5‑nji bap
Gökdäki mesgenimiz
1 Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris. 2 Biz ölmän, şol gökdäki mesgenimize şu wagt beslenmegi küýsäp, ah çekýäris. 3 Ýöne gökdäki mesgenimize beslenmänkäk pany çadyrymyzdan dynmaly bolaýsak-da, asla ýalaňaç bolmajakdygymyza gözümiz ýetýär.* 4 Emma häzirlikçe bu pany çadyrymyzda bolup, hasrat çekýäris, görgi görýäris, sebäbi bu pany çadyrymyzdan dynasymyz gelenok. Tersine, Hudaýyň taýynlan mesgenine beslenip, baky ýaşaýşa ölmänkäk gowuşmagy küýseýäris. 5 Çünki Hudaý bizi baky ýaşaýşa gowuşmagymyz üçin ýaradyp, munuň kepili hökmünde bize Mukaddes Ruhuny berdi. 6 Şonuň üçin-de, bedenimizde ýaşaýan wagtymyzda Rebbiň ýanyndaky mesgenimizden uzakdadygymyzy bilsek-de, arkaýyndyrys. 7 Çünki biz görýän zatlarymyza görä däl-de, imana görä ýaşaýarys. 8 Hawa, bütinleý arkaýyndyrys. Biz Rebbiň ýanynda mesgen tutup bilerimiz ýaly, bedenden aýrylanymyzy gowy görýäris. 9 Emma pany bedende ýaşasak-da, baky mesgene beslensek-de, Hudaýyň göwnünden turmagy maksat edinýäris. 10 Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.
Hudaý bilen ýaraşyň!
11 Biz Hudaýdan gorkmagyň nämedigini bilenimiz üçin, başgalary hem toba etmelidigi barasynda ynandyrjak bolýarys. Biziň nähilidigimiz Hudaýa äşgärdir. Bu siziň ynsabyňyza hem äşgärdir diýen umydym bar. 12 Biz ýene-de öňüňizde öwünmekçi bolamzok. Ýöne päk ýürekleri bilen däl-de, daşky görnüşi bilen öwünýänlere jogap berip, biz babatda öwnüp bilmegiňiz üçin size tutaryk berýäris. 13 Biz akyldan azaşan kimin görnen bolsak, bu Hudaýy şöhratlandyrmak üçindir; eger akylly görnen bolan bolsak, bu siziň üçindir. 14 Eger bir Adam hemmeler üçin ölen bolsa, onda hemmämiz ölendiris. Şeýle pikire gelelimiz bäri Isa Mesihiň söýgüsi bizi hereket etmäge höweslendirýär. 15 Hawa, Isa Mesih hemmeleriň ugrunda öldi. Ol muny ýaşaýanlar indi özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda ölen we direlen Mesih üçin ýaşasynlar diýip etdi. 16 Şonuň üçin-de, biz indi hiç kime ynsan nukdaýnazaryndan garamaýarys. Eger Isa Mesihe hem ozal şu nukdaýnazardan garan bolsak, mundan beýläk garamarys. 17 Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi! 18 Bularyň bary Hudaýdandyr. Ol Isa Mesih arkaly bizi Özi bilen ýaraşdyryp, bize ýaraşdyrma hyzmatyny tabşyrdy. 19 Hawa, Hudaý ynsanlaryň günälerini hasaba alman, Isa Mesih arkaly dünýäni Özi bilen ýaraşdyrdy. Ýaraşdyrma baradaky habaryny bolsa bize tabşyrdy. 20 Şoňa görä-de, biz Isa Mesihiň ilçileridiris. Hudaý biz arkaly ýüzlenýär. Biz size Mesihiň hatyrasyna ýalbarýarys: Hudaý bilen ýaraşyň! 21 Biz Isa Mesih arkaly Hudaýyň dogrulygy bolarymyz ýaly, Ol biziň günälerimizi asla günä etmedik Isa Mesihiň üstüne ýükledi.