11‑nji bap
Lazaryň ölümi
1 Beýtaniýa obasynda Lazar atly bir adam keselläp ýatyrdy. Onuň uýalary Merýem bilen Marta hem şol obada ýaşaýardylar. 2 Reb Isa hoşboý ysly ýag guýup, Onuň aýagyny saçy bilen süpüren aýal şol Merýemdi. Hawa, kesel ýatan Lazar Merýemiň doganydy. 3 Şeýlelikde, uýalar: «Agam, Seniň eziz dostuň kesel ýatyr» diýip, Isa habar ýolladylar. 4 Isa muny eşidip: «Bu kesel onuň ölmegi üçin däl-de, Hudaýyň şöhratlanyp, bu arkaly Hudaýyň Oglunyň şöhrat gazanmagy üçindir». 5 Isa Martany, onuň uýasyny we Lazary gowy görýärdi. 6 Emma Lazaryň kesel ýatandygyny bilse-de, Isa öňki bolýan ýerinde ýene iki gün galdy. 7 Mundan soň Isa şägirtlerine: «Ýahudyýa dolanalyň» diýdi. 8 Şägirtleri Oňa: «Eý, mugallym, ýahudylaryň baştutanlarynyň Seni daşlajak bolanlary ýaňy dälmidi?! Sen ýene-de şol ýere gitjek bolýarsyňmy?» diýdiler. 9 Isa olara: «Gündiz on iki sagatdan ybarat dälmi? Kim gündiz ýörese büdremez, sebäbi ol bu dünýäniň nuruny görýändir. 10 Emma gije ýöreýän adam büdrär, sebäbi onda nur ýokdur» diýip jogap berdi. 11 Soňra Isa olara ýene-de: «Dostumyz Lazar uklap ýatyr. Men şony oýarmak üçin gidýärin» diýdi. 12 Şägirtleri Oňa: «Agam, uklap ýatan bolsa sagalar» diýdiler. 13 Isa onuň ölendigi hakda aýdýardy, ýöne olar adaty uky hakda aýdýandyr öýtdüler. 14 Şeýlelikde, Isa olara anygyny aýtdy: «Lazar aradan çykdy. 15 Iman etmegiňiz üçin, Men siziň hatyraňyza ol ýerde bolmandygyma begenýärin. Indi bolsa, ýörüň, onuň ýanyna gideliň». 16 Şonda Ekiz lakamly Tomas diýen şägirt beýleki şägirtlere: «Ýörüň, bizem gideliň-de, Isa bilen bile öleliň» diýdi.
17 Isa Beýtaniýa gelende, Lazaryň jaýlananyna eýýäm dört gün bolan eken. 18 Beýtaniýa Iýerusalimden bary-ýogy üç çakrym* daşlykda ýerleşýärdi. 19 Marta bilen Merýeme göwünlik bermäge köp ýahudylar Lazaryň patasyna gelipdiler. 20 Marta Isanyň gelýänini eşidip, Ony garşylamaga çykdy. Merýem bolsa öýde galdy. 21 Marta Isa: «Eý, Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi. 22 Häzir hem Hudaýdan näme dileseň, Seniň dilegiňi bitirjegini bilýärin» diýdi. 23 Isa oňa: «Doganyň direler» diýdi. 24 Marta bolsa: «Men ahyrky gün, ýagny ölüleriň direliş gününde onuň direljegini bilýärin» diýdi. 25 Isa oňa: «Direlişem, ýaşaýyşam Mendirin, Maňa iman eden ölse-de ýaşar. 26 Kim Maňa iman edip ýaşaýan bolsa, ol asla ölmez. Sen şuňa ynanýarsyňmy?» diýdi. 27 Ol Isa: «Hawa, Agam. Men Seniň şu dünýä gelmeli Hudaýyň Ogly Mesihdigiňe ynanýaryn» diýdi. 28 Marta şeýle diýensoň, uýasy Merýemi çagyrmaga gitdi. Ony bir çete çekip: «Mugallym şu ýerde. Ol seni çagyrýar» diýdi. 29 Merýem muny eşiden badyna ýerinden turup, Isanyň ýanyna gitdi. 30 Isa entek oba girmändi, Ol heniz hem Martanyň garşylan ýerindedi. 31 Öýde Merýemiň ýanynda bolup, oňa göwünlik berýän ýahudylar onuň howlukmaç çykyp gidenini gördüler. Ol aglamak üçin mazara tarap barýandyr öýdüp, olar onuň yzyndan gitdiler. 32 Merýem Isanyň duran ýerine geldi. Ony görüp, aýaklaryna ýykyldy-da: «Agam, Sen şu ýerde bolan bolsadyň, doganym ölmezdi» diýdi. 33 Merýemiň we onuň bilen bile gelen ýahudylaryň aglaýanyny görende, Isanyň kalbyny çuňňur gynanç gaplap, ýüregi gyýyldy. 34 Ol: «Ony nirede jaýladyňyz?» diýip sorady. Oňa: «Eý, Agam, gel, gör» diýdiler. 35 Isanyň gözlerinden boýur-boýur ýaş akdy. 36 Şonda ýahudylar: «Serediň, Ol ony nähili gowy görýän eken!» diýişdiler. 37 Käbirleri bolsa: «Körüň gözüni açan Adam Lazary-da ölümden alyp galyp bilmezmidi?» diýişdiler.
Isa Lazary direldýär
38 Şol wagt Isanyň ýüregi gyýym-gyýym bolup, mazaryň ýanyna bardy. Mazar bir gowakdy, onuň agzyna bolsa daş goýupdylar. 39 Isa: «Daşy aýryň» diýdi. Merhumyň uýasy Marta Oňa: «Agam, ol eýýäm porsandyr, ony jaýlanymyza dört gün boldy ahyry» diýdi. 40 Isa oňa: «Eger iman etseň, Hudaýyň şöhratyny görersiň diýmänmidim?» diýdi. 41 Şeýlelikde, daşy aýyrdylar. Isa gözüni göge dikip: «Eý, Ata, Meni eşideniň üçin Saňa şükür edýärin. 42 Seniň Meni hemişe-de eşidýändigiňi bilýärin. Emma bu sözleri şu ýerde duran halk üçin, Meni Seniň iberendigiňe iman etsinler diýip aýtdym» diýdi. 43 Şu sözlerden soň Ol gaty ses bilen: «Lazar, daşary çyk!» diýip gygyrdy. 44 Elleri, aýaklary kepene dolanan, ýüzi ýaglyk bilen saralan merhum mazardan çykdy. Isa olara: «Onuň kepenini aýryň, goý, gitsin» diýdi.
Isany öldürmek baradaky dildüwşük
(Matta 26:1-5; Mark 14:1,2; Luka 22:1,2)
45 Şeýlelikde, Merýemiň ýanyna gelen ýahudylaryň köpüsi Isanyň eden işini görüp, Oňa iman etdiler. 46 Birnäçesi bolsa baryp, Isanyň eden işlerini fariseýlere gürrüň berdiler. 47 Onsoň ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler ýokary mejlisi çagyryp: «Näme etmeli? Bu Adam köp gudratlar görkezýär. 48 Muňa ýol bersek, onda hemmeler Oňa iman eder. Rimliler hem gelip, ybadathanamyzy we halkymyzy ýok ederler» diýdiler. 49 Olaryň arasynda şol ýyl baş ruhany bolan Kaýafa-da bardy. Kaýafa olara: «Siz hiç zady bilmeýärsiňiz. 50 Ähli halkyň heläk bolanyndan, bir adamyň halk üçin ölmegi size örän bähbitlidir. Siz näme muňa düşüneňzokmy?» diýdi. 51 Ol muny öz-özünden aýtmady. Şol ýylyň baş ruhanysy bolmak bilen ol Isanyň ýahudy milleti üçin öljegini pygamberlik edip aýtdy. 52 Ol diňe bir şol millet üçin däl-de, eýsem Hudaýyň dagynyk perzentlerini bir ýere toplap birleşdirmek üçin hem ölmelidi. 53 Şeýlelikde, şol günden başlap, Isany öldürmek üçin dil birikdirdiler. 54 Şondan soň Isa ýahudylaryň arasynda aç-açan gezmedi. Ol çölüň golaýyndaky Efraýym şäherine gidip, şägirtleri bilen şol ýerde galdy. 55 Ýahudylaryň Pesah baýramy ýakynlapdy. Ýurduň ähli künjeklerinden gelen köp adamlar Pesahdan öň tämizleniş dessurlaryny berjaý etmek üçin Iýerusalime gelipdiler. 56 Olar Isany gözleýärdiler, ybadathanada durkalar, biri-birlerine: «Nähili pikir edýärsiňiz? Ol baýrama gelermi ýa-da gelmez?» diýişýärdiler. 57 Ýolbaşçy ruhanylar bilen fariseýler bolsa Isany ele salmak üçin, Onuň nirededigini kim bilýän bolsa, habar bermeklerini buýrupdylar.