13‑nji bap
Ynsan Oglunyň gelýäniniň alamatlary
(Matta 24:1-31; Luka 21:5-28)
1 Isa ybadathananyň howlusyndan çykanda, şägirtleriniň biri Oňa: «Mugallym! Seret, ne ajap daşlar, ne ajap binalar!» diýdi. 2 Isa oňa: «Bu beýik binalary görýäňmi? Bu ýerde daş üstünde daş galmaz, hemmesi weýran bolar» diýdi.
3 Soňra Isa ybadathananyň garşysyndaky Zeýtun dagynda otyrka, Petrus, Ýakup, Ýohanna we Andrys dagy ýekelikde Ondan: 4 «Bize aýtsana, bu zatlar haçan bolar? Bu zatlaryň amala aşýandygyny görkezýän nähili alamat bolar?» diýip soradylar. 5 Onsoň Isa olara şeýle düşündirmäge başlady: «Ägä boluň, hiç kim sizi aldaýmasyn! 6 Köpler Meniň adym bilen gelip: „Men – Şolduryn“ diýip, ençeme adamlary aldarlar. 7 Siz uruş turandygy we uruş baradaky myş-myşlary eşideniňizde gorkmaň. Bular bolmalydyr, ýöne entek soňy däldir. 8 Çünki millet millete, patyşalyk patyşalyga garşy çykar. Aýry-aýry ýerlerde ýer titremeler, açlyklar ýüze çykar. Bular burgularyň başlangyjydyr. 9 Emma siz özüňizden habardar boluň! Adamlar sizi ýerli kazyýete tabşyrarlar, sinagogalarda ýenjerler. Men sebäpli siz hökümdarlaryň, patyşalaryň öňünde durarsyňyz we olara şaýatlyk edersiňiz. 10 Hoş Habar ilki bilen ähli milletlere wagyz edilmelidir. 11 Sizi tussag edip, kazyýete tabşyranlarynda, näme diýjegiňizi öňünden gaýgy etmäň, şol pursatda size näme berilse, şony gepläň. Çünki gepleýän siz däl-de, Mukaddes Ruhdur. 12 Dogan doganyny, ata çagasyny ölüme tabşyrar. Çagalar hem ene-atalaryna garşy çykyp, olary öldürderler. 13 Men sebäpli hemmeler sizi ýigrener, emma soňuna çenli çydan halas bolar. 14 Weýrançylyk getirýän ýigrenji zadyň durmaly däl ýerde duranyny göreniňizde, goý, Ýahudyýadakylar daglara gaçsyn. Hawa, Danyýel pygamberiň aýdanlaryna dogry düşünsin. 15 Üçekdäki adam bir zat almak üçin aşak düşüp, öýe girmesin. 16 Ekin meýdanyndakylar donuny almak üçin yzyna gelmesin. 17 Ol günlerde göwreli aýallaryň we çaga emdirýänleriň dat gününe! 18 Siz bu waka gyşda bolmasyn diýip dileg ediň. 19 Çünki ol günlerde şeýle bir elhenç muşakgatlar bolar welin, Hudaýyň ýaradan dünýäsiniň başyndan tä şu wagta çenli munuň ýaly zat bolan däldir, hiç haçan bolmazam. 20 Reb ol günleri gysgaltmadyk bolsa, onda hiç kim halas bolmazdy. Emma Reb Öz saýlanlarynyň hatyrasyna ol günleri gysgaltdy. 21 Şonda kimdir biri size: „Ine, Mesih bu ýerde“ ýa-da „Anha, ol ýerde“ diýse, ynanmaň. 22 Çünki galp mesihler we galp pygamberler döräp, mümkin boldugyça saýlananlary-da azdyrjak bolup, alamatlardyr mugjyzalar görkezerler. 23 Ägä boluň! Men hemme zady size öňünden aýtdym.
24 Emma şol günlerde muşakgatlyklardan soňra, Gün garalar, Aý nuruny saçmaz. 25 Ýyldyzlar gökden gaçar, asman jisimleri lerzana geler. 26 Şonda Ynsan Oglunyň beýik gudrata we şöhrata beslenip, bulutlarda gelýänini görerler. 27 Şonda Ol perişdeleri ýollap, Öz saýlanlaryny çar tarapdan, ýeriň ujundan tä gögüň ujuna çenli ýygnar.
Injir agajyndan alynmaly sapak
(Matta 24:32-35; Luka 21:29-33)
28 Injir agajyndan sapak alyň: onuň şahalary ýumşap, ýaprak çykaran mahaly tomsuň golaýlandygyny bilýärsiňiz. 29 Şonuň ýaly-da, bu zatlaryň bolýanyny göreniňizde, Ynsan Oglunyň golaý gelendigini, gapynyň agzyndadygyny biliň. 30 Size dogrusyny aýdýaryn, bu zatlaryň ählisi bolýança, bu nesil dünýäden ötmez. 31 Asman bilen ýer öter, emma Meniň sözlerim asla ötmez.
Bilinmeýän gün we sagat
(Matta 24:36-44)
32 Emma ol güni hem sagady hiç kim bilýän däldir, ne gökdäki perişdeler, ne-de Ogul bilýändir, diňe Ata bilýändir. 33 Hüşgär boluň, oýa boluň*! Siz ol wagtyň haçan geljekdigini bilýän dälsiňiz. 34 Bu bir uzak ýola çykan adam ýalydyr. Ol öýünden çykyp barýarka, hyzmatkärlerine ygtyýar berer, her haýsyna bir iş tabşyrar. Gapydaky garawula bolsa oýa bolmagy buýrar. 35 Şonuň üçin oýa boluň, sebäbi siz öý eýesiniň agşammy, ýary gijemi, horaz gygyrandamy, gün dogandamy – haçan geljegini bilmeýärsiňiz. 36 Ol duýdansyz gelip, ukuda üstüňizi basaýmasyn. 37 Size aýdýanlarymy hemmelere-de aýdýaryn: oýa boluň!»