15‑nji bap
Isa Pilatyň öňünde
(Matta 27:1,2,11-14; Luka 23:1-5; Ýohanna 18:28-38)
1 Ir säher bilen ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular, Töwrat mugallymlary we tutuş mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilata tabşyrdylar. 2 Pilat Isadan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. 3 Ýolbaşçy ruhanylar Ony köp zatlarda aýypladylar. 4 Pilat ýene-de Oňa: «Sen hiç hili jogap berjek dälmi? Gör, näçe zatlarda Seni aýyplaýarlar!» diýdi. 5 Emma Isa başga hiç hili jogap bermedi. Pilat geň galdy.
Isa ölüme höküm edilýär
(Matta 27:15-26; Luka 23:13-25; Ýohanna 18:39–19:16)
6 Pilat her Pesah baýramynda halkyň haýyşy boýunça bir tussagy boşadýardy. 7 Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussag edilen Barabbas atly biri bardy. 8 Halk Pilatyň ýanyna gelip, hemişekisi ýaly, özleri üçin bir tussagy boşatmagyny soramaga başlady. 9 Onsoň Pilat olara jogap berip: «Siziň üçin ýahudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýip sorady. 10 Ol ýolbaşçy ruhanylaryň Isany göriplikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. 11 Emma ýolbaşçy ruhanylar Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. 12 Pilat ýene olardan: «Onda men siziň ýahudylaryň patyşasy diýýän adamyňyzy näme edeýin?» diýip sorady. 13 Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. 14 Pilat olardan: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar. 15 Şonda Pilat halky kanagatlandyrmak kararyna gelip, Barabbasy boşatdy. Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.
Esgerler Isany masgaralaýarlar
(Matta 27:27-31; Ýohanna 19:2,3)
16 Esgerler Isany hökümet saraýyna eltip, tutuş goşun toparlaryny Onuň daşyna üýşürdiler. 17 Onuň egnine gyrmyzy don, başyna tikenden örülen täç geýdirdiler. 18 «Ýaşasyn ýahudylaryň patyşasy!» diýip, Ony gyzgyn garşylan boldular. 19 Başyna taýak bilen urdular, üstüne tüýkürdiler, öňünde dyza çöküp, Oňa sežde eden boldular. 20 Ony masgaralanlaryndan soň, gyrmyzy dony egninden çykardylar-da, Öz egin-eşigini geýdirip, haça çüýlemäge äkitdiler.
Isa haça çüýlenýär
(Matta 27:32-44; Luka 23:26-43; Ýohanna 19:17-27)
21 Şol wagt kirineýli Simun atly bir adam ekin meýdanyndan gelýärdi. Ol Isgender bilen Rufusyň kakasydy. Esgerler ony tutup, Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler. 22 Olar Isany Golgota (bu «Kelleçanak depesi» diýmegi aňladýar) diýen ýere eltdiler. 23 Onsoň olar Isanyň agyrylaryny kemeltmek üçin, Oňa mür garylan şerap hödürlediler, emma Ol içmedi. 24 Soňra Ony haça çüýlediler. Kime näme düşerkä diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar. 25 Ony haça çüýlänlerinde, ir sagat dokuzdy. 26 Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy. 27 Isa bilen bile iki garakçyny hem haça çüýlediler. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady.* 29 Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. Olar: «Päheý-de welin, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. 30 Indi haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et!» diýýärdiler. 31 Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary-da Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. 32 Ysraýylyň Patyşasy Mesih, goý, häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem muny görüp iman edeli» diýýärdiler. Isa bilen haça çüýlenenler-de Oňa sögýärdiler.
Isanyň ölümi
(Matta 27:45-56; Luka 23:44-49; Ýohanna 19:28-30)
33 Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. 34 ‡Öýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi. 35 Ol ýerde duranlaryň käbirleri muny eşidenlerinde: «Serediň, Ol Ylýasy çagyrýar» diýdiler. 36 Bir adam ylgap baryp, bir esgini sirkä batyrdy. Ony bir taýagyň ujuna dakyp, Isa içirjek bolup uzatdy-da: «Hany, göreliň! Ylýas gelip, Ony aşak düşürermikä?» diýdi. 37 Emma Isa gaty gygyryp jan berdi. 38 Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi. 39 Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle jan berenini görende: «Bu adam, hakykatdan hem Hudaýyň Ogly eken» diýdi. 40 Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady. 41 Bular Isa Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edipdiler. Ol ýerde Isa bilen Iýerusalime gelen başga-da köp aýallar bardy.
Isa jaýlanýar
(Matta 27:57-61; Luka 23:50-56; Ýohanna 19:38-42)
42 Ol gün Taýýarlyk günüdi, ýagny Sabadyň öň ýanyndaky gündi. Agşam 43 mejlisiň sylanýan agzasy, Hudaýyň Şalygyna umyt bilen garaşýan arimatiýaly Ýusup geldi. Ol ýüregine daş baglap, Pilatyň ýanyna bardy we ondan Isanyň jesedini diledi. 44 Pilat Isanyň eýýäm ölendigine geň galdy, ýüzbaşyny çagyryp: «Ölenine köp wagt boldumy?» diýip sorady. 45 Muny ýüzbaşydan anyklandan soň, jesedi Ýusuba berdi. 46 Ýusup hem kepenlik mata satyn aldy, jesedi aşak düşürip, kepene dolady-da, gaýada oýulan bir mazarda jaýlady. Soňra ol mazaryň agzyna bir daş togalap getirip goýdy. 47 Magdalaly Merýem bilen Ýosäniň ejesi Merýem Isanyň nirede jaýlanandygyny gördüler.