6-njy bap
Nasyrada Isa hormat goýulmaýar
(Matta 13:53-58; Luka 4:16-30)
1 Isa ol ýeri taşlap, Öz dogduk mekanyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşüp gitdiler. 2 Sabat güni Isa sinagogada halka öwretmäge başlady. Onuň aýdýan zatlaryny eşiden köp adamlar haýran galyp: «Bu Adam munça zady nireden öwrendikä? Oňa beýle danalygy kim berdikä? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka? 3 Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose*, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular. 4 Onsoň Isa olara: «Pygamberiň diňe öz dogduk ýurdunda, garyndaşlarynyň arasynda we öýünde gadyry ýokdur» diýdi. 5 Ol birnäçe hassanyň başyna elini goýup sagaltmakdan başga ol ýerde hiç bir mugjyza görkezip bilmedi. 6 Isa olaryň imansyzdygyna geň galdy.
Isa şägirtlerini halkyň arasyna iberýär
(Matta 10:5-15; Luka 9:1-6)
Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp wagyz etdi. 7 Isa on iki şägirdini ýanyna çagyryp, olary iki-ikiden ýollamaga başlady we olara arwah-jynlaryň üstünden ygtyýar berdi. 8 Olara şeýle buýruk berdi: «Ýol üçin ýanyňyza hasadan başga hiç zat almaň. Ne çörek, ne torba, ne-de guşagyňyzda pul – hiç zat bolmasyn. 9 Aýagyňyza çaryk geýiň, egniňize artykmaç eşik almaň». 10 Isa ýene olara: «Haýsy öýe barsaňyz, gaýdýançaňyz şol öýde boluň. 11 Eger adamlar sizi kabul etmeseler, diňlemeseler, ol ýerden çykyp barýarkaňyz, olara garşy şaýatlyk hökmünde aýaklaryňyzyň tozuny kakyň» diýdi. 12 Şunluk bilen, olar ýola düşdüler we ähli adamlary toba çagyryp, wagyz etmäge başladylar. 13 Olar köp arwah-jynlary kowup çykardylar, ençeme hassalara ýag guýup, olara şypa berdiler.
Ýahýa çümdürijiniň ölümi
(Matta 14:1-12; Luka 9:7-9)
14 Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler*. 15 Beýlekiler bolsa: «Bu – Ylýas», käbirleri-de: «Bu öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler. 16 Hirod bulary eşidip: «Meniň başyny çapdyran Ýahýam direlipdir!» diýdi. 17-18 Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa bolsa Hiroda: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýipdi. Şonuň üçin Hirod adam iberip, Ýahýany tutdurypdy, onuň el-aýagyny gandallap, zyndana saldyrypdy. 19 Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi. 20 Sebäbi Hirod Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder etdi we ony gorady. Ony diňledigiçe, howsala düşýärdi*, emma şonda-da höwes bilen diňlärdi.
21 Bir güni amatly pursat gabat geldi. Hirod öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň tanymal adamlaryny çagyryp, toý tutdy. 22 Hirodiýanyň gyzy içeri girip, tans edip, Hirodyň we onuň myhmanlarynyň göwnüni çaglady. Patyşa gyza: «Islän zadyňy dile, saňa bereýin» diýdi. 23 Onsoň ant içip, patyşa ýene-de: «Menden näme dilegiň bolsa aýt, şalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýdi. 24 Gyz hem daşary çykyp ejesinden: «Näme diläýin?» diýip sorady. Ol hem: «Ýahýa çümdürijiniň başyny» diýip jogap berdi. 25 Gyz dessine patyşanyň ýanyna ylgap geldi-de: «Häziriň özünde Ýahýa çümdürijiniň başyny bir tabakda goýup, maňa bermegiňi isleýärin» diýdi. 26 Patyşa gaty tukatlandy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, gyzyň dilegini bitirmän, yzyna gaýtarmak islemedi. 27 Dessine bir jellady ýollap, Ýahýanyň başyny getirmegi buýurdy. Jellat baryp, zyndanda Ýahýanyň başyny çapdy. 28 Çapylan başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine eltip berdi. 29 Ýahýanyň şägirtleri muny eşidip, onuň jesedini äkitdiler we ony bir mazarda jaýladylar.
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Matta 14:13-21; Luka 9:10-17; Ýohanna 6:1-14)
30 Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, ähli eden işleri, halka öwreden zatlary barada Oňa habar berdiler. 31 Isa olara: «Geliň, ýeke özümiz bir çola ýere gidip, biraz dem-dynç alalyň» diýdi. Gelip-gidýänleriň köplüginden ýaňa, olaryň nahar edinmäge-de elleri degmeýärdi. 32 Onsoň olar gaýyga münüp, ýeke özleri bir çola ýere gitdiler. 33 Gidip barýarkalar, halaýyk olary görüp tanady. Şonda ähli şäherlerden adamlar pyýada ýola düşdüler we haýdaşyp, ol ýere olardan öň bardylar. 34 Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady. 35 Wagt gijigenden soň, şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi. 36 Halky goýber, töwerekdäki obalara gidip, özlerine iýmäge zat satyn alsynlar» diýdiler. 37 Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar: «Eýsem biz iki ýüz kümüş teňňäni çörege sarp edip, olara iýdirelimi?» diýdiler. 38 Isa olardan: «Baryň, görüň, näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Görenlerinden soň olar: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler. 39 Şonda olara hemme adamlary topar-topar edip, otuň üstünde oturtmagy buýurdy. 40 Şeýlelikde, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar. 41 Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady. 42 Hemmeler iýip doýdular. 43 Şägirtler artan çörek böleklerini, balyklaryň ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 44 Çörekleri iýen erkekleriň sany bäş müň adamdy.
Isa suwuň ýüzünden ýöreýär
(Matta 14:22-33; Ýohanna 6:15-21)
45 Isa halky öýlerine ugradyp durka, şägirtlerine gaýyga münüp, Özünden öň beýleki kenardaky Betsaýda geçmeklerini buýurdy. 46 Isa olar bilen hoşlaşandan soň, Hudaýa doga etmek üçin daga çykdy.
47 Agşam düşende, gaýyk kölüň ortasyndady, Isanyň bolsa ýeke Özi kenardady. 48 Isa olaryň gaýygy kynlyk bilen kürekläp barýandyklaryny gördi, sebäbi ýel olaryň garşysyndan öwüsýärdi. Daňdana golaý Isa kölde suwuň ýüzünden ýöräp, olara tarap geldi we ýanlaryndan geçip gitjek boldy. 49 Emma olar Onuň suwuň ýüzünden ýöräp gelýänini görenlerinde, gözlerine arwah görünýändir öýdüp gygyryşdylar. 50 Hemmeler Ony görüp gorkdular. Emma Isa dessine olara söz gatyp: «Bu – Men, gorkmaň! Dogumly boluň!» diýdi. 51 Onsoň olaryň ýanyna gaýyga mündi, ýel hem ýatdy. Olar has beter geňirgenişip haýran galdylar. 52 Olar henizem çörekli mugjyza düşünmändiler, bu olaryň aňyna baryp ýetenokdy.
Isa Ginnesaretde hassalara şypa berýär
(Matta 14:34-36)
53 Olar kölüň beýleki tarapyna geçip, Ginnesarete gelip ýetdiler we ol ýerde gaýygy bagladylar. 54 Gaýykdan düşen batlaryna halk Isany tanady. 55 Adamlar ylgaşyp, şol töwerekdäki ýerlere boýdan-başa aýlandylar we hassalaryny düşekleri bilen Isanyň ýanyna getirdiler. Olar her sapar Isanyň nirededigini eşitseler, hassalaryny şol ýere getirip başladylar. 56 Isa nirä barsa, oba bolsun, şäher bolsun ýa-da şäherçe, adamlar hassalary meýdanlarda ýatyryp, diňe donunyň syýyna ellerini degirmäge rugsat etsin diýip, Oňa ýalbarýardylar. Oňa el degrenleriň hemmesi-de şypa tapýardy.