2‑nji bap
Resullara Mukaddes Ruh inýär
1 Ellinji gün baýramy güni ähli imanlylar bir ýere ýygnanyşyp otyrdylar. 2 Birdenkä asmandan güýçli şemalyň sesine meňzeş şuwwuldy peýda bolup, olaryň oturan öýüniň içini doldurdy. 3 Olar uçguna meňzeş bir zatlaryň pytrap, öz üstlerine inendigini gördüler. 4 Olaryň hemmesi Mukaddes Ruhdan doldular we Mukaddes Ruhuň beren ukybyna görä, başga dillerde gepläp başladylar. 5 Şol döwürde Iýerusalimde dünýäniň ähli ýurtlaryndan gelen hudaýhon ýahudylar ýaşaýardylar. 6 Bu galmagally sese uly mähelle ýygnandy. Olar öz ene dillerindäki gürrüňleri eşidip, aljyradylar. 7 Hemmeler haýran galdylar we geňirgenişip, biri-birlerine şeýle diýdiler: «Serediň, bu gepleýänleriň hemmesi jelileli dälmi näme? 8 Onda nädip biziň her birimiz öz ene dilimizdäki sözleri eşidýäris? 9 Aramyzda Parfiýadan, Madaýdan, Eýlamdan, Mesopotamiýadan, Ýahudyýadan, Kappadokiýadan, Pontusdan we Aziýadan gelenler bar. 10 Frikiýadan, Pamfiliýadan, Müsürden, Kirineýiň golaýyndaky Liwiýadan gelenler hem bar. Şeýle-de Rimden gelen ýahudylar we ýahudy dinini kabul edenler bar. 11 Käbirimiz Krit adasyndan we Arabystandan geldik. Muňa garamazdan, Hudaýyň beýik işleri barada olaryň biziň ene dilimizde gepleýändigini eşidýäris». 12 Olar haýran galdylar we aljyraşyp: «Bu näme boldugyka?» diýişdiler. 13 Käbirleri bolsa olary masgaralap: «Olar şerapdan serhoş bolupdyrlar» diýdiler.
Petrus halka wagyz edýär
14 Şonda Petrus Onbirler bilen bile ýerinden turup, batly ses bilen şeýle diýdi: «Eý, ýahudy doganlar we Iýerusalim ilaty! Munuň manysyny size düşündireýin, meniň sözlerime gulak asyň. 15 Bular siziň pikir edişiňiz ýaly, serhoş däl. Sagat ýaňy irden dokuz ahyry. 16 Ýok, bu görýänleriňiz Ýowel pygamber tarapyndan aýdylandyr:
17 ‡„Hudaý şeýle diýýär:
Ahyrky günlerde şeýle bolar,
Men ähli ynsanlaryň üstüne
Öz Ruhumy dökerin.
Pygamberlik eder oguldyr gyzlaryňyz,
aýanlyk alarlar ýigitleriňiz,
düýşler görer garrylaryňyz.
18 Şol günlerde Men hatda gullardyr gyrnaklaryň üstüne,
Öz Ruhumy dökerin.
Olar-da pygamberlik ederler.
19 Men ýokarda, asmanda mugjyzalar,
aşakda, ýerde alamatlar:
gan, ot hem-de tüsse sütünlerini görkezerin.
20 Rebbiň beýik we gazaply güni gelmezden ozal,
Gün tümlüge, Aý hem gana döner.
21 Şonda Rebbi çagyran her bir ynsan halas bolar“.
22 Eý, ysraýyl halky! Bu sözlere gulak asyň: öz bilşiňiz ýaly, Hudaý nasyraly Isa arkaly araňyzda gudratlar, mugjyzalar we alamatlar görkezdi. Munuň bilen Ol Isanyň ygtyýarlygyny tassyklady. 23 Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz. 24 Emma Hudaý Ony direldip, ölüm jebrinden halas etdi. Onuň ölüm penjesinde galmagy mümkin däldi. 25 ‡Dawut Ol hakda şeýle diýipdi:
„Reb elmydama gözlerimiň öňünde;
sarsdyrylmaryn, çünki Ol meniň sagymda.
26 Şoňa görä ýüregim begençli, dilim şatlanýar,
bedenim hem umyt bilen ýaşaýar.
27 Çünki Sen meni ölüler dünýäsinde goýmarsyň,
sadygyňyň gabyrda çüýremegine ýol bermersiň.
28 Ýaşaýyş ýoluny maňa görkezersiň:
huzuryňda meni şatlykdan doldurarsyň“.
29 Doganlar! Beýik atamyz Dawut hakda meniň size aç-açan aýtmagym gerek. Ol öldi, jaýlandy, mazary bolsa biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr. 30 Dawut bir pygamberdi. Hudaýyň ant içip, beren sözüne görä, Dawut öz neslinden biriniň onuň tagtynda* oturjakdygyny bilýärdi. 31 Dawut geljegi öňden görüp, Mesihiň direlişi barada şeýle diýipdi: „Hudaý Ony ölüler dünýäsinde galdyrmady, Onuň bedeni gabyrda çüýremedi“. 32 Hudaý Isany ölümden direltdi, biziň hemmämiz muňa şaýatdyrys. 33 Indi Isa beýgeldildi we Ol Hudaýyň sagynda otyr. Ol wada edilen Mukaddes Ruhy Ata Hudaýdan kabul edip, Ony biziň üstümize ýagdyrdy. Muny siziň özüňiz görüp we eşidip dursuňyz. 34-35 ‡Dawudyň özi göklere çykmasa-da, şeýle diýipdi:
„Hudaý Rebbime şeýle sözledi:
‘Duşmanlaryňy aýak astyna salýançam,
Meniň sagymda otur’“.
36 Şonuň üçin hem, eý, tutuş ysraýyl halky, şuny anyk bilip goý: Hudaý siziň haça çüýlän bu Isaňyzy hem Reb, hem Mesih edip belledi».
37 Bu sözleri eşidende, adamlaryň ýüregine hanjar urlan ýaly boldy. Olar Petrusdan we beýleki resullardan: «Doganlar, biz näme etmeli?» diýip soradylar. 38 Petrus olara şeýle diýdi: «Toba ediň, her biriňiz Isa Mesihiň ady bilen suwa çümdüriliň. Şonda siziň günäleriňiz bagyşlanar we Mukaddes Ruhuň peşgeşini alarsyňyz. 39 Bu wada siziň özüňiz we çagalaryňyz üçin, uzakda bolanlaryň ählisi, ýagny Hudaýymyz Rebbiň çagyrjaklarynyň her biri üçindir».
40 Petrus başga-da köp deliller bilen olara şaýatlyk edip: «Özüňizi bu azgyn nesilden halas ediň!» diýip ýalbardy. 41 Şeýlelikde, onuň sözlerini şatlyk bilen kabul edenler suwa çümdürildi. Şol gün üç müňe golaý adam iman etdi. 42 Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.
Imanlylar arasyndaky birlik
43 Resullar arkaly köp mugjyzalardyr alamatlar görkezilýärdi. Şol sebäpli hemmeleriň kalbyny gorky gaplapdy. 44 Iman edenleriň hemmesi bilediler. Olar ähli zatlaryny orta goýýardylar. 45 Mal-mülklerini satyp, her kimiň mätäçligine görä öz aralarynda bölüşerdiler. 46 Olar bir adam ýaly bolup, her gün ybadathanada ýygnanardylar. Biri-biriniňkä myhmançylyga baryp, çöregi bölüşip iýýärdiler. Çyn ýürekden şatlanyp naharlaryny paýlaşardylar. 47 Hudaýa alkyş okap, bütin il içinde hormatlanylýardylar. Hudaý hem halas bolanlaryň sanyny günsaýyn köpeldýärdi.