9-njy bap
Isa bir dogabitdi köri sagaldýar
1 Isa geçip barýarka, bir dogabitdi kör adamy gördi. 2 Şägirtleri Ondan: «Mugallym, bu adamyň kör bolup dogulmagyna kim günäkär? Onuň özi günäkärmi ýa-da ene-atasy?» diýip soradylar. 3 Isa olara: «Muňa ol adamyň özi hem, ene-atasy hem günäkär däl. Bu onda Hudaýyň işleriniň görkezilmegi üçin boldy. 4 Özümi Ibereniň işlerini Men gündiz etmeli. Gije ýetip gelýär, şonda hiç kim işläp bilmez. 5 Men dünýädekäm, dünýäniň nury Mendirin» diýip jogap berdi. 6 Onsoň Isa ýere tüýkürdi-de, tüýküliginden palçyk ýasap, ony körüň gözüne sürtdi. 7 Soňra oňa: «Git-de, Siloýam howzunda ýuwun» diýdi. (Siloýam «Iberilen» diýmekdir.) Ol gidip ýuwundy we yzyna gözleri açylyp geldi. 8 Goňşulary we onuň owal dilegçilik edip ýörenini görenler: «Bu oturyp, dilegçilik edýän adam dälmi?» diýip soradylar. 9 Käbirleri: «Şol» diýdiler; käbirleri: «Ýok, bu şoňa meňzeş» diýdiler. Ýöne onuň özi: «Hawa, men şol adam» diýdi. 10 Ondan: «Şeýle bolsa, onda gözleriň nähili açyldy?» diýip soradylar. 11 Ol: «Isa diýen Adam palçyk ýasap, gözüme sürtdi-de: „Siloýam howzuna git-de, ýuwun“ diýdi. Men hem gidip ýuwundym welin, gözlerim açylaýdy» diýip jogap berdi. 12 Ondan: «Şol Adam nirede?» diýip soradylar. Ol: «Bilemok» diýip jogap berdi.
13 Ozal kör bolan bu adamy fariseýleriň ýanyna getirdiler. 14 Isanyň palçyk ýasap, onuň gözlerini açan güni Sabat günüdi. 15 Fariseýler-de onuň gözüniň nähili açylandygy barada soradylar. Ol adam: «Ol meniň gözüme palçyk sürtdi, onsoň ýuwundym. Indi men görýärin» diýip jogap berdi. 16 Fariseýleriň käbirleri: «Ol Adam Hudaýdan däl, sebäbi Sabat gününi saklamaýar» diýdiler. Başgalary bolsa: «Eýsem günäkär adam beýle gudratly alamatlary görkezip bilermi?» diýdiler. Şeýdip, olaryň arasynda agzalalyk döredi. 17 Olar ýene-de körden: «Gözüňi açan şol Adam barada näme diýýärsiň?» diýip soradylar. Ol hem: «Ol bir pygamber» diýdi. 18 Ýahudylaryň baştutanlary gözleri açylan adamyň ejesi bilen kakasyny çagyryp soraýançalar, onuň ozal kör bolup, indi gözleriniň açylandygyna ynanmadylar. 19 Olardan: «Kör doguldy diýýän ogluňyz şumy? Indi bu nädip görýär?» diýip soradylar. 20 Onuň ejesi bilen kakasy olara: «Munuň öz oglumyzdygyny, onuň kör doglandygyny bilýäris. 21 Ýöne onuň indi nädip görýändigini ýa-da onuň gözüni kimiň açandygyny biz bilmeýäris. Ol indi bir ýetişen ýigit, özünden soraň, goý, özi aýdyp bersin» diýip jogap berdiler. 22 Onuň ejesi bilen kakasy ýahudylaryň baştutanlaryndan gorkularyna şeýle diýdiler. Sebäbi ýahudylar Isanyň Mesihdigini ykrar eden adamy sinagogadan kowmak barada dil birikdiripdiler. 23 Şonuň üçin onuň ejesi bilen kakasy: «Ol bir ýetişen ýigit, özünden soraň» diýdiler. 24 Şeýlelik bilen, fariseýler ozalky köri ikinji gezek çagyryp, oňa: «Hudaýyň haky üçin hakykaty aýt. Biz ol Adamyň günäkärdigini bilýäris» diýdiler. 25 Ol adam: «Onuň günäkärdigini ýa-da däldigini bilemok. Ýöne men bir zady bilýärin: ozal kördüm, indi görýärin» diýip jogap berdi. 26 «Ol saňa näme etdi? Gözüňi nädip açdy?» diýip, ondan ýene soradylar. 27 Ol bulara: «Men ýaňy aýtdym ahyry, ýöne diňlemediňiz. Näme üçin ýene eşitmek isleýärsiňiz? Ýa sizem Onuň şägirtleri bolmakçymy?» diýip jogap berdi. 28 Oňa sögüp: «Onuň şägirdi – sensiň, biz Musanyň şägirdidiris. 29 Biz Hudaýyň Musa bilen gepleşendigini bilýäris, bu Adamyň bolsa niredendigini-de bilmeýäris» diýdiler. 30 Ýaňky adam olara şeýle jogap berdi: «Haýran galaýmaly! Siz Onuň niredendigini-de bilmeýärsiňiz, Ol bolsa meniň gözlerimi açdy. 31 Hudaýyň günäkärleri diňlemeýändigini bilýäris, emma kim Oňa sežde edip, Onuň yradasyny berjaý etse, Hudaý ony diňleýär. 32 Dogabitdi körüň gözüniň açylmagy henize çenli görlüp-eşidilen zat däl. 33 Eger Ol Hudaýdan bolmadyk bolsa, hiç zat edip bilmezdi». 34 Oňa: «Sen bütinleý günä içinde doglup, indi bize akyl satýarmyň?» diýdiler. Şeýlelikde, ony sinagogadan kowup çykardylar.
Ruhy körlük
35 Ony kowup goýberenlerini eşiden Isa ýaňky adamy tapyp: «Sen Ynsan Ogluna* iman edýärmiň?» diýdi. 36 Ol hem Oňa: «Aga, aýtsana, Ol kimkä? Men Oňa iman edeýin» diýip jogap berdi. 37 Isa oňa: «Sen Ony gördüň. Ine, seniň bilen gepleşip duran Şoldur» diýdi. 38 Ol hem: «Ýa Reb, iman edýärin» diýip, Oňa sežde etdi. 39 Isa oňa: «Men bu dünýä görmeýänler görsün, görýänler kör bolsun diýip, höküm çykarmaga geldim» diýdi. 40 Muny diňläp duran fariseýleriň käbiri Ondan: «Eýsem bizem körmi?» diýip soradylar. 41 Isa olara: «Kör bolan bolsadyňyz, günäňiz bolmazdy, emma görýäris diýeniňiz üçin günäňiz öz boýnuňyzda galar» diýdi.