9-njy bap
Hudaýyň saýlap-seçen halky
1-2 Meniň uly gaýgym, ýüregimde dyngysyz agyrym bar. Munuň hakykatdygyna, ýalan sözlemeýändigime Isa Mesihiň adyndan güwä geçýärin. Sözlerime Mukaddes Ruh arkaly ynsabym-da şaýatdyr. 3-4 Hawa, men ganybir doganlarym bolan ysraýyl halkynyň Isa Mesihden aýra düşeninden, özümiň gargyşa galyp, olaryň hatyrasyna Mesihden aýra düşmäge-de kaýyldyryn. Hudaý olary ogullyga aldy, olara Öz şan-şöhratyny aýan edip, olar bilen äht baglaşdy. Ol Kanuny we ybadathanadaky hyzmaty olara ynandy, wadalaryny hem olara berdi. 5 Olar beýik ata-babalarymyzyň neslidir. Isa Mesih hem ynsan tebigaty boýunça olardan gelip çykandyr. Bütin barlygyň Hökümdary bolan Hudaýa baky şöhrat bolsun! Omyn!
6 Men Hudaý Öz wadasynda tapylmady diýemok. Sebäbi asly ysraýyl bolanlaryň bary hakyky ysraýyl däldir. 7 ‡Ybraýymyň neslinden bolanlaryň-da bary onuň hakyky perzendi däldir. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip ýazylgydyr. 8 Diýmek, Ybraýymyň neslinden bolanlaryň baryna Hudaýyň perzendi diýip bolmaz. Diňe wada görä doglanlar Ybraýymyň hakyky nesli hasaplanýandyr. 9 ‡Çünki: «Bellenen wagtda dolanyp gelenimde, Saranyň bir ogly bolar» diýlip wada berlipdi. 10 Mundan başga-da, Rebekanyň ekizleri Ysaw bilen Ýakuby ýatlaly. Olaryň ikisi-de bir atadan, ýagny atamyz Yshakdan doglupdy. 11-12 ‡Ýöne ekizler heniz dogulmanka, heniz ýamanlyk ýa ýagşylyk etmänkä, Hudaý Rebeka «Ulusy kiçisine gul bolar» diýip aýdypdy. Bu sözler saýlanyp-seçilmäniň ynsan işlerine däl-de, diňe Çagyrana baglydygyny mälim etmek üçin aýdylypdy. 13 ‡Hawa, Mukaddes Ýazgylarda: «Men Ýakuby saýladym, emma Ysawy ret etdim» diýip ýazylgydyr. 14 Muňa näme diýeli? Eýsem Hudaý adalatsyzmydyr? Elbetde, ýok! 15 ‡Sebäbi Ol Musa: «Men islän adamyma merhemet, islän adamyma hem rehim-şepagat ederin» diýip aýdypdy. 16 Şonuň üçin-de, saýlanyp-seçilme adamyň islegine ýa-da tagallasyna däl-de, Hudaýyň merhemetine baglydyr. 17 ‡Hudaý Mukaddes Ýazgylarda Müsüriň faraonyna: «Men Öz güýjümi sende görkezip, adymy tutuş dünýä jar etmek maksady bilen seni patyşa etdim» diýip aýdypdy. 18 Şeýlelikde, Hudaý islänine rehim-şepagat edýär, isläniniň ýüregini gataldýar.
19 Onda menden: «Eger şeýle bolsa, onda näme üçin Hudaý adamlary ýazgarýar? Onuň islegine garşy çykyp biljek barmy?» diýip soramagyň mümkin. 20 ‡Heý, adam, Hudaýa gep gaýtarar ýaly, sen kimmişiň? Heý-de ýasalan zat özüni ýasandan: «Näme üçin meni beýle ýasadyň?» diýip sorap bilermi? 21 Eýsem küýzegäriň şol bir toýundan islän gabyny: birini toý-baýramlar üçin, beýlekisini gündelik işler üçin ýasamaga haky ýokmy näme? 22 Hudaý Öz gudratyny görkezmek üçin, heläkçilige doglan adamlaryň üstüne gazabyny döküp bilýär. Ýöne Ol Özüni gazaplandyrýan adamlara uly sabyr-takatlyk edýändir! 23 Hudaý Özüniň öňden şöhrat üçin taýýarlap, merhemet edenlerine Öz şöhratynyň baýlygyny bildirmek üçin şeýle sabyr-takatly bolýandyr. 24 Hudaýyň şeýle merhemet edenleriniň we çagyranlarynyň arasynda diňe ýahudylar däl, eýsem başga milletler hem bardyr. Hawa, bularyň arasynda biz hem bardyrys. 25 ‡Hudaý Hoşeýa pygamber arkaly şeýle diýýär:
«Meniň halkym bolmadyga „Halkym“ diýerin,
söýgüli bolmadyga „Söýgülim“ diýerin.
26 ‡Olara: „Siz Meniň halkym dälsiňiz“ diýlen ýerde,
„Siz diri Hudaýyň ogullarysyňyz“ diýler».
27 ‡Işaýa pygamber hem Ysraýyl barada şuny jar etdi: «Ysraýyl halky deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, diňe birnäçesi halas bolarlar. 28 Çünki Reb Öz çykaran hökümini tutuş ýer ýüzünde tizara we gutarnykly amala aşyrar».* 29 ‡Işaýa hem öňden şulary aýdypdy:
«Eger Hökmürowan Reb
zürýatlarymyzy aman galdyrmadyk bolsady,
Sodom ýaly bolardyk,
Gomora meňzärdik».
Ysraýylyň imansyzlygy
30 Bu näme diýildigi? Hudaýyň huzurynda aklanmaga ymtylmadyk milletler iman edip, aklandylar. 31 Ysraýyl halky bolsa Musanyň Kanunyny berjaý etmek arkaly aklanmakçy boldy, ýöne muny başarmady. 32 Näme üçin? Sebäbi olaryň ymtylyşlary imana däl-de, Kanuna daýandy. Olar «Büdreme daşyna» büdrediler. 33 ‡Hudaý Mukaddes Ýazgylarda olara bu daş barada aýdypdy: «Ine, Men Sionda büdreme Daşyny, ýykýan Gaýa goýýaryn; Oňa bil baglan utandyrylmaz».