11‑nji bap
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Matta 21:1-11; Luka 19:28-40; Ýohanna 12:12-19)
1 Isa bilen şägirtleri Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaj we Beýtaniýa gelenlerinde, Isa iki şägirdini ýollap, olara: 2 «Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran taýhar taparsyňyz, onuň üstüne şu wagta çenli hiç kim münen däldir. Ony çözüň-de, bäri alyp geliň. 3 Eger biri sizden: „Näme üçin ony çözýärsiňiz?“ diýip sorasa, oňa: „Bu taýhar Rebbe gerek, ony basym yzyna iberer“ diýip aýdyň» diýdi. 4 Şägirtler gitdiler we köçede bir gapynyň agzynda daňylgy duran taýhary tapyp, ony çözdüler. 5 Ol ýerde duran birnäçe kişi olara: «Näme üçin taýhary çözýärsiňiz?» diýip soradylar. 6 Olar-da Isanyň aýdanyny aýtdylar. Onsoň ýaňky adamlar olary goýberdiler. 7 Taýhary Isanyň ýanyna getirip, donlaryny onuň üstüne atdylar, Isa-da taýhara mündi. 8 Köp adamlar donlaryny, käbirleri-de agaçlardan şaha kesip, ýola düşediler. 9 ‡Öňden barýanlar we yzdan gelýänler: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! 10 Atamyz Dawudyň golaýlan patyşalygy gutly bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardylar.
11 Isa Iýerusalime baryp, ybadathana girdi. Daş-töweregindäki ähli zatlary gözden geçirdi. Soňra gün gijigip barýandygy üçin, on iki şägirdi bilen bilelikde Beýtaniýa gitdi.
Injir agajyna gargyş
(Matta 21:18,19)
12 Ertesi gün Beýtaniýadan çykanlarynda, Isa ajykdy. 13 Uzagrakda gür ýaprakly bir injir agajyna gözi düşende, ondan injir tapmazmykam diýip, agaja tarap ýöredi. Onuň ýanyna gelende, ondan ýaprakdan başga hiç zat tapmady, sebäbi injir möwsümi däldi. 14 Isa agaja: «Goý, mundan beýläk senden hiç kim miwe iýmesin!» diýdi. Şägirtleri hem muny eşitdiler.
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Matta 21:12-17; Luka 19:45-48; Ýohanna 2:13-22)
15 Soňra olar Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowmaga başlady. Pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi. 16 Hiç kime ybadathananyň howlusyndan goş gatnatmaga rugsat etmedi. 17 ‡Isa olara öwretmek bilen: «„Meniň öýüm ähli milletler üçin ybadat öýi diýlip atlandyrylar“ diýip ýazylgy dälmi näme? Emma siz muny garakçylaryň sürenine öwrüpsiňiz» diýdi. 18 Muny eşiden ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Isany öldürmegiň küýüne düşdüler. Olar Isadan gorkýardylar, sebäbi tutuş halk Isanyň taglymatyna haýran galýardy. 19 Agşam düşende, Isa bilen şägirtleri şäherden çykyp gitdiler.
Injir agajyndan alynmaly sapak
(Matta 21:20-22)
20 Ir säher bilen geçip barýarkalar, olar şol injir agajynyň köki bilen gurandygyny gördüler. 21 Petrus bolup geçen wakany ýatlap: «Mugallym, seret! Seniň gargan injir agajyň gurapdyr» diýdi. 22 Isa olara şeýle jogap berdi: «Hudaýa iman ediň. 23 Size dogrusyny aýdýaryn, kim ýüreginde şübhä ýol bermän, diýýäniniň boljakdygyna iman edip, şu daga: „Göteril-de, deňze zyňyl“ diýse-de, onuň diýeni bolar. 24 Şonuň üçin size diýýärin: doga-dileg edip, Hudaýdan soran her bir zadyňyzy eýýäm alandygyňyza ynanyň, ol size berler. 25 Hudaýa doga okamaga duran mahalyňyz birinden öýke-kinäňiz bar bolsa, ony bagyşlaň, şonda gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar».*
Isanyň erk-ygtyýary barada sowal
(Matta 21:23-27; Luka 20:1-8)
27 Olar ýene Iýerusalime geldiler. Isa ybadathananyň howlusynda gezmeläp ýörkä, ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular Onuň ýanyna gelip: 28 «Sen bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýärsiň? Bu işleri etmäge Saňa kim ygtyýar berdi?» diýip soradylar. 29 Isa-da olara: «Men hem size bir sowal berjek. Maňa jogap berseňiz, size bu zatlary haýsy ygtyýar bilen edýänimi aýdaýyn. 30 Hany, Maňa aýdyň, Ýahýa çümdüriş ygtyýaryny nireden aldy? Gökdenmi ýa-da ynsandan?» diýdi. 31 Olar muny özara maslahatlaşmaga başladylar: «Eger Gökden diýsek, Ol bize: „Onda näme üçin oňa ynanmadyňyz?“ diýer. 32 Emma ynsandan diýsek…»