9-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Mut labende. Dawudyň mezmury.
Alef
2 Men bütin ýüregim bilen Rebbe şükür ederin;
Seniň ähli gudratly işleriňi aýdyp bererin.
3 Sende begenerin, joşa gelerin,
adyňy taryplap, nagma aýdaryn,
ýa Beýik Hudaý!
Bet
4 Meniň duşmanlarym yzlaryna dönende,
büdräp, ýok bolýarlar Seniň öňüňde.
5 Çünki Sen adalatly alyp bardyň dawamy,
Sen tagtda oturyp, çykardyň dogry karary.
Gimel
6 Milletleri ýazgardyň, heläk etdiň erbetleri,
ebedilik we baky öçürdiň olaryň atlaryny.
7 Müdimilik weýrançylykda ýok boldy duşman,
şäherlerini ýok etdiň düýp-teýkaryndan,
olary ýatlamadan galmady nyşan.
(Dalet (He
8 Ýöne Reb baky höküm sürýändir;
Ol adalatly höküm çykarmak üçin,
Öz tagtyny berkarar etdi.
9 Ol dogrulyk bilen dünýä kazylyk edýär,
halklara ýüz görmezden höküm çykarýar.
Waw
10 Reb berkitme bolar ezilýänlere,
berkitme bolar muşakgatlyk wagtynda.
11 Adyňy bilýänler Saňa bil baglar,
çünki, ýa Reb, Sen Özüňi agtarýanlary
terk eden dälsiň.
Zaýin
12 Sionda mesgen tutan Rebbe nagmalar aýdyň,
halklaryň arasynda eden işlerini jar ediň.
13 Çünki Ol dökülen ganlaryň hununy alýar,
olary Öz hakydasynda saklaýar;
ejir çekýänleriň perýadyny Ol unutmaýar.
Ḥet
14-15 Ýa Reb, maňa merhemet eýle,
gör meni ýigrenýänlerden çekýän derdimi;
Saňa ähli alkyşlarymy jar ederim ýaly,
Sensiň ölüm derwezelerinden meni halas eýleýän.
Sion gyzynyň* derwezelerinde
Seniň halas edişiňe men şatlanaýyn.
Ṭet
16 Milletler gazan çukuryna özleri gaçdy,
gizläp guran toruna öz aýaklary çolaşdy.
17 Çykaran höküminde Reb Özüni tanatdy –
erbetleriň sapalagyna özlerini düşürdi. Higaýon. Sela
Ýod
18 Ölüler dünýäsine düşer erbetler
we Hudaýy unudan ähli milletler.
Kaf
19 Çünki mätäç hemişelik unudyljak däl,
garybyň umydy hem baky ýitjek däl.
20 Galk Sen, ýa Reb, ynsan üstün çykmasyn,
milletlere höküm çykarylsyn Seniň öňüňde.
21 Ýa Reb, gorka gapla milletleriň kalbyny,
bilsin olar, özleriniň diňe ynsandyklaryny. Sela
Lamed
22 Ýa Reb, näme üçin uzakda durýaň?
Näme üçin muşakgatlyk wagty gizlenýäň?
23 Erbetler öz tekepbirliginde yzarlaýar garyby;
goý, guran hilelerine düşsün olaryň özi.
Nun
24 Çünki erbetler göwün höweslerine magtanýar,
açgözi alkyşlap, Saňa biparh garaýar.
25 Tekepbirliklerinde Seni agtarmaz olar,
pikirleriniň barynda «Hudaý ýok» diýýär.
26 Elmydama üstünlikli bolýar olaryň ýoly,
(Mem)
göz ýetirerlerinden Seniň hökümleriň ýokary.
Olar ähli duşmanlarynyň üstünden gülýär.
27 Ýüreginde diýýärler: «Bizi hiç zat sarsdyrmaz,
nesillerden-nesle ýüzümiz ýamanlyk görmez».
Pe
28 Olaryň agzy gargyşdan, aldawdan, zulumdan doly,
dilleriniň astynda zyýan, etmiş bar.
Ğaýin
29 Obalaryň ýanynda bukuda olar oturýar,
bigünäni gizlin ýerde öldürýär;
göz astyna alyp, ejizi olar aňtaýar;
30 şiriň sürende bukulyşy kimin gizlenýär,
garyby garbamaga buky ýerde garaşýar;
duzak gurup, garyby torlaryna düşürýär.
31 Olar egilýär we ýapyrylýar,
ejiz-de olaryň goluna düşýär.
32 Olar ýüreginde şeýle oýlaýar:
«Hudaý edenlerimizi unutdy, ýüzüni sowdy,
Ol asla görmeýär muny».
Ķof
33 Galk Sen, ýa Reb! Eý, Hudaý, galdyr eliňi,
ýadyňdan çykarma Sen ejizleri.
34 Näme üçin erbetler Hudaýy ret edýär?
ýüreginde: «Sen hasap soramarsyň» diýýär?
Reş
35 Emma salýarsyň-a Sen nazary!
Öz eliň bilen jezalaryny bereriň ýaly,
dogrudan hem görýäň azap bilen külpeti.
Saňa tabşyrýandyr ejiz özüni;
ýetimiň hossary Sensiň.
Şinׁ
36 Erbet bilen betkäriň döw Sen goluny,
erbetlikleri soňlanýança, jezalandyr olary.
37 Reb ebedi hem-de baky Patyşa,
Onuň ýurdundan ýiter milletler.
Taw
38-39 Ýa Reb! Pespälleriň islegini eşidersiň,
olaryň ýüreklerine kuwwat berersiň,
ýetim bilen ejiziň hakyny almaklyk üçin
gulak goýarsyň;
asly toprakdan bolan ynsandan
mundan beýläk hiç kim, goý, eýmenmesin.