E
5
Efiopiýa – Mukaddes Kitapda Efiopiýa diýlip terjime edilen ýere häzirki Sudanyň bir bölegi we günorta Müsür, şeýle hem Efiopiýanyň demirgazyk bölegi girýär.
2Şam 18:21; Işa 11:11; 18:1; 20:3; Res 8:25.
Efot
1. dini dabaralar geçirilýän wagty Baş ruhanynyň geýýän ýeňsiz üstki eşigi. Gursakçada saklanýan Urym we Tummym efodyň öň tarapyna baglanypdyr (Msr 28:6-14).
2. Zygyr matadan edilen eşikleri ruhanylar we hezreti Dawut patyşa geýipdir (1Şam 22:18; 2Şam 6:14).
3. Sežde edilýän bir zat (Ser 8:26-27; 17:5).
Seret: Gursakça; Urym we Tummym. 1621-nji sahypadaky surata seret.
El goýmak – Mukaddes Kitapda adamlar başga bir adama pata bermek we täze wezipä bellenendigini yglan etmek üçin onuň üstüne elini goýupdyrlar. Isa adamlara pata berende, şeýle hem şypa berende, elini olaryň üstüne goýupdyr. Edil şunuň ýaly, resullar adamlaryň üstüne ellerini goýanlarynda, olar Mukaddes Ruhy kabul edipdirler ýa-da şypa alypdyrlar.
Gçk 48:14; Çöl 8:10; Mar 10:16; Luk 4:40; Res 6:7; 13:3; 19:6.
Ellinji gün baýramy – Isanyň döwründe ysraýyllaryň Galla baýramy grekçe «Pentikost» diýlip atlandyrylypdyr, bu Ellinji gün diýmegi aňladypdyr. Sebäbi Galla baýramy Pesah baýramyndan elli gün soň bellenilipdir.
Res 2:1
Seret: Galla baýramy; Pesah baýramy.
Elýaşa pygamber – Ylýas pygamberden soň, onuň hyzmatyny dowam etdiren pygamberdir. Ol hem Ylýas pygamber ýaly köp gudratlar görkezipdir.
1Pat 19:16-21; 2Pat 2-13.
Epikurçy filosoflar – epikurçylar Epikur atly filosofyň taglymatlaryna eýeripdirler. Ol adamlaryň durmuşda bagtly bolmalydyklaryny we agyry bilen gorkyny aýryp taşlamalydyklaryny öwredipdir.
Res 17:18.