F
7
Faraon – bu at Müsür patyşasy üçin berlen atdyr.
Gçk 12:10-20; Msr 1-14.
Fariseýler – Isanyň döwründe fariseýler ýahudylaryň dolandyrýan mejlisinde güýçli topar bolupdyr. Olar saddukeýler bilen işleşipdirler, emma olardan tapawudy, fariseýler adamlaryň direljekdigine ynanypdyrlar. Fariseýler Hudaýyň Musa beren ähli kanunlaryny bilipdirler we olar adamlara bu kanunlary edil ýazylyşy ýaly ýerine ýetirmegi öwredipdirler. Şeýle hem olar özleriniň Kanuna goşan däp-dessurlaryny we düzgünlerini halka öwredipdirler.
Mat 15:1; Luk 11:39; Luk 20:27; Ýoh 11:46.
Seret: Mejlis; Saddukeýler. 1626-njy sahypadaky surata seret.
Finikiýa – Ortaýer deňziniň kenaryndaky meýdana grekler Finikiýa diýip at beripdirler. Häzirki wagtda bu ýer Liwanyň bir bölegidir. Sur we Sidon onuň iň wajyp şäherleri bolupdyr, olaryň halky meşhur deňizçiler we söwdagärler bolupdyr.
Res 11:19; 15:3; 21:2.