8‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Gititde. Dawudyň mezmury.
2 Ýa Hökmürowan Rebbimiz!
Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!
Ýaýdyň şöhratyňy gökler üstünde.
3 Sen Öz ýagylaryň sebäpli,
duşmandyr öç alýany dymdyrmak üçin,
çagalaryň, bäbekleriň alkyşlaryndan
gala ýaratdyň.
4 Seniň gökleriňe – barmaklaryň işine,
Seniň goýan Aýdyr ýyldyzlaryňa
nazar aýlanymda, şeýle diýýärin:
5 «Adam näme Sen ony ýatlaryň ýaly?
Ynsan ogly näme aladasyny ederiň ýaly?
6 Ony perişdelerden biraz pesräk ýaratdyň,
oňa şöhrat bilen hormat jygasyny geýdirdiň.
7 Ony Öz elleriňiň işlerine hökümdar goýduň;
ähli zady aýagynyň astynda goýduň:
8 goýunlardyr öküzleriň baryny,
şeýle-de çöl haýwanlaryny,
9 gök guşlaryny, deňiz balyklaryny,
deňiz içre ýüzýän bar jandarlary».
10 Ýa Hökmürowan Rebbimiz!
Adyň neneň belent tutuş ýeriň ýüzünde!