10-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
Men Rebbi pena edinýärin.
«Guş kimin öz dagyňa gaç – diýip,
maňa neneň aýdyp bilýäňiz? –
2 Ine, gör, erbetler ýaýyny gurýar,
peýkamyny ýaýyň kirşine goýýar,
dogry ýüreklileri garaňkyda nyşana alýar.
3 Eger binýatlar edilse weýran,
näme edip biler ol dogry ynsan?»
4 Reb Öz mukaddes
ybadathanasyndadyr;
Onuň tagty göklerdedir.
Onuň gözleri synlaýar,
nazary adamzady barlaýar.
5 Reb synaýar dogry ynsany,
emma Onuň kalby ýigrenýär
erbetleri we zorluk söýýän adamy.
6 Ol erbetleriň üstüne ýagdyrar
köreýän közleri hem-de kükürdi;
ýandyryjy ýel bolar nesibeleri.
7 Çünki Reb dogrudyr; söýýär Ol dogry işleri;
dogry ynsan görer Onuň ýüzüni.