy. 15 Olaryň biri sagalanyny görüp, gaty ses bilen Hudaýy şöhratlandyryp, yzyna öwrüldi. 16 Ol Isanyň aýaklaryna ýykylyp, Oňa minnetdarlyk bildirdi. Bu adam samariýalydy. 17 Isa: «Keselden saplanan on kişi dälmidi? Galan dokuz adam nirede? 18 Hudaýy şöhratlandyrmak üçin bu kesekiden başga hiç kim yzyna öwrülmedimi?» diýip sorady. 19 Onsoň oňa: «Tur, gidiber, imanyň seni halas etdi» diýdi.
Hudaýyň Şalygynyň gelşi barada
(Matta 24:23-28,37-41)
20 Bir gün fariseýler Isadan Hudaýyň Şalygynyň haçan geljekdigini soranlarynda, Ol: «Hudaýyň Şalygy göze görnüp gelmez. 21 Adamlar: „Ine, bu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“ diýmezler, sebäbi Hudaýyň Şalygy siziň araňyzdadyr» diýip jogap berdi. 22 Onsoň Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Ynsan Oglunyň günlerinden birini görmegi küýsejek wagtyňyz geler, emma ol güni görmersiňiz. 23 Adamlar size: „Ine, Ynsan Ogly şu ýerde!“ ýa-da „Anha, ol ýerde!“ diýerler. Emma gitmäň, olaryň yzyna düşmäň! 24 Ýyldyrym gögüň bir ujundan çakyp, beýleki bir ujuny nähili ýagtyldýan bolsa, Ynsan Ogly hem Öz gününde şeýle bolar. 25 Emma Ol öňürti köp görgi görüp, bu nesil tarapyndan ret edilmelidir. 26 Nuhuň günlerinde nähili bolan bolsa, Ynsan Oglunyň günlerinde-de şeýle bolar. 27 Adamlar Nuhuň gämä münen gününe çenli iýip-içip, öýlenip, durmuşa çykyp, arkaýyn ýaşap ýördüler. Soňra äpet sil gelip, baryny ýok etdi. 28 Lutuň günlerinde hem şonuň ýaly boldy: adamlar iýip-içip, alyp-satyp, ekip-dikip ýördüler. 29 Emma Lutuň Sodomdan çykan güni gökden ot bilen kükürt ýagyp, hemmesini ýok etdi. 30 Ynsan Oglunyň peýda boljak gününde hem şeýle bolar. 31 Şol gün üçekdäki adam öýdäki zatlaryny almak üçin aşak düşmesin. Şeýle-de, ekin meýdanyndaky hem yzyna gelmesin. 32 Lutuň aýalyny ýada salyň! 33 Kim janyny aýamaga çalyşsa, ony ýitirer, kim janyny ýitirse, ony aman saklar. 34 Size şuny aýdýaryn: şol gije bir düşekde iki adam bolar, biri alnar, biri goýlar. 35 Bilelikde bugdaý üweýän iki aýal bolar, biri alnar, beýlekisi goýlar».* 37 Şägirtler Isa ýüzlenip: «Agam, bu hadysalar nirede bolar?» diýip soradylar. Isa hem: «Maslyk nirede bolsa, garaguşlar hem şol ýere üýşýändir» diýip jogap berdi.