10-njy bap
1 Adalatsyz parzlary çykarýanlaryň dat gününe!
zorluk permanyny ýazýanlaryň waý halyna!
2 Ejizleriň hakyny iýýärsiňiz,
ýoksullary adalatdan mahrum edýärsiňiz,
dul hatynlary awlaýarsyňyz,
ýetimler oljaňyz bolýar.
3 Jeza güni,
uzakdan betbagtçylyk gelende,
näme ederkäňiz?
Kimden kömek sorarkaňyz,
nireden jaý taparkaňyz baýlygyňyza?
4 Ýesirleriň arasynda dyza çökmekden,
Jesetlere büdräp ýykylmakdan gaýry
çäräňiz bolmaz siziň.
Barybir sönmändi Rebbiň gazaby,
jeza bermäge taýyndyr
henizem Onuň eli.
Rebbiň Aşur baradaky hökümi
5 Dat günüňe, Aşur!
Ol gaharymyň hasasydyr!
Elindäki taýagydyr gazabym!
6 Ony hudaýsyz milletiň garşysyna,
gazaplanan halkymyň garşysyna iberýärin,
oňa talamagy, talanyny olja almagy,
olary köçeleriň palçygy kimin
aýak astyna almagy buýurdym.
7 Emma Aşur patyşasy beýle niýet edenok,
beýle pikir etmeýär ol;
ýüreginde köp milletleri gyrmak,
köki-damary bilen ýok etmek küýündedir onuň.
8 Ol şeýle diýýär:
«Leşgerbaşylarymyň ählisi
patyşa dälmi näme?
9 Kalno şäheri Karkemiş kimin dälmi?
Arpat kimin dälmi Hamat?
Samariýa Damask kimin dälmi?
10 Iýerusalim bilen Samariýanyňkydan-da beýik oýma butlary bolan
butparaz patyşalyklary ele salşym ýaly,
11 Samariýa we onuň butlaryna edişim ýaly,
Iýerusalime we onuň butlaryna- -da şeýle ederin».
 
12 Reb Sion dagynda we Iýerusalimde ähli işini gutaranda şeýle diýer: «Aşur patyşasyny tekepbir ýüregine, gedem bakyşyna görä jezalandyraryn». 13 Çünki Aşur patyşasy şeýle diýýär:
«Muny öz elimiň güýji bilen,
öz paýhasym bilen gazandym,
men paýhaslydyryn.
Milletleriň serhetlerini aýyrdym,
olaryň hazynalaryny taladym,
tagtyndan agdardym güýçli şalary.
14 Milletleriň baýlygyny tapdy elim,
höwürtge tapan ýaly;
terk edilen ýumurtgalaryň
ýygnalyşy kimin,
bütin dünýäni ýygnadym.
Ganat kakyp, agzyny açyp,
ses çykaran bolmady».
 
15 Palta özüni işledýäniň ýanynda öwünermi?
Byçgy özüni ulanýandan beýgeldermi özüni?
Özüni göterýäni göterermi taýak?
Özüni galdyrýany galdyrarmy hasa?
16 Munuň üçin Hökmürowan Taňry Reb,
Aşuryň semizlerine horluk ýollar,
Onuň şöhratynyň astynda ot ýalyny tutaşar.
17 Ysraýylyň Nury ot,
onuň Mukaddesi ýalyn bolar,
ýalyn onuň tikenleridir
çalylaryny bir günde ýakyp-ýandyrar.
18 Gözel tokaýlarydyr,
mes toprakly ýerlerini
bütinleý ýok eder Reb,
heläk bolar
agyr derde ýolugan adam deý.
19 Tokaýlarynda galan agaçlar şeýle az welin,
çaga-da sanap, ýazyp biler olary.
Ysraýylyň aman galanlary
20 Şol gün Ysraýylyň aman galanlary we Ýakubyň nesilleriniň halas bolanlary mundan beýläk özlerine jeza berýäne däl-de, eýsem tüýs ýürekden Ysraýylyň Mukaddesine bil baglarlar. 21 Aman galanlar, Ýakubyň aman galanlary gudratly Hudaýa dolanarlar. 22 Halkyň Ysraýyl deňiz ýakasyndaky çäge deý köp bolsa-da, onuň diňe aman galanlary Hudaýa dolanarlar. Karar edilen heläkçilik dogrulyk bilen amala aşyrylar. 23 Gudratygüýçli–Hökmürowan Reb höküm edişi ýaly, bütin ýer ýüzünde heläkçiligi amala aşyrar.
24 Şonuň üçin Gudratygüýçli-Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Eý, Meniň Sionda ýaşaýan halkym! Müsürliler kimin size garşy hasasyny galdyryp, taýak bilen uranda, siz aşurlylardan gorkmaň. 25 Ine, biraz wagtdan gaharym ýatyşar, gazabym aşurlylary heläk etmäge gönüger. 26 Orep gaýasynda midýanlary weýran edişi kimin, Hökmürowan Reb olara garşy gamçy galdyrar. Hasasyny Müsürde ýokary galdyryşy kimin deňziň üstüne uzadar. 27 Şol gün aşurlylaryň ýüki siziň gerşiňizden, boýuntyrygy siziň boýnuňyzdan aýrylar; semizligiňizden ýaňa boýuntyryk döwler».
 
28 Aýat şäherine gelýärler olar,
Migrondan geçýärler,
Mikmaşda ýüklerini goýýarlar.
29 Geçelgeden geçýärler olar,
Gebada bir gije düşleýärler,
Rama şäheri lerzana gelýär,
Şawulyň Gibga şäheriniň ilaty gaçýar.
30 Bar sesiňe gygyr, eý, Gallym gyzy!
Gulak goý, eý, Laýşa!
Eý, görgüli Anatot!
31 Madmena gaçyp gidýär,
Gebimiň ilaty pena agtarýar.
32 Bu gün duşmanlar Nopda galarlar,
Sion gyzynyň dagyna,
Iýerusalimiň depesine ýumruk çenär.
33 Ine, Hökmürowan Taňry Reb
gudratly güýji bilen keser şahalary,
iň beýik agaçlar çapylar,
belentlikleri ýere ýazylar.
34 Tokaýyň gür ýerlerini palta bilen çapar,
Liwan Gudratly Bolanyň öňünde ýykylar.