11‑nji bap
Ýyşaýyň nesli
1 Ýyşaýyň kötüginden bir pudak çykar,
kökünden gögeren Şaha miwe berer.
2 Rebbiň Ruhy:
danalyk hem paýhas,
maslahat hem güýç-gudrat,
Rebbi bilmek hem
Ondan gorkmak ruhy
Onuň üstünde bolar.
3 Ol Rebden gorkmakdan lezzet alar,
görşüne görä höküm çykarmaz Ol,
eşidişine görä karar çykarmaz.
4 Garyplara dogrulyk bilen kazylyk eder Ol,
ýer ýüzündäki pukaralar üçin dogry karar çykarar.
Buýruk bilen jezalandyrar dünýäni Ol,
pisleri-de Öz sözleri bilen öldürer.
5 Dogrulyk hem sadyklyk guşak bolar biline.
6 Möjek bilen guzy bir ýerde ýaşar,
bir ýerde ýatar gaplaň we owlak,
göle, arslan we bir ýaşar mal biledir,
olary bir ýaş bala bakar.
7 Sygyr aýy bilen bile otlar,
balalary-da bile ýatar olaryň,
arslan öküz dek saman iýer.
8 Emýän çaga gara ýylanyň hininiň agzynda oýnar,
süýtden aýrylan çaga elini kepjebaşyň hinine sokar.
9 Mukaddes dagymda
zelel ýetirilmez, hiç kim heläk edilmez,
bütin ýer ýüzi
deňziň suwdan doluşy deý,
Rebbi bilmekden dolar.
10 Şol gün Ýyşaýyň köki halklara nyşan bolar; milletler Oňa ýüz tutarlar, Onuň mesgeni şöhratly bolar. 11 Şol gün Aşurdan, Müsürden, Patrosdan, Efiopiýadan, Eýlamdan, Şingardan, Hamatdan we adalarda aman galan halkyny yzyna getirmek üçin, Taňry ikinji gezek elini uzadar.
12 Ol milletler üçin baýdak galdyrar,
Ysraýylyň sürgündäkilerini toplar,
ýer ýüzüniň dört künjeginden,
Ýahudanyň darganlaryny ýygnar.
13 Efraýymyň gabanjaňlygy aýrylar,
Ýahudanyň duşmanlary ýok ediler,
Efraýym Ýahuda göripçilik etmez,
Ýahuda Efraýyma duşmançylyk etmez.
14 Olar bilelikde günbatardaky piliştlileriň üstüne hüjüm ederler,
bilelikde gündogaryň halkyny talarlar,
Edoma, Mowaba garşy el galdyrarlar,
ammonlar tabyn bolarlar olara.
15 Müsür deňziniň aýlagyny
bütinleý guradar Reb,
güýçli ýeli bilen
elini Ýewfrat derýasyna galgadar,
ýedi çeşmä böler ony,
çarykly geçerler adamlar ondan.
16 Ysraýyllaryň Müsürden çykan güni
Ysraýyla edişi ýaly,
Rebbiň Aşurda aman galan halky üçin
uly ýol açylar.