14‑nji bap
Isany öldürmek barada dildüwşük
(Matta 26:1-5; Luka 22:1,2; Ýohanna 11:45-53)
1 Pesah we Petir baýramyna iki gün galypdy. Ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary Isany hile bilen tutup, öldürmegiň ýoluny agtarýardylar. 2 Ýöne welin biri-birlerine: «Baýram günlerinde däl, halk galmagal turzaýmasyn» diýişýärdiler.
Bir aýal Isanyň başyna ýag guýýar
(Matta 26:6-13; Ýohanna 12:1-8)
3 Isa Beýtaniýada deri keselli Simunyň öýünde saçak başynda otyrka, bir aýal agzy ýapyk çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny alyp geldi. Aýal çüýşäniň dykysyny açyp, ýagy Onuň başyna guýdy. 4 Käbirleri gaharlanyp, biri-birlerine: «Näme üçin bu ýag isrip edildi? 5 Muny bir ýyllyk iş hakyna* barabar pula satyp, garyplara paýlap bolardy ahyry» diýşip, aýala igendiler. 6 Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Näme üçin ony ynjadýarsyňyz? Ol Meniň üçin ajaýyp iş etdi. 7 Garyplar hemişe siziň ýanyňyzdadyr, olara islän mahalyňyz ýagşylyk edip bilersiňiz, emma Men hemişe ýanyňyzda bolmaryn. 8 Bu aýal elinde baryny etdi, ol bedenime atyr ysly ýag guýup, Meni jaýlamaga öňünden taýýarlady. 9 Size dogrusyny aýdýaryn, Hoş Habar dünýäniň niresinde wagyz edilse, bu aýalyň edeni-de şol ýerde ýatlanar» diýdi.
Ýudasyň haýynlygy
(Matta 26:14-16; Luka 22:3-6)
10 Soňra Onkilerden Ýudas Iskariýot diýen biri Isa dönüklik etmek üçin, ýolbaşçy ruhanylaryň ýanyna gitdi. 11 Olar muny eşidip begendiler, oňa pul bermäge söz berdiler. Ol Isany olara tabşyrmak üçin, amatly pursat peýläp gezdi.
Isa şägirtleri bilen Pesah baýramyny belleýär
(Matta 26:17-30; Luka 22:7-23; Ýohanna 13:21-30; 1 Korintoslylar 11:23-25)
12 Pesah janlysynyň soýulýan güni, ýagny Petir baýramynyň ilkinji güni şägirtleri Isadan: «Seniň üçin Pesah naharyny nirede taýýarlamagymyzy isleýärsiň?» diýip soradylar. 13 Isa şägirtleriniň ikisini ýollap, olara: «Şähere baryň, küýze bilen suw alyp barýan bir adama sataşarsyňyz, şonuň yzyna düşüp gidiň. 14 Ol nirä baryp girse, şol öýüň eýesine: „Mugallym senden şägirtlerim bilen Pesah naharyny iýer ýaly, Meniň myhman otagym nirede diýip soraýar“ diýiň. 15 Ol hem ýokarky gatda düşelgi, taýýar giň bir otagy görkezer. Şol ýerde taýýarlyk görüň» diýdi. 16 Şägirtler ýola düşüp, şähere gitdiler we ähli zady Isanyň aýdyşy ýaly tapyp, Pesah naharyny taýýarladylar. 17 Agşam Isa Onkiler bilen bile geldi. 18 Saçak başynda nahar iýip otyrkalar, Ol: «Size dogrusyny aýdýaryn, sizden biri, Meniň bilen nahar iýip oturan biriňiz Maňa haýynlyk eder» diýdi. 19 Olar hem tukatlanyp, yzly-yzyna Ondan: «Men bir dälmi?» diýip soramaga başladylar. 20 Isa olara: «Ol Onkilerden biri, Meniň bilen bile okara çörek batyryp oturanyň biri. 21 Hawa, Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýdi. 22 Naharlanyp otyrkalar, Isa eline çörek alyp şükür etdi we ony döwüp, şägirtlerine berdi-de: «Alyň, bu Meniň bedenimdir» diýdi. 23 Onsoň şeraply käsäni alyp, şükür edeninden soň, olara berdi, hemmesi ondan içdi. 24 Soňra Isa olara: «Bu Meniň köp adamlar üçin dökülýän äht* ganymdyr. 25 Size dogrusyny aýdýaryn: Hudaýyň Şalygynda täzesini içjek günüme çenli şeraby gaýtadan içmerin» diýdi. 26 Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.
Isa Petrusyň inkär etjekdigini aýdýar
27 ‡Isa şägirtlerine: «Siziň hemmäňiz Menden el çekersiňiz, sebäbi „Çopany uraryn, goýunlar dargap gider“ diýip ýazylgydyr. 28 Emma Men direlenimden soň, sizden öň Jelilä bararyn» diýdi. 29 Petrus Oňa: «Hemmeler Senden ýüz öwürse-de, men beýle etmerin» diýdi. 30 Isa oňa: «Saňa dogrusyny aýdýaryn: edil şu gije horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýdi. 31 Emma Petrus janygyp: «Men Seniň bilen ölmeli bolsam-da, Seni asla inkär etmerin» diýdi. Şägirtleriň hemmesi-de şeýle diýdiler.
Getsemani bagynda
(Matta 26:36-46; Luka 22:39-46)
32 Olar Getsemani diýen bir ýere geldiler. Isa şägirtlerine: «Men Hudaýa dileg edip gelýänçäm, siz şu ýerde oturyň» diýdi. 33 Isa Petrusy, Ýakuby we Ýohannany ýanyna aldy. Isa ajy hasrat çekip, gaýgylanmaga başlady. 34 Olara: «Meniň janym öler ýaly tukat. Siz bu ýerde galyň we oýa boluň» diýdi. 35 Isa biraz öňe ýöränden soň, ýere ýüzin düşüp, şu aýylganç pursadyň mümkin bolsa, Özünden sowa geçmegini dileg etdi. 36 Ol: «Abba*, Atam, Sen hemme zady başarýarsyň. Bu hasrat käsesini Menden sowa geçir, ýöne Meniň islegim däl, Seniň islegiň amala aşsyn» diýdi. 37 Isa gaýdyp gelende, şägirtleri uklap ýatan ekenler. Isa Petrusa: «Uklap ýatyrsyňmy? Bir sagat-da oýa bolup bilmediňmi? 38 Oýa boluň, synaga düşmez ýaly dileg ediň. Ruh gaýratlydyr, ýöne beden ejizdir» diýdi. 39 Isa ýene gidip, şol öňki sözleri aýdyp dileg etdi. 40 Yzyna gaýdyp gelende, şägirtleri ýene uklap ýatan ekenler, sebäbi olaryň gözleri bürlüp durdy. Olar Oňa näme diýjeklerini bilmediler. 41 Isa üçünji gezek gelip, olara: «Siz henizem uklap ýatyrsyňyzmy? Dynjyňyzy alýarsyňyzmy? Boldy, pursat geldi, Ynsan Ogly günäkärleriň eline berilýär. 42 Turuň, gideliň. Anha, Maňa haýynlyk eden golaýlady» diýdi.
Isa tutulýar
(Matta 26:47-56; Luka 22:47-53; Ýohanna 18:3-12)
43 Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy. 44 Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur. Ony tutuň-da, gorag astynda alyp gidiň» diýip gepleşipdi. 45 Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym!» diýip, Ony öpdi. 46 Onsoň adamlar Isany tutup, ele saldylar. 47 Isanyň ýanynda duranlaryň biri gylyjyny syryp, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi. 48 Isa olara: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? 49 Her gün ybadathanada araňyzda bolup, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun» diýdi. 50 Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler. 51-52 Ýalaňaç bedenini ýapynja bilen örten bir ýaş ýigit Isanyň yzyna düşüp barýardy. Esgerler ony hem tutdular, emma ol ýapynjasyny taşlap, ýalaňaç halda olardan gaçyp gitdi.
Isa mejlisiň öňünde
(Matta 26:57-68; Luka 22:54,55,63-71; Ýohanna 18:13,14,19-24)
53 Isany baş ruhanynyň ýanyna getirdiler. Ähli ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular we Töwrat mugallymlary ol ýere ýygnanypdylar. 54 Petrus baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ol hem sakçylar bilen bile howluda oda çoýunyp otyrdy. 55 Ýolbaşçy ruhanylar we ýokary mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy subutnama agtardylar, ýöne tapyp bilmediler. 56 Köpler Oňa garşy ýalan şaýatlyk berseler-de, olaryň şaýatlygy bir çykmady. 57 Onsoň käbirleri turup, Oňa garşy ýalan şaýatlyk berip: 58 «Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“ diýenini eşitdik» diýdiler. 59 Barybir, olaryň şaýatlyklary bir çykmady. 60 Soňra baş ruhany mejlisiň ortasynda ýerinden turup, Isadan: «Sende hiç hili jogap ýokmy? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän şaýatlygyna näme diýersiň?» diýip sorady. 61 Isa dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Şöhratly Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýip sorady. 62 Isa: «Mendirin! Siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz» diýdi. 63 Baş ruhany şonda ýakasyny ýyrtyp: «Bize başga şaýatlyk nämä gerek? 64 Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Näme karara gelýärsiňiz?» diýip sorady. Olaryň bary Isany ölüm jezasyna laýyk diýip höküm çykardylar. 65 Käbirleri Onuň üstüne tüýkürip başladylar, gözlerini daňyp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Sakçylar-da Ony aralaryna alyp urdular.
Petrus Isany inkär edýär
(Matta 26:69-75; Luka 22:56-62; Ýohanna 18:15-18,25-27)
66 Petrus howlynyň aşak tarapynda durka, baş ruhanynyň kenizlerinden biri geldi. 67 Ol çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa çiňerildi-de: «Sen hem şol nasyraly Isa bilendiň» diýdi. 68 Emma Petrus muny inkär edip: «Men seniň näme hakda gepleýäniňi bilemogam, düşünemogam» diýdi-de, howlynyň daşyna çykdy. Şol wagt hem horaz gygyrdy. 69 Keniz Petrusy görende, ýanyndakylara: «Bu adam şolaryň biri» diýip, ýene-de aýtdy. 70 Emma Petrus muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi sen jelileli» diýdiler. 71 Emma ol ant içip: «Hudaý ursun! Siziň aýdýan bu adamyňyzy men tanamaýaryn» diýdi. 72 Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözlerini ýatlap, möňňürip aglady.