G
8
Gala derwezeleri – galalaryň we şäherleriň töweregi gorag üçin diwarlar bilen örtülipdir. Derwezeleriň öňündäki açyk meýdan adamlara duşuşmak üçin amatly ýer bolupdyr, şeýle hem bu ýer höküm yglan edilýän, jemgyýetçilik ýygnaklary geçirilýän we söwda-satyk edilýän ýer bolupdyr.Galla baýramy – ýewreýleriň senenamasy boýunça üçünji aýyň, ýagny Siwan aýynyň altysyna bellenipdir. Bu tomusda, Pesah baýramyndan soňra ýedi hepde geçensoň bellenipdir. Şol ýedi hepdäniň dowamynda hasyl ýygnalypdyr, arpadan başlap, bugdaýa çenli ýygnalypdyr. Şol gün ysraýyl halky Hudaýyň hasyla beren berekedi üçin toý edip, her dürli sadakalar getiripdir. Isanyň döwründe bu baýram Ellinji gün baýramy hökmünde meşhur bolupdyr.
Seret: Ellinji gün baýramy; Pesah baýramy.
Galla sadakasy – bu sadaka köplenç hasyl üçin minnetdarlyk bildirilip, Hudaýa we ruhanylara sowgat hökmünde berlipdir. Bu sadaka çig ýa-da bişen galla bolupdyr, ýa-da olar gallany üwäp, uny ýag we ýakymly ysly zatlar bilen garyp, ondan bir zatlar bişirip getiripdirler.
Gan – Töwratda gan gaty möhüm zat hasaplanýar. Gan diňe Hudaýa degişli bolan durmuş gaby hasaplanyldy, şonuň üçin kimdir biri öldürilse, şol gan akan toprak haram saýyldy. Haýwan öldürilende, onuň ganyny ýere akdyrypdyrlar. Hiç kime ol gandan içmäge ýa-da nahar taýýarlamaga rugsat edilmändir. Gurbanlyklar hödürlenende, mallaryň gany adamlary we gurbanlyk sypalaryny mukaddes etmek üçin ulanylypdyr.
Girgaşlar – Ysraýyl halky Kengan ýurduny eýelemezden öň, ol ýerde ýaşan halklaryň biri
Seret: Kengan.
Gitit – manysy belli däl. Saz gurallarynyň bir görnüşi bolmagy ähtimal.
Gomora – Öli deňziň demirgazygyndaky Iordan jülgesinde ýerleşýän bir şäher. Halkynyň eden pislikleri sebäpli Gomora Sodom şäheri bilen birlikde Hudaý tarapyndan weýran edildi.
Gögüň Şalygy –
Seret: Hudaýyň Şalygy.
Gök – bu asmandan-da ýokarda bolup, Hudaýyň we Onuň perişdeleriniň ýaşaýan ýerini aňlatmak üçin ulanylypdyr. Täze Ähtde Isanyň gökden gelendigi we ölümden direlenden soň, ýene göge göterilendigi, şeýle hem Höküm güni Onuň ýene geljekdigi aýdylýar. Kim Isa ynanýan bolsa, Onuň bilen bile göge göteriler. Aýanlyk kitabynda täze gögüň we täze ýeriň şekili suratlandyrylýar.
Gçk 1:30; 21:17; Ýeş 5:14; 1Pat 8:27, 30; Zeb 52:3; Mar 11:25; Ýoh 6:41-51; 2Kor 5:1, 2; Fil 3:14, 20; 1Sal 4:16; 2Sal 1:7-8; Aýn 21:1-4.
Görgür –
Seret: Pygamber.
Görnüş – kimdir birine başgalara ýetirmek üçin berilýän habar. Hudaýdan gelen görnüşler Köne Ähtde, esasan hem Pygamberlik kitaplarynda beýan edilýär. «Görnüş» we «aýanlyk» sözleriniň manysy biri-birine örän ýakyn.
Seret: Aýanlyk; Pygamber.
Grekler – Isgender Zülkarneýniň we onuň goşunynyň basyp alan çäklerinde ýaşaýan halklaryň hemmesi diýen ýaly grek medeniýetini we dilini kabul edipdirler. Şonuň üçin-de, Isa Mesihiň döwründe ýaşan ýahudylar arameý dilinde däl-de, grek dilinde gürleşýärdiler. Grek medeniýeti olaryň dünýägaraýşyna we pikirlerine güýçli täsirini ýetirýärdi. Şoňa görä-de, Täze Ähtiň kitaplary grek dilinde ýazylandyr.
Gurbanlyk sypasy –
Seret: Sypa.
Gurbanlyklar – Köne Ähtde beýan edilen esasy gurbanlyklar şulardyr: Ýakma gurbanlygy; Salamatlyk gurbanlygy; Günä gurbanlygy; Ýazyk gurbanlygy. Gurbanlyklar baradaky maglumatlary bu sözlükde olaryň hersiniň adynyň aşagyndan okap bilersiňiz.
Gursakça – bu baş ruhany tarapyndan geýlip, efodyň üstünden baglanypdyr. Gursakçanyň ýüzüne Ysraýylyň on iki tiresiniň her biri üçin on iki sany gymmatbaha daş tikilipdir. Onuň içinde keramatly saýylan iki zat, Urym we Tummym bolupdyr.
Seret: Efot; Urym we Tummym.
Günä gurbanlygy – bir adam ýa-da tutuş halk Rebbiň beren buýruklaryny tötänden bozanda, şu gurbanlyk arkaly ruhany olary günälerinden saplapdyr.
Günäden saplanma güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýedinji aýyň, ýagny Tişri aýynyň (muňa Etanym aýy hem diýlipdir) onuna bellenilipdir. Bu Surnaý baýramyndan soň güýzde bolupdyr. Şol gün adamlar işlemän, dynç alypdyrlar we agyz bekläpdirler. Ruhanylar özlerini we halky eden günälerinden saplamak üçin, şeýle hem Mukaddes çadyry we gurbanlyk sypasyny tämizlemek üçin bellenilen gurbanlyklary hödürläpdirler. Bu ýylyň dowamynda iň möhüm baýram bolupdyr.
Gyrnak aýal – bu gyrnak ýa-da ýesir alnan aýal bolupdyr. Onuň maşgalada derejesi hemişelik eken, belli bir hukugy bolupdyr, emma hojaýynynyň aýaly bilen deňhukukly bolmandyr.
Gyzyl deňiz – Köne Ähtde bu at Gyzyl deňiz diýlip terjime edilýär, ol sözme-söz «Ýam suf» bolup, «Gamyş deňzi» diýmegi aňladýar. Käbir alymlar «Ýam suf» Müsür bilen Ysraýylyň arasynda ýerleşýän bir aýlagy aňladýar diýip pikir edýärler.