12‑nji bap
Merýem Isa nard ýagyny çalýar
(Matta 26:1-5; Mark 14:1,2; Luka 22:1,2)
1 Pesah baýramyna alty gün galanda, Isa ýene Beýtaniýa bardy. Isanyň direlden Lazary-da şol ýerdedi. 2 Ol ýerde Isanyň hormatyna nahar berildi. Marta hyzmat edýärdi, Lazar bolsa myhmanlar we Isa bilen bir saçagyň başynda otyrdy. 3 Onsoň Merýem bir çüýşede gymmatbaha sap-arassa nard ýagyny getirdi-de, Isanyň aýaklaryna çalyp, soňra saçy bilen süpürdi. Ýagyň ýakymly ysy öýüň içine doldy. 4 Şol wagt Onuň şägirtleriniň biri, Oňa haýynlyk etmegi ýüregine düwen Simunyň ogly Ýudas Iskariýot: 5 «Näme üçin bu ýag satylyp, onuň puly garyplara paýlanmady? Munuň bahasy bir ýyllyk iş hakyna* barabar ahyry» diýdi. 6 Ol muny garyplaryň gamyny iýmek üçin däl-de, özüniň ogrudygy üçin aýdýardy. Sebäbi ol ortak pul torbasyny göteren bolup, näme berilse, özi alyp ýördi. 7 Emma Isa olara: «Naçary öz gününe goýuň! Ol Meni jaýlanjak günüme taýýarlamak üçin şeýle etdi. 8 Garyplar hemişe siziň ýanyňyzda bolar, emma Men siziň ýanyňyzda elmydama bolmaryn» diýdi. 9 Ýahudylardan bir uly mähelle Isanyň ol ýerdedigini eşidip, diňe bir Isany däl, eýsem, Onuň direlden Lazaryny-da görmäge geldiler. 10 Şonuň üçin ýolbaşçy ruhanylar Lazary-da öldürmegiň maslahatyny etdiler. 11 Çünki köp ýahudylar Lazar sebäpli Isa iman edipdiler.
Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär
(Matta 21:1-11; Mark 11:1-11; Luka 19:28-40)
12 Ertesi gün baýramçylyga gelen uly mähelle Isanyň Iýerusalime gelýänini eşitdi. 13 Adamlar palma şahalaryny alyp, Ony garşylamaga çykdylar. Olar şeýle diýip gygyryşýardylar: «Hudaýa öwgüler bolsun! Rebbiň adyndan Gelýäne alkyş bolsun! Ysraýyl Patyşasyna alkyş bolsun!»
14-15 Edil Mukaddes Ýazgylarda: «Gorkma, eý, Sion gyzy! Ine, Patyşaň taýhara münüp gelýär» diýip ýazylyşy ýaly, Isa bir taýhar tapyp mündi. 16 Şägirtleri şol wagt bu zatlara düşünmediler. Emma Isa şöhratlandyrylandan soňra bu sözleriň Ol hakynda ýazylandygy we özleriniň muny ýazylyşy ýaly edendikleri olaryň ýatlaryna düşdi.
17 Isa Lazary mazardan çagyryp direldende, köp mähelle bu wakany gördi. Indi olar bu hakda hemmelere gürrüň berýärdiler. 18 Şonuň üçin Isanyň görkezen bu gudraty barada eşiden köp adamlar Ony garşylamaga çykdylar. 19 Şeýlelikde, fariseýler biri-birine: «Görýäňizmi, elimizden hiç zat gelmeýär. Bütin dünýä Onuň yzyna eýerdi!» diýişýärdiler.
Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar
20 Baýramçylykda ybadat etmäge Iýerusalime gelenleriň arasynda birnäçe grekler-de bardy. 21 Olar Jeliläniň Betsaýda şäherinden bolan Filipiň ýanyna gelip: «Eý, aga, biz Isany görmek isleýäris» diýip, ondan haýyş etdiler. 22 Filip hem muny Andrysa aýtdy. Onsoň Andrys bilen Filip bile gidip, Isa aýtdylar. 23 Isa olara şeýle jogap berdi: «Ynsan Oglunyň şöhratlanmaly wagty geldi. 24 Men size dogrusyny aýdýaryn, bugdaý dänesi ýere gaçyp ölmese, ýeke däne bolup galar, ýöne öläýse, köp hasyl berer. 25 Bu dünýäde janyny söýýän ony ýitirýändir. Emma bu dünýäde kim janyny ýigrenýän bolsa, ony baky ýaşaýyş üçin saklaýandyr. 26 Kim Maňa hyzmat etmek isleýän bolsa, yzyma eýersin. Men nirede bolsam, Meniň hyzmatkärim-de şol ýerde bolar. Maňa hyzmat eden adamy Atam hormatlar. 27 Häzir Meniň ýüregim gam-gussa batýar. Men näme diýeýin? „Eý, Ata, Meni şu pursatdan halas et“ diýeýinmi? Ýok, Men hut şu pursat üçin geldim ahyryn. 28 Eý, Ata, adyňy şöhratlandyr!» Şonda gökden: «Men adymy şöhratlandyrdym we ýene-de şöhratlandyraryn» diýen ses geldi. 29 Ol ýerde duran mähelle muny eşidip: «Gök gürledi» diýdi. Käbirleri bolsa: «Onuň bilen bir perişde gepleşdi» diýişdiler. 30 Isa olara: «Bu ses Meniň üçin däl-de, siziň üçin geldi. 31 Indi bu dünýä höküm çykarylmaly wagt geldi. Ine, bu dünýäniň hökümdary şeýtan kowlup çykarylar. 32 Ýerden ýokary göterilenimde, Men ähli ynsanlary Özüme çekerin» diýip jogap berdi. 33 Isa muny nähili ölüm bilen öljegini bildirmek üçin aýtdy. 34 Mähelle Oňa garşy bolup: «Töwratda aýdylyşyna görä, Mesih ebedi galmalydyr. Onsoň nädip Sen: „Ynsan Ogly ýokary göterilmelidir“ diýýärsiň? Ol Ynsan Ogly diýýäniň kim?» diýip sorady. 35 Isa olara: «Nur siziň araňyzda ýene az wagt bolar. Nur barka, nurda geziň, şonda üstüňizi tümlük basmaz. Çünki tümlükde gezýän özüniň nirä barýanyny bilýän däldir. 36 Nur heniz ýanyňyzdaka, nura iman ediň, şonda nuruň perzentleri bolarsyňyz» diýdi. Isa bulary aýdansoň, olaryň ýanyndan gidip gizlendi.
Ýahudylaryň ynamsyzlygy
37 Isa ýahudylaryň gözleriniň alnynda şunça köp gudratly alamat görkezen hem bolsa, olar Oňa iman etmediler. 38 Bularyň bary Işaýa pygamberiň:
«Ýa Reb, biziň habarymyza kim ynandy?
Rebbiň güýç-gudraty kime aýan boldy?»
– diýip aýdan şu sözüniň berjaý bolmagy üçin şeýle boldy.
39 Hakykatdan hem, olar ynanyp bilmeýärdiler. Muňa görä, Işaýa olar hakda ýene şeýle diýipdir:
40 «Hudaý olaryň gözlerini kör etdi,
ýüreklerini gatatdy.
Goý, gözleri bilen görmesinler,
gulaklary bilen eşitmesinler,
aňlary bilen aňlamasynlar,
Maňa dönüp, şypa tapmasynlar».
41 Işaýa Isanyň şöhratyny görüp, bu sözleri Ol hakda aýdypdyr. 42 Muňa garamazdan, mejlisiň agzalarynyň köpüsi Oňa iman etdi, emma fariseýler zerarly muny açyk yglan etmediler, sebäbi olar sinagogadan kowulmakdan gorkýardylar. 43 Sebäbi olar ynsanlaryň öwgüsini Hudaýyň öwgüsinden gowy gördüler. 44 Isa bolsa gaty ses bilen şeýle diýdi: «Maňa iman edýän Maňa däl-de, Meni Iberene iman edýändir. 45 Meni görýän, Meni Ibereni-de görýändir. 46 Maňa iman eden her kes garaňkylykda galmasyn diýip, Men dünýä nur bolup geldim. 47 Sözlerimi eşidibem, olary berjaý etmedigiň üstünden höküm çykarmaryn. Sebäbi Men dünýäniň üstünden höküm çykarmaga däl-de, ony halas etmäge geldim. 48 Meni ret edip, sözlerimi kabul etmeýäne ahyrky günde Meniň hut şu aýdýan sözlerim höküm çykarar. 49 Sebäbi Men Öz-Özümden geplemedim. Meni iberen Ata näme aýtmalydygymy, nähili sözlemelidigimi Maňa Özi buýurdy. 50 Onuň buýrugynyň bolsa baky ýaşaýşa gowşurýandygyny bilýärin. Şonuň üçin Atam Maňa näme buýran bolsa, Men size diňe şony aýdýandyryn».