3‑nji bap
Petrus otura maýyby sagaldýar
1 Bir gün Petrus bilen Ýohanna öýlän sagat üçlerde – doga-dileg wagty ybadathana gitdiler. 2 Şol wagt ybadathananyň Owadan diýen derwezesine bir dogabitdi otura adamy göterip getirdiler. Ybadathana girýänlerden sadaka dilemegi üçin, ony her gün şol ýere getirip oturdýardylar. 3 Bu adam Petrus bilen Ýohannanyň ybadathana girip barýanyny görüp, olardan sadaka diledi. 4 Petrus bilen Ýohanna oňa üns berip seretdiler. Soňra Petrus oňa: «Bize seret!» diýdi. 5 Ýaňky adam olardan bir zat alaryn öýdüp, olara çiňerilip seretdi. 6 Petrus oňa: «Meniň kümşüm, altynym ýok, ýöne özümde barymy saňa berýärin. Nasyraly Isa Mesihiň adyndan buýurýaryn: Tur-da, ýöre!» diýdi. 7 Onsoň Petrus onuň sag elinden tutup, oňa ýerinden turmaga kömek etdi. Ýaňky adamyň şobada aýaklaryna ysgyn geldi. 8 Ol ýokary towusdy-da, ýöräp başlady. Onsoň Hudaýa alkyş aýdyp, ýöräp hem towsup, olar bilen birlikde ybadathana girdi. 9 Bütin halk onuň ýöreýändigini we Hudaýy alkyşlaýandygyny gördi. 10 Adamlar onuň ybadathananyň Owadan diýen derwezesinde sadaka diläp oturýan adamdygyny tanadylar. Onuň başdan geçiren bu wakasyna juda haýran galdylar.
Petrusyň ybadathanadaky sözi
11 Ýaňky sagalan otura Petrus bilen Ýohannany goýbermän durka, tutuş halk haýran galyp, olara tarap, Süleýmanyň eýwany diýen ýere ylgaşyp geldi. 12 Petrus muny görende, halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Eý, ysraýyl halky! Näme üçin muňa haýran galýarsyňyz? Näme üçin biz bu adamy öz gudratymyz ýa hudaýhonlygymyz bilen ýöreden ýaly, bize beýle dykgat bilen seredýärsiňiz? 13 Ata-babalarymyz Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýy Öz guly Isany şöhratlandyrdy. Emma siz Ony ölüme tabşyrdyňyz, hatda Pilat Ony boşatmagy ýüregine düwende-de, siz Ony Pilatyň huzurynda inkär etdiňiz. 14 Hawa, siz Mukaddes we Dogry Bolany inkär edip, bir ganhoryň boşadylmagyny talap etdiňiz. 15 Siz Ýaşaýyş Gözbaşyny öldürdiňiz, emma Hudaý Ony direltdi. Biz muňa şaýatdyrys. 16 Ine, siziň görýän hem tanaýan bu adamyňyz Isanyň adyna bolan imany arkaly gözüňiziň alnynda bütinleý sagaldy. Siziň hemmäňiziň görşüňiz ýaly, Isa bolan bu iman ony sagaltdy. 17 Eý, dostlar, edil öz ýolbaşçylaryňyz ýaly, siziň-de düşünmezlikden şeýle hereket edendigiňizi bilýärin. 18 Emma Hudaý Öz Mesihiniň görgi görjekdigi barada ähli pygamberleriň üsti bilen öňden aýdanlaryny berjaý etdi. 19 Indi günäleriňiziň bagyşlanmagy üçin toba ediň we Hudaýa tarap öwrüliň. 20 Şonda Reb size aram tapyş pursadyny berer. Ol siziň üçin bellenen Mesihi, ýagny Isany ýollar. 21 Hudaýyň Öz mukaddes pygamberleri arkaly owaldan söz berşi ýaly, ähli zady dikeltmegiň wagty geler. Emma şol wagt gelýänçä, Isanyň gökde galmagy gerek. 22 ‡Musa şeýle diýipdi: „Hudaýyňyz Reb siziň üçin öz halkyňyzyň arasyndan meniň ýaly bir pygamber çykarar. Onuň size aýtjak her bir sözüne gulak asyň. 23 ‡Kimde-kim şol pygambere gulak asmasa, ol adam Hudaýyň halkynyň arasyndan çykarylyp, doly ýok ediljekdir“. 24 Hakykatdan hem, Şamuwelden başlap, ähli pygamberler bu günleriň wakalary barada pygamberlik etdiler. 25 ‡Siz şol pygamberleriň nesillerisiňiz we Hudaýyň ata-babalaryňyz bilen baglaşan ähtiniň mirasçylarysyňyz. Hudaý Ybraýyma: „Ýer ýüzüniň ähli milletleri seniň nesliň arkaly pata alarlar!“ diýdi. 26 Ýaman ýoluňyzdan öwrüp, sizi ýalkamak üçin, Hudaý Öz guly Isany saýlady we ilki bilen Ony size ýollady».