10-njy bap
Gowy çopan
1 Isa ýene-de söze başlady: «Men size dogrusyny aýdýaryn, goýun agylyna gapysyndan girmän, başga ýerinden aşyp girýän adam ogrudyr hem garakçydyr. 2 Gapydan girýän adam bolsa goýunlaryň çopanydyr. 3 Sakçy oňa gapyny açyp berýändir. Goýunlar çopanyň sesini eşidýändirler. Çopan hem goýunlaryny atma-at çagyryp, olary örä alyp çykýandyr. 4 Çopan goýunlaryny agyldan alyp çykandan soň, olaryň öňünden ýöreýändir, onuň sesini tanaýan goýunlar bolsa, onuň yzyna düşýändirler. 5 Olar kesekiniň yzyna düşýän däldirler, ondan gaçýandyrlar, sebäbi kesekiniň sesini tanaýan däldirler». 6 Şeýdip, Isa olara bu tymsaly gürrüň berdi, emma olar munuň manysyna düşünmediler. 7 Isa ýene-de olara şeýle diýdi: «Size dogrusyny aýdýaryn, goýunlar üçin gapy Mendirin. 8 Menden öň gelenleriň ählisi ogrudylar hem garakçydylar, goýunlar olara gulak asmadylar. 9 Gapy Mendirin. Kim şu gapydan girse, halas bolar. Ol girip-çykyp, özüne otlag tapar. 10 Ogry diňe ogurlamak, öldürmek, ýok etmek üçin gelýändir. Emma Men olara ýaşaýyş, bolelin ýaşaýyş bermek üçin geldim. 11 Men gowy çopandyryn. Gowy çopan goýunlary üçin janyny pida edýändir. 12 Hakyna tutulan adam goýunlaryň hakyky çopany ýa-da eýesi däldir. Şonuň üçin ol möjegiň gelýänini görse, goýunlary taşlap gaçýandyr. Möjek süriniň üstüne çozup, olary dargadýandyr. 13 Ol adam gaçyp gider, sebäbi ol hakyna tutulandyr. Ol goýunlar hakda hiç hili alada etmez. 14-15 Men gowy çopandyryn. Edil Atamyň Meni, Meniňem Atamy tanaýşym ýaly, Men goýunlarymy tanaýandyryn. Olar-da Meni tanaýandyrlar; Men goýunlarym üçin janymy pida edýärin. 16 Meniň bu agyldakylardan başga-da goýunlarym bar. Men olary hem ýygnamalydyryn. Olar hem Meniň sesimi eşiderler, şonda bir süri, bir çopan bolar. 17 Men janymy gaýtadan almak üçin pida edýärin. Şol sebäpden Atam Meni söýýär. 18 Janymy Menden hiç kim almaýar, Özüm pida edýärin. Meniň janymy pida etmäge-de, ony gaýtadan almaga-da ygtyýarym bar. Men bu buýrugy Atamdan aldym». 19 Bu sözler sebäpli, ýahudylaryň arasyna ýene-de agzalalyk döredi. 20 Olaryň köpüsi: «Ony jyn urupdyr, Ol däliräpdir. Näme üçin siz Ony diňleýärsiňiz?» diýdi. 21 Başgalar bolsa: «Bular jyn uran adamyň aýtjak sözleri däl. Jyn körleriň gözüni açyp bilermi?» diýdiler.
Ýahudylaryň baştutanlary iman etmeýärler
22 Şol wagt gyş paslydy, Iýerusalimde Nur baýramy bellenilýärdi. 23 Isa ybadathanada Süleýmanyň eýwany diýen ýerde gezmeläp ýördi. 24 Mesih Ýahudylaryň baştutanlary Onuň daşyna üýşüp: «Sen haçana çenli bizi alasarmyk edip goýjak? Eger Mesih bolsaň, anygyny aýt» diýdiler. 25 Isa olara: «Men size aýtdym, ýöne siz iman etmeýärsiňiz. Atamyň ady bilen eden işlerim Meniň kimdigime şaýatlyk edýär. 26 Ýöne siz iman etmeýärsiňiz, sebäbi size aýdyşym ýaly, siz Meniň goýunlarymdan däl. 27 Meniň goýunlarym sesime gulak asýarlar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler. 28 Men olara baky ýaşaýyş berýärin. Olar asla heläk bolmaz, hiç kim olary Meniň elimden kakyp almaz. 29 Olary Maňa beren Atam hemmeden beýikdir. Atamyň elinden olary hiç kim alyp bilmez. 30 Atam Ikimiz birdiris» diýip jogap berdi. 31 Ýahudylaryň baştutanlary Ony daşlajak bolup, ýene ýerden daş aldylar. 32 Isa olara: «Men Atam tarapyndan size köp ýagşylyklar etdim. Bularyň haýsysy üçin Meni daşlajak bolýarsyňyz?» diýdi. 33 Ýahudylaryň baştutanlary Oňa: «Biz Seni ýagşy iş edýänligiň üçin däl-de, Hudaýa dil ýetirýänligiň üçin, ýagny ynsan halyňa Özüňi Hudaý saýýanlygyň üçin daşlajak bolýarys» diýdiler. 34 Isa olara şeýle diýdi: «Mukaddes Kanunyňyzda: „Men diýýärin: Siz hudaýlarsyňyz“ diýip ýazylan dälmi? 35 Mukaddes Ýazgylary üýtgedip bolmaýandygyny bileňzokmy näme?! Hudaýyň Sözi gelen adamlar „hudaýlar“ diýlip atlandyrylan bolsa, 36 onda näme Meni Hudaýyň Ogly diýenim üçin küpür geplän hasaplaýarsyňyz? Meni bolsa Atam Özi üçin saýlap-seçip, dünýä iberdi. 37 Men Atamyň işlerini etmeýän bolsam, onda Maňa iman etmäň. 38 Eger-de Onuň işlerini edýän bolsam, onda Maňa ynanmasaňyz-da, edýän işlerime ynanyň. Şonda Atanyň Mendedigini, Meniňem Atadadygyma anyk göz ýetirersiňiz». 39 Şonda Ony ýene tutmaga synanyşdylar, emma Isa olaryň ellerinden sypyp gaçdy. 40 Isa ýene-de Iordan derýasynyň aňry tarapyna, öňler Ýahýanyň adamlary suwa çümdüren ýerine gitdi we şol ýerde galdy. 41 Köp adamlar Onuň ýanyna gelip: «Ýahýa hiç hili gudratly alamat görkezmese-de, onuň bu Adam hakdaky aýdanlarynyň bary dogry eken» diýişdiler. 42 Şeýlelikde, ol ýerde köp adamlar Isa iman etdiler.