6-njy bap
Sadaka bermek barada
1 «Habardar boluň, sogap işleriňizi adamlara görünmek üçin hemmeleriň gözüniň alnynda etmäň. Beýle etseňiz, gökdäki Ataňyzdan sylag almarsyňyz. 2 Şonuň üçin hem mätäje sadaka bereniňizde, öňüňizde surnaý çaldyryp, muny uly ile jar etmäň. Adamlaryň öwgüsini gazanjak bolup, ikiýüzlüler sinagogalarda, köçelerde şeýle edýärler. Size dogrusyny aýdýaryn: olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. 3 Siz sadaka bereniňizde, sag eliňiziň näme edýänini sol eliňiz bilmesin. 4 Şunlukda, berýän sadakaňyz gizlin bolsun. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer*.
Hudaýa doga-dileg etmek hakda
(Luka 11:2-4)
5 Doga-dileg edeniňizde, ikiýüzlüler ýaly bolmaň. Olar göz üçin sinagogalarda, köçeleriň burçlarynda durup, doga okamagy halaýarlar. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. 6 Emma siz doga-dileg edeniňizde, otagyňyza girip, gapyny ýapyň-da, görünmeýän Ataňyza gizlinlikde ediň. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer. 7 Doga-dileg edeniňizde, butparazlar ýaly, boş sözleri gaýtalap durmaň. Olar köp sözlemek bilen eşidileris öýdýärler. 8 Olar ýaly bolmaň. Ataňyz size nämeleriň gerekdigini Özünden dilemänkäňiz bilýär ahyryn. 9 Şonuň üçin, şeýle doga-dileg ediň:
„Eý, gökdäki Atamyz!
Adyň mukaddes bolsun!
10 Patyşalygyň gelsin!
Gökde bolşy ýaly,
ýerde-de Seniň islegiň amala aşsyn!
11 Gündelik çöregimizi bize şu gün ber.
12 Bize ýamanlyk edýänleri bagyşlaýşymyz ýaly,
Sen hem biziň ýazyklarymyzy bagyşla.
13 Bizi synaga salma, gaýtam bizi şeýtandan halas et.*
14 Başgalaryň özüňize eden ýazyklaryny bagyşlasaňyz, gökdäki Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlar. 15 Emma siz olaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz.
Agyz beklemek hakynda
16 Agyz bekläniňizde ikiýüzlüler ýaly ýüzüňizi sallamaň. Olar adamlara agyz bekleýändiklerini görkezjek bolup, özlerine timar bermeýärler. Size dogrusyny aýdýaryn, olar eýýäm öz sylagyny alandyrlar. 17 Emma siz agyz bekläniňizde, başyňyza ýag guýup, ýüzüňizi ýuwuň. 18 Şonda siziň agyz bekleýändigiňiz adamlara däl-de, diňe ýaşyryn Ataňyza görner. Gizlinlikde edileni görýän Ataňyz siziň sylagyňyzy berer.
Gökdäki hazyna barada
(Luka 12:33,34; 11:34-36; 16:13)
19 Bu dünýäde özüňize hazyna ýygnamaň, bu ýerde ony güýe bilen pos iýýändir, munda ogrular girip ogurlaýandyr. 20 Muňa derek özüňize gökde hazyna ýygnaň, ol ýerde ne güýe, ne pos iýýändir, ne-de ogrular girip ogurlaýandyr. 21 Hazynaňyz nirede bolsa, ýüregiňiz hem şol ýerde bolar.
22 Bedeniň çyrasy gözdür. Gözüň sagdyn bolsa, tutuş bedeniň hem ýagty bolar. 23 Gözüň şikesli bolsa, tutuş bedeniň hem garaňky bolar. Eger sendäki yşyk garaňky bolsa, onda ol nähili elhenç garaňkylykdyr!
24 Hiç kim iki hojaýyna hyzmat edip bilmez. Ol ýa birini ýigrenip, beýlekisini söýer, ýa-da birine wepaly bolup, beýlekisini äsgermezlik eder. Siz hem Hudaýa, hem baýlyga hyzmat edip bilmersiňiz.
Gaýgy etmäň
(Luka 12:22-31)
25 Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir? 26 Guşlara serediň, olar ne ekýärler, ne orýarlar, ne-de ammarlarda iýmit toplaýarlar. Muňa garamazdan, gökdäki Ataňyz olary-da iýmitlendirýär. Siz olardan has gymmatly dälmisiňiz? 27 Siziň haýsy biriňiz gaýgy edip, ömrüňizi bir sagat uzaldyp bilýärsiňiz? 28 Näme üçin egin-eşigiň aladasyny edýärsiňiz? Meýdandaky liliýalaryň nähili ösüşine serediň: olar ne zähmet çekýärler, ne-de ýüp egirýärler. 29 Emma Men size diýýärin, hatda Süleýman hem özüniň bütin şan-şöhratynda bularyň hiç biri ýaly geýinmändi. 30 Emma bu gün bar bolup, ertir ojaga taşlanýan meýdan otuny Hudaý şeýle geýindirýän bolsa, sizi ondan has artyk geýindirmezmi, eý, imany azlar? 31 Şonuň üçin näme iýip-içeris, näme geýeris diýip alada etmäň. 32 Bu zatlaryň baryny butparazlar agtarýarlar, ýöne gökdäki Ataňyz bularyň ählisiniň size gerekdigini bilýär. 33 Siz bolsa öňürti Hudaýyň Şalygyny we Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler. 34 Şonuň üçin ertiri gaýgy etmäň, ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir».