12‑nji bap
Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly
(Matta 21:33-46; Luka 20:9-19)
1 Soňra Isa olara tymsallar bilen gürrüň bermäge başlady: «Bir adam üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin, üzümi sykmaga bir çukur gazýar we bir sany gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berýär-de, özi uzak ýola gidýär. 2 Hasyl möwsümi gelende, ol bir hyzmatkärini üzümiň miwesinden alyp gel diýip, kärendeçileriň ýanyna iberýär. 3 Emma olar ony tutup ýenjýärler we boş kowup goýberýärler. 4 Üzümçiligiň eýesi ýene başga bir hyzmatkärini iberýär. Olar onuň kellesini ýaryp, ony masgara edip iberýärler. 5 Onsoň ýene bir hyzmatkärini iberýär, olar muny öldürýärler. Ol şeýdip, ençeme hyzmatkärini iberýär. Bularyň-da käbirini ýenjip, käbirini öldürýärler. 6 Üzümçiligiň eýesiniň ol ýere ibermäge ýene bir adamy galýar, ol-da özüniň ýeke-täk söwer ogludy. Oglumy sylarlar öýdüp, ol iň soňunda kärendeçileriň ýanyna öz ogluny iberýär. 7 Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldüreliň, miras bize galar“ diýişýärler. 8 Ony tutup öldürýärler-de, üzümçilikden daşary taşlaýarlar. 9 Indi üzümçiligiň eýesi näme eder? Ol gelip, bu kärendeçileri öldürer-de, üzümçiligi başgalara berer. 10 Siz Mukaddes Ýazgydaky:
„Ussalaryň ret eden daşy,
binanyň burç daşy boldy.
11 Muny Reb etdi,
bu nazarymyzda täsin saýyldy“
diýen sözleri okamadyňyzmy näme?»
12 Bu tymsaly özlerine kakdyryp aýdanyny aňan ýahudylaryň baştutanlary Isany tutjak boldular. Ýöne halkdan gorkup, Ony galdyryp, öz ýollaryna gitdiler.
Imperatoryňky – imperatora
(Matta 22:15-22; Luka 20:20-26)
13 Isany gepde tutjak bolup, fariseýleriň we Hirodyň tarapdarlarynyň birnäçesini Onuň ýanyna iberdiler. 14 Olar gelip, Ondan: «Mugallym! Biz Seniň dogruçyldygyňy, hiç kime tarapgöýlik etmeýändigiňi bilýäris, sebäbi Sen adamlaryň derejesine bakman, Hudaýyň ýoluny hakykat bilen öwredýärsiň. Hany aýt, imperatora salgyt tölemek dogrumy ýa-da dogry däl? Tölälimi ýa-da tölemäli?» diýip soradylar. 15 Isa olaryň ikiýüzlüdigini bilip: «Meni näme üçin synaýarsyňyz? Maňa kümüş teňňäni beriň, göreýin» diýdi. 16 Olar bir teňňe getirdiler. Isa olardan: «Bu teňňedäki şekil bilen ýazgy kimiňki?» diýip sorady. Olar: «Imperatoryňky» diýip jogap berdiler. 17 Isa olara: «Imperatoryňkyny – imperatora, Hudaýyňkyny Hudaýa beriň» diýdi. Olar Oňa haýran galdylar.
Direliş barada sowal
(Matta 22:23-33; Luka 20:27-40)
18 Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: 19 «Mugallym! Musa bize bir adamyň dogany perzentsiz ölüp, yzynda aýaly galsa, dogany onuň aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip ýazypdyr. 20 Ýedi dogan bardy. Birinjisi bir aýala öýlendi, ýöne yzynda nesil galdyrman öldi. 21 Ikinjisi hem şol aýala öýlendi, ol hem yzynda nesil galdyrman öldi. Olaryň üçünjisi hem şeýle boldy. 22 Ýedisi-de nesil galdyrmady. Olardan soň aýal hem öldi. 23 Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 24 Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz. Ýalňyşyňyzyň sebäbi hem şunda dälmi? 25 Ynsanlar ölümden direlende ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar. 26 Ölüleriň direlişi babatda bolsa, Musanyň kitabyndaky ýanyp duran çaly hakynda okamadyňyzmy? Hudaý Musa: „Men Ybraýymyň, Yshagyň we Ýakubyň Hudaýydyryn“ diýdi. 27 Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr; siz gaty ýalňyşýarsyňyz».
Iň wajyp tabşyryk
(Matta 22:34-40; Luka 10:25-28)
28 Golaýa gelip, olaryň çekişmelerini eşiden Töwrat mugallymlardan biri Isanyň olara jaýdar jogap berenini görüp, Ondan: «Haýsy tabşyryk iň wajyp tabşyryk?» diýip sorady. 29 Isa: «Iň wajyp tabşyryk şudur: eý, ysraýyl halky, gulak goý. Hudaýymyz Reb ýeke-täk Rebdir. 30 Hudaýyňyz Rebbi tutuş ýüregiňiz, ähli düşünjäňiz hem güýjüňiz bilen jan-tenden söýüň. 31 Ikinjisi-de şudur: ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söý! Bulardan uly tabşyryk bolmaz» diýip jogap berdi. 32 Ol adam Oňa: «Seniňki dogry, eý, Mugallym! Sen hakykaty sözlediň. Hudaý ýeke-täkdir, Ondan başgasy ýokdur. 33 Ony tutuş ýüregiň hem akylyň bilen we ähli güýjüň bilen söýmeklik, ýakynyňy özüňi söýşüň ýaly söýmeklik ýakma gurbanlyklaryň, beýleki gurbanlyklaryň hemmesinden has möhümdir» diýdi. 34 Isa onuň paýhasly jogap berenini görüp: «Sen Hudaýyň Şalygyndan uzakda dälsiň» diýdi. Şondan soň Oňa mundan artyk sorag bermäge hiç kim milt etmedi.
Mesih kimiň Ogly?
(Matta 22:41-46; Luka 20:41-44)
35 Isa ybadathanada halka öwredip otyrka, olara şeýle diýdi: «Töwrat mugallymlary Mesihe nädip Dawudyň ogly diýýärler? 36 Dawudyň özi Mukaddes Ruhdan ylham alyp, şeýle diýipdir:
„Hudaý Rebbime* şeýle sözledi:
‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur’“.
37 Dawudyň özi Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?»
Uly mähelle Ony hezil edip diňleýärdi.
Isa ikiýüzli Töwrat mugallymlary ýazgarýar
(Matta 23:1-36; Luka 20:45-47)
38 Isa halka şeýle öwüt berdi: «Töwrat mugallymlardan ägä boluň! Olar uzyn don geýip gezmegi, bazarlarda özlerine salam berilmegini, 39 sinagogalarda baş kürsüleri, meýlislerde töri halaýandyrlar. 40 Olar dul aýallaryň öýlerini talap, göz üçin uzyn-uzyn dogalar okan bolýandyrlar. Şeýle adamlar iň agyr jeza sezewar bolarlar».
Dul aýalyň sadakasy
(Luka 21:1-4)
41 Isa sadaka gutusynyň garşysynda oturyp, oňa pul atýan halky synlaýardy. Ençeme baý adamlar guta köp pul atdylar. 42 Bir garyp dul aýal gelip, guta iki şaý atdy. 43 Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, bu garyp dul aýal guta hemmelerden kän pul atdy. 44 Beýlekiler özlerinden artanyny atdylar, ýöne bu hatyn garyplygyna garamazdan, elindäki ähli çörek puluny atdy» diýdi.