16-njy bap
Isa direlýär
(Matta 28:1-8; Luka 24:1-12; Ýohanna 20:1-10)
1 Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar. 2 Hepdäniň birinji güni* olar gün doganda, mazaryň başyna geldiler. 3 Olar biri-birlerine: «Mazaryň agzyndan daşy bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler. 4 Başlaryny galdyryp seredenlerinde, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy. 5 Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak lybas geýnen bir ýaş ýigidiň oturandygyny görüp geňirgenişdiler. 6 Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri. 7 Indi bolsa baryň-da, Onuň şägirtlerine we Petrusa: „Isa sizden öň Jelilä barýar, Özüniň size aýdyşy ýaly, Ony şol ýerde görersiňiz“ diýiň» diýdi. 8 Aýallar mazardan çykyp gaçdylar. Olary sandyrama hem aljyraňňylyk gaplap alypdy. Olar gorkularyndan ýaňa hiç kime hiç zat aýtmadylar.
Isa şägirtlerine görünýär
(Matta 28:9,10; Ýohanna 20:11-18; Luka 24:13-35)
9 Isa hepdäniň birinji güni ir bilen direldi. Ol ilki bilen magdalaly Merýeme göründi. Isa onuň içinden ýedi arwah-jyny kowup çykarypdy. 10 Merýem gidip, muny Isa bilen bolan, indi bolsa Oňa ýas tutup, aglaşyp oturan şägirtlerine habar berdi. 11 Emma olar Isanyň diridigini we Merýeme görnendigini eşidenlerinde, muňa ynanmadylar. 12 Şondan soň Isa oba tarap barýan iki şägirdine başga keşpde göründi. 13 Ol ikisi hem yzlaryna öwrülip, muny beýlekilere habar berdiler, emma olar bulara-da ynanmadylar. 14 Soňra Isa saçak başynda oturan Onbirleriň özlerine görnüp, imansyzdyklary, ýürekleriniň tekepbirdigi üçin olara käýedi. Sebäbi olar Onuň direlendigini gören adamlara ynanmandylar.
Isa şägirtlerini bütin dünýä ýollaýar
(Matta 28:16-20; Luka 24:36-53; Ýohanna 20:19-23; Resul 1:6-11)
15 Isa şägirtlerine şeýle diýdi: «Bütin dünýä aýlanyň-da, Hoş Habary hemme adamlara wagyz ediň. 16 Iman edip çümdürilen halas bolar, ýöne iman etmedige höküm ediler. 17 Iman edýänler şu alamatlary görkezerler: Meniň adym bilen arwah-jynlary kowup çykararlar, täze dillerde geplärler. 18 Elleri bilen ýylan tutsalar-da, zäher içseler-de, olara zeper ýetmez. Ellerini hassalaryň başyna goýarlar, olar hem sagalar». 19 Reb Isa olara bulary gürrüň bereninden soň, göge alyndy we Hudaýyň sagynda oturdy. 20 Onsoň şägirtler gidip, Hoş Habary hemme ýerde wagyz etdiler. Reb olar bilen işläp, amala aşýan gudratly alamatlar arkaly Öz sözüni tassyklaýardy.