Ä
6
Äht – Mukaddes Kitapda Hudaý bilen ynsanlaryň arasynda baglaşylan esasy bäş äht bar:
1. Nuh bilen baglaşylan äht (Gçk 6:18; 9:8-17).
2. Ybraýym bilen baglaşylan äht (Gçk 15; 17).
3. Kanun babatda ysraýyl halky bilen baglaşylan äht (Msr 19:5; 24; Kan 4:13).
4. Dawut bilen baglaşylan äht (2Şam 7:8-16).
5. Isa Mesihiň üsti bilen baglaşylan täze äht (Ýer 31:31-34; Luk 22:20; Ýew 8:6-13).
Gçk 9:9-17; 15:18; Msr 6:3-6; 19:5-6; 2Şam 5:3; Zeb 88:4-5.
Äht sandygy – agaçdan ýasalyp, altyna gaplanan sandyk bolupdyr. Ýüzüne On tabşyryk ýazylan iki ýasy daş bölegi hem onuň içinde saklanypdyr. Sandygyň gapagynyň üstünde ganatlaryny ýaýyp oturan iki sany kerubyň şekili bolupdyr. Bu sandyk mukaddes bolupdyr we Hudaýyň huzury onuň töweregini gurşapdyr, oňa el degirmek gadagan eken. Sandyk çadyryň Iň mukaddes otagynda adamlardan gizlen saklanypdyr, soňrak bolsa ybadathana göçürilipdir. Diňe Günäden saplanma güni baş ruhany oňa ýakyn baryp bilipdir, ol ýany bilen tütetgi alypdyr, munuň tüssesi bolsa sandygyň gapagyny görünmez ýaly ruhanydan gizläpdir.
Msr 25:10-22; 26:33; Lew 16:13-15; Çöl 10:33-36; Ýeş 3; 1Şam 5; 2ÝÝ 5:2-10.
Seret: Baş ruhany.