18‑nji bap
Tutanýerli dul aýal tymsaly
1 Onsoň Isa şägirtlerine olaryň hemişe Hudaýa doga edip, asla ruhdan düşmezligiň zerurlygy hakda bir tymsal aýdyp berdi: 2 «Bir şäherde Hudaýdan gorkmaýan bir kazy bar eken. Ol kazy adamlary äsgermeýän eken. 3 Şol şäherde bir dul aýal hem bar eken. Ol üznüksiz kazynyň ýanyna gatnap: „Dawagärimden meniň hakymy alyp ber“ diýip ýalbarypdyr. 4 Kazy birnäçe wagtlap muny etmändir. Ahyrsoňy ol öz-özüne: „Men Hudaýdan gorkmasam-da, adamlary äsgermesem-de, 5 dyngysyz gelip, meni bizar etmez ýaly, bu dul aýalyň hakyny alyp bereýin. Indi bir gelip, meniň gulak etimi guratmasyn“ diýýär». 6 Reb Isa ýene sözüni dowam etdi: «Adalatsyz kazynyň näme aýdanyna gulak asyň. 7 Eýsem, Hudaý Öz saýlanlarynyň, gije-gündiz Özüne ýüz tutup perýat edýänleriň hakyny alyp bermezmi? Olary köp garaşdyrarmy? 8 Size şuny aýdýaryn: olaryň hakyny tiz alyp berer. Ýöne Ynsan Ogly gelende, ýeriň ýüzünde imanly adam taparmyka?»
Fariseý we salgytçy tymsaly
9 Öz dogrulygyna bil baglap, beýlekileri kemsidýän käbir adamlara Isa şu tymsaly gürrüň berdi: 10 «Iki adam Hudaýa doga etmek üçin ybadathana gidýär. Olaryň biri fariseý, beýlekisi salgytçy eken. 11 Fariseý durup, özi hakda içinden: „Hudaýym, men käbir adamlar ýaly talaňçy, pis, zynahor däldigime, hatda bu salgytçy ýaly-da däldigime Saňa şükür edýärin. 12 Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähli gazanjymyň ondan birini berýärin“ diýip doga okaýar. 13 Salgytçy bolsa uzakda durup, gabagyny göge galdyrmaga hem ýürek etmeýär, gaýtam gursagyna urup: „Hudaýym, Men günäkäre rehim et!“ diýýär. 14 Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».
Çagalar bilen Isa
(Matta 19:13-15; Mark 10:13-16)
15 Onsoň başlaryna elini goýsun diýip, adamlar çagalary Isanyň ýanyna getirdiler. Muny gören şägirtler çagalary getirenlere käýediler. 16 Emma Isa çagalary ýanyna çagyryp: «Çagalary Meniň ýanyma goýberiň, olary saklamaň, sebäbi Hudaýyň Şalygy şular ýalylaryňkydyr. 17 Size dogrusyny aýdýaryn: kim Hudaýyň Şalygyny çaga ýaly kabul etmese, ol ýere asla girip bilmez» diýdi.
Baýlyk we baky ýaşaýyş
(Matta 19:16-30; Mark 10:17-31)
18 Bir ýolbaşçy Isadan: «Eý, ýagşy Mugallym! Men baky ýaşaýşy miras almak üçin näme etmeli?» diýip sorady. 19 Isa oňa: «Näme üçin Maňa ýagşy diýýärsiň? Ýeke-täk Hudaýdan başga hiç kim ýagşy däldir. 20 Sen tabşyryklary bilýänsiň: adam öldürme, zyna etme, ogurlyk etme, ýalan şaýatlyk etme, ata-eneňe hormat goý» diýip jogap berdi. Ol adam: «Men bularyň hemmesini ýaşlygymdan bäri berjaý edip gelýärin» diýdi. 21-22 Isa muny eşidende, oňa: «Seniň ýene bir kemiň bar. Nämäň bar bolsa satyp, garyplara paýla, şonda gökde hazynaň bolar. Onsoň gel-de, Meniň yzyma düş» diýdi. 23 Ol bu sözleri eşidip, gaty tukat boldy, sebäbi çakdanaşa baýdy. 24 Isa onuň tukatlygyny görüp: «Baýlara Hudaýyň Şalygyna girmek nähili agyr! 25 Bir düýäniň iňňäniň gözünden geçmegi baý adamyň Hudaýyň Şalygyna girmeginden aňsatdyr» diýdi. 26 Muny eşidenler: «Onda kim halas bolup biler?» diýip soradylar. 27 Isa: «Ynsan üçin mümkin däl zatlar Hudaý üçin mümkindir» diýdi. 28 Petrus Oňa: «Ine, biz ähli zadymyzy taşlap, Seniň yzyňa düşdük!» diýdi. 29-30 Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynyň hatyrasy üçin öýüni, aýalyny, doganlaryny, ene-atasyny, bala-çagasyny taşlan her kes bu döwürde yzyna ençeme esse artyk edip alar, geljek döwürde bolsa baky ýaşaýşa gowşar» diýdi.
Isa ölüp direljegini ýene aýdýar
(Matta 20:17-19; Mark 10:32-34)
31 Isa Onkileri bir çete çekip, olara: «Indi Iýerusalime barýarys. Pygamberleriň Ynsan Ogly hakda ýazanlarynyň ählisi berjaý bolar! 32 Ol keseki milletleriň eline tabşyrylar. Olar Ony masgaralap kemsiderler, üstüne tüýkürerler, gamçylarlar we öldürerler. 33 Emma üçülenji gün Ol direler» diýdi.
34 Şägirtler bu zatlaryň hiç birine düşünmediler. Bu sözleriň manysy olardan gizlenilgidi. Olar Onuň näme hakda gürrüň edýänini bilmediler.
Bir körüň gözi açylýar
(Matta 20:29-34; Mark 10:46-52)
35 Isa Ýeriho golaýlanda, ýoluň gyrasynda bir kör adam dilegçilik edip otyrdy. 36 Ol ýanyndan mähelläniň geçip barýandygyny eşidip, munuň nämedigini sorady. 37 Oňa: «Nasyraly Isa geçip barýar» diýip habar berdiler. 38 Şonda ol: «Eý, Dawut Ogly Isa! Maňa rehim et!» diýip gygyrdy. 39 Sesiň çykmasyn diýip, öňden barýan köp adamlar oňa käýediler, emma ol: «Eý, Dawut Ogly! Maňa rehim et!» diýip, öňküden hem gaty gygyrdy. 40 Isa aýak çekip, ol adamy getirmeklerini buýurdy. Ýanyna gelende, Isa ondan: 41 «Seniň üçin näme etmegimi isleýärsiň?» diýip sorady. Ol: «Agam, gözlerim açylsyn!» diýdi. 42 Isa oňa: «Goý, gözleriň açylsyn! Imanyň saňa şypa berdi» diýdi. 43 Şobada bu adamyň gözleri açyldy we ol hem Hudaýy şöhratlandyryp, Isanyň yzyna düşüp gidiberdi. Muny gören ähli halk Hudaýy alkyşlady.