5‑nji bap
Isa arwah-jyn eýelän adamy sagaldýar
(Matta 8:28-34; Luka 8:26-39)
1 Isa bilen şägirtleri kölüň beýleki kenaryndaky gerasalylaryň* ýurduna geldiler. 2 Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa gonamçylykdan çykyp gelýän bir adam duşdy. Bu adamy arwah-jyn eýeläpdi. 3 Ol mazarlaryň arasynda ýaşaýardy. Ony hiç kim hatda zynjyrlap hem saklap bilmeýärdi. 4 Onuň el-aýaklaryny ençeme gezek zynjyrlasalar-da, gandallasalar-da, ol zynjyrlary gyryp, gandallary bölek-bölek edýärdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi. 5 Ol gije-gündiz gonamçylykda, daglarda üznüksiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralar ýörerdi.
6 Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Onuň öňünde dyzyna çöküp, tagzym etdi. 7 Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi. 8 Sebäbi Isa oňa: «Eý, arwah-jyn, bu adamdan çyk» diýipdi. 9 Onsoň Isa arwah-jyndan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun*, çünki biz köplükdiris» diýip jogap berdi. 10 Özlerini bu mesgenden kowup goýbermezligi üçin, olar Isa köp ýalbardylar. 11 Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. 12 Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Bizi şol doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýdiler. 13 Isa olara rugsat berdi. Arwah-jynlar çykyp, doňuzlara girdiler. Şonda iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 14 Doňuz çopanlary bolsa gaçyp gidip, şäherlerdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk näme bolanyny görmäge geldi. 15 Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir goşun arwah-jyn eýelän adamyň indi egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. 16 Wakany görenler arwah-jyn eýelän adama we doňuzlara näme bolandygy hakynda halka gürrüň berdiler. 17 Onsoň halk özleriniň ýurdundan gitmegi üçin, Isa ýalbarmaga başlady. 18 Isa gaýyga münende, arwah-jyndan halas bolan adam Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy. 19 Emma Isa muňa rugsat bermedi. Oňa: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň seniň üçin nämeler edendigini, saňa nähili rehim-şepagat görkezendigini olara gürrüň ber» diýdi. 20 Ol hem gidip, Isanyň özüne eden ýagşylygynyň baryny Dekapolisde* jar etmäge başlady. Hemmeler muňa haýran galdy.
Direlen gyz, sagalan aýal
(Matta 9:18-26; Luka 8:40-56)
21 Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, daşyna uly mähelle üýşdi. Isa kölüň kenaryndady. 22 Sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy. 23 Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi. 24 Isa bu adam bilen gitdi. Yzyna düşüp gelýän uly mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy. 25 Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal hem bardy. 26 Ol köp ejir çekip, ençeme lukmanlara görnüp, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç haýyr tapman, gaýtam, ýagdaýy has beterleşipdi. 27 Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, mähelläniň içi bilen Onuň arka tarapyndan geldi we donuna elini degirdi. 28 Çünki ol içinden: «Diňe donuny ellesem-de, sagalaryn» diýip oýlanýardy. 29 Şol wagtyň özünde onuň gan akmasy kesildi. Aýal derdinden saplanandygyny bedeninde duýdy. 30 Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny şobada duýup, köpçülige tarap öwrülip: «Donuma kim elini degirdi?» diýip sorady. 31 Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän mähelläni görýärsiň-ä! Onsoň nädip: „Maňa kim elini degirdi?“ diýip soraýarsyň?» diýdiler. 32 Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi. 33 Özüne näme bolandygyny bilenden soň, ýaňky aýal gorkup, titräp geldi. Isanyň aýagyna ýykylyp, Oňa ähli hakykaty aýdyp berdi. 34 Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi. 35 Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň öldi. Näme üçin Mugallymy artykmaç biynjalyk edýärsiň?» diýdi. 36 Isa muny eşiden badyna, sinagoga baştutanyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi.
37 Isa Petrusdan, Ýakupdan we onuň dogany Ýohannadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi. 38 Sinagoga baştutanynyň öýüne gelenlerinde, Isa başagaýlygy, aglaşyp, dady-perýat edip oturanlary gördi. 39 Içeri girip, olara: «Näme üçin dady-perýat edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi. 40 Olar bolsa Onuň üstünden güldüler. Emma Isa hemmäni daşarda goýup, diňe çaganyň ene-atasyny we Özi bilen gelenleri alyp, onuň ýatan otagyna bardy. 41 Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kum!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa diýýärin: Tur!» diýmekdir. 42 Gyz dessine ýerinden galyp ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Muny görenleriň ählisi gaty geň galdy. 43 Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar bermeklerini buýurdy.