20‑nji bap
Müsüre we Efiopiýa garşy pygamberlik
1 Aşur patyşasy Sargon baş serkerdesini Aşdoda ýollap, oňa garşy söweşip, Aşdody ele saldy. 2 Şol wagt Reb Amozyň ogly Işaýa: «Git-de, egniňdäki july, aýagyňdaky çarygyňy çykar» diýdi. Işaýa şeýle edip, diňe içki geýiminde aýakýalaň geziberdi. 3 Reb şeýle diýdi: «Edil gulum Işaýanyň Müsüre we Efiopiýa alamat hem nyşan hökmünde üç ýyllap diňe içki geýimde, aýakýalaň gezişi kimin, 4 Aşuryň patyşasy-da Müsüre utanç bolsun diýip, müsürlileri sürgün edip, efiopiýalylary ýesir alyp, ýaşlardyr garrylary ýalaňaç, aýakýalaň, otyrýerleri açyk halda äkider. 5 Efiopiýa umyt baglaýan, Müsüre öwünýän halk gorkar we utanja galar. 6 Şol gün bu kenar ýakasynda ýaşaýanlar şeýle diýerler: „Ine, Aşur patyşasyndan halas bolmak üçin ýardam isläp, umyt baglanlarymyza, gör, nämeler boldy! Indi biz nähili gaçyp gutularys?“».