21‑nji bap
Babylyň, Edomyň we Arabystanyň garşysyna pygamberlik
1 Deňiz ýanyndaky çöl hakda pygamberlik:
Tüweleýleriň günortadan gelşi deý,
basybalyjy-da gorkunç ýurtdan, çölden geler.
2 Bir gorkunç görnüş aýan boldy,
haýyn haýynlyk edýär,
talaňçy talaýar.
Hüjüm et, eý, Eýlam!
Gaba, eý, Madaý!
Babyl sebäpli bolan
nalyşlaryň soňuna çykaryn.
3 Munuň üçin sanjy tutdy bilimden,
dogurýan aýalyň burgusy dek,
burgular tutdy meni;
eşidýänlerimden ýaňa iki büküldim,
görýänlerimden ýaňa gorky gaplady.
4 Ýüregim bikarardyr,
saňňyldaýan gorkudan ýaňa;
küýsän alagaraňkylygym
wehime salgar.
5 Iýýärler, içýärler,
halylar düşäp,
saçak ýazyp.
Eý, serkerdeler, turuň-da,
galkanlary ýaglaň!
6 Reb maňa şeýle diýdi:
«Git-de bir gözegçi goý,
goý, ol habar bersin görenini.
7 Ol söweş arabalaryny,
jübüt-jübüt atlylary,
eşeklileri, düýelileri görende,
dykgat bersin, üns bersin».
8 Gözegçi* gygyrdy:
«Ýa Reb,
gözegçilik diňidir gündizlerine ornum,
nobatçylyk çekýän bütin gijeläp.
9 Jübüt-jübüt atlylar gelýär, ine,
öz söweş arabalaryny tirkäp.
„Ýykyldy, Babyl ýykyldy;
onuň but-hudaýlary ýere ýazyldy,
owradyldy“» diýip jogap berdi ol.
10 Eý, harmanda döwlen,
ýele sowrulan halkym!
Hökmürowan Rebden,
Ysraýylyň Hudaýyndan eşidenlerimdir,
size aýan edýänim.
11 Duma baradaky pygamberlik:
Segirden* çagyrýar biri meni:
«Eý, gözegçi, daň atara näçe wagt bar?
Näçe wagt bar daňyň ýagtylmagyna?»
12 «Daň atyp barýar,
ýöne entek gije.
Ýene sorajak bolsaňyz soraň,
soňra öwrülip geliň» diýýär gözegçi.
13 Arabystan hakyndaky pygamberlik:
Eý, dedanlylaryň kerwenleri!
Gijäni Arabystan jeňňelinde geçirersiňiz.
14 Eý, Teýma ýurdunyň halky,
suwsana suw,
bosgunlara çörek ber.
15 Olar gylyçdan gaçdylar,
syrylan gylyçdan,
çekilen ýaýdan,
agyr söweşden gaçdylar.