4‑nji bap
Ekin tymsaly
(Matta 13:1-23; Luka 8:4-15)
1 Isa kölüň ýakasynda halka ýene öwretmäge başlady. Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi zerarly köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy. 2 Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi. Olara şu tymsaly gürrüň berdi: 3 «Gulak asyň! Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. 4 Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 5 Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär. 6 Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly, olar solup, guraýarlar. 7 Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Şeýlelikde, olar hasyl bermeýärler. 8 Birnäçesi-de gowy ýere düşýär. Olar ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär». 9 Isa onsoň olara: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýdi.
10 Isa on iki şägirdi we başga käbir adamlar bilen ýeke galanda, olar Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar. 11 Isa olara şeýle düşündirdi: «Hudaýyň Şalygynyň syry size berildi. Daşardakylara bolsa hemme zat tymsallar arkaly aýdylýar. 12 Şeýdip „olar seredip dursalar-da, hiç aňlamaýarlar, eşidip dursalar-da, hiç düşünmeýärler; ýogsam Maňa tarap öwrülip bagyşlanardylar“».
13 Isa olara şeýle diýdi: «Siz bu tymsala düşünmeýärsiňizmi? Onda başga tymsallara nähili düşünjeksiňiz? 14 Daýhanyň ekýäni Hudaýyň sözüdir. 15 Käbir adamlar ýoluň üstüne düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, emma ýüreklerine ekilen bu sözi şobada şeýtan alyp gidýär. 16 Beýleki adamlar daşly ýere düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýärler. 17 Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, olar derrew imandan ýüz döndererler. 18 Başga birleri tikenleriň arasyna düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, 19 emma dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi we başga meýiller ara girip, sözi bogýar, şonuň üçin söz hasyl bermeýär. 20 Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony kabul edýärler we käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär».
Çyra tymsaly
(Luka 8:16-18)
21 «Çyrany haýsydyr bir gabyň ýa-da çarpaýanyň aşagynda gizlemek üçin getirýärlermi? Eýsem, ony çyradanyň üstünde goýmak üçin getirmeýärlermi näme? 22 Üsti açylmajak gizlin zat, mese-mälim bolmajak ýaşyryn zat ýokdur. 23 Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýdi. 24 Isa ýene-de olara: «Eşidýänleriňize üns beriň. Haýsy ölçeg bilen ölçeseňiz, size-de şol ölçeg bilen ölçeler. Hatda size has-da köp berler. 25 Kimde bar bolsa, oňa berler, kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar» diýdi.
Biten tohum tymsaly
26 Onsoň Isa şeýle diýdi: «Hudaýyň Şalygy ýere tohum sepýän adam ýalydyr. 27 Ol gije ýatýar, irden turýar, emma tohumyň nädip gögerişini, ösüşini bilmeýär. 28 Toprak öz-özünden hasyl berýär. Öňürti baldagy, soňra başy hem başdaky doly däneleri ýetişýär. 29 Hasyl bişende, ýaňky adam dessine oragy işe girizýär. Çünki orak wagty gelendir».
Gorçisa tohum tymsaly
(Matta 13:31,32,34; Luka 13:18,19)
30 Isa olara ýene-de: «Hudaýyň Şalygyny nämä meňzedeli? Ony haýsy tymsal bilen düşündireli? 31-32 Hudaýyň Şalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Bu tohum ýer ýüzünde ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolup, ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Ol şeýle uly şahalar çykarýar welin, guşlar kölegesinde höwürtgeläp bilýärler» diýdi. 33 Isa halka düşünip biljek derejesinde şunuň ýaly köp tymsallar arkaly gürrüň berýärdi. 34 Olara tymsalsyz hiç zat aýtmaýardy, ýöne ýeke galanlarynda, Öz şägirtlerine ähli zady düşündirýärdi.
Isa tupany ýatyrýar
(Matta 8:23-27; Luka 8:22-25)
35 Şol gün agşamara Isa şägirtlerine: «Kölüň beýleki tarapyna geçeliň» diýdi. 36 Şägirtler mähelläni şol ýerde galdyryp, Isany oturan gaýygynda özleri bilen alyp gitdiler. Olaryň ýanynda başga gaýyklar hem bardy. 37 Şol wagt güýçli tupan turup, tolkunlar gaýyga urlup başlady-da, gaýyk suwdan dolup ugrady. 38 Isa bolsa gaýygyň yzky tarapynda bir ýassygy ýassanyp, uklap ýatyrdy. Şägirtler Ony oýaryp: «Mugallym, biz heläk bolýas! Bu Seniň perwaýyňa-da dälmi?» diýdiler. 39 Isa turup, ýele käýedi, Ol köle: «Sem bol! Bes et!» diýdi. Şonda ýel ýatdy we doly asudalyk boldy. 40 Isa şägirtlerine: «Näme üçin gorkýarsyňyz? Eýsem heniz-de iman edeňzokmy? Eýsem imanyňyz şeýle gowşakmy?» diýdi. 41 Olar gaty gorkuşyp, biri-birlerine: «Bu kimkä? Onuň sözüne hatda ýelem, kölem gulak asýar!» diýişdiler.