4‑nji bap
Ybraýymyň imany
1 Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, atamyz Ybraýym babatda näme aýdyp bileris? 2 Eger Ybraýym Hudaýyň nazarynda ýagşy işleri arkaly aklanan bolsa, onda, dogrudan-da, öwnüp bilerdi, emma Hudaýyň öňünde däl. 3 ‡Çünki Mukaddes Ýazgyda: «Ybraýym Hudaýa iman etdi we Hudaý ony dogry hasaplady» diýip ýazylgydyr. 4 Haýsydyr bir iş edýän adam öz çeken zähmeti üçin hak alýandyr. Bu peşgeş däldir. 5 Emma günäkärleri aklaýan Hudaýa iman edýän adam hiç iş etmese-de, iman edýändigi üçin Hudaýyň huzurynda aklanýandyr. 6 Ine, ýagşy işleri etmese-de, Hudaý tarapyndan aklanan adamy Dawut hem bagtyýar saýyp, şeýle diýýär:
7 ‡«Ýazygy bagyşlanan, günäsi örtülen adam
nähili bagtly!
8 Reb tarapyndan etmişi hasaba alynmaýan adam
nähili bagtly!»
9 Eýsem bu bagtyýarlyk diňe sünnetlilere degişlimidir? Ýa-da sünnetsizlere hem degişlimikä? Ozal aýdyşymyz ýaly, Hudaý Ybraýymyň imany üçin ony dogry hasaplady. 10 Eger şeýle bolsa, haçan dogruçyl hasaplady? Sünnetlenmänkämi ýa-da sünnetlenenden soň? Ýok, soň däl-de, öň dogruçyl hasaplady! 11 Ybraýym sünnetlenmänkä iman etdi, sünneti bolsa iman arkaly alan aklanmasynyň möhüri hökmünde kabul etdi. Şeýdip, Ybraýym sünnetsizlikde iman edip, dogruçyl hasaplanan her bir adamyň atasy boldy. 12 Şeýle-de, atamyz Ybraýym sünnetlileriň hem atasydyr. Ýöne şeýle sünnetlileriň imany Ybraýymyň sünnetlenmeden ozal iman edişi ýaly bolmalydyr.
13 Hudaý Ybraýyma we onuň nesline dünýäni miras bermegi wada berdi. Bu wada Ybraýyma Musanyň Kanunyny berjaý edendigi üçin däl-de, iman edip, Hudaýyň nazarynda dogruçyl hasaplanandygy üçin berildi. 14 Çünki Musanyň Kanunyny berjaý edýänler dünýäni miras aljak bolsalar, onda iman ähmiýetini ýitirerdi, wadanyň bahasy bolsa kör köpük bolardy. 15 Sebäbi bu Kanunyň bozulmagy Hudaýy gazaplandyrýar. Emma Kanunyň bolmadyk ýerinde Kanuny bozmaklyk-da ýokdur. 16-17 ‡Şoňa görä-de, berlen wadany iman arkaly alyp bolýandyr. Wada merhemetli peşgeş bolup, Ybraýymyň tutuş nesline – diňe Musanyň Kanunyna eýe bolanlara däl, eýsem Ybraýym ýaly iman edýänleriň baryna degişlidir. Mukaddes Ýazgyda Hudaýyň Ybraýyma: «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýşi ýaly, Ybraýym Hudaýyň nazarynda ählimiziň atamyzdyr. Sebäbi ol merhumlary direldýän we ozal bolmadyk zatlary bar edýän Hudaýa iman etdi. 18 ‡Hudaý Ybraýyma «Seniň san-sajaksyz nesliň bolar» diýip aýdypdy. Şonuň üçin-de, Ybraýym köp milletleriň atasy bolmaga hiç umydynyň galmandygyna garamazdan, imany sebäpli umytdan düşmedi. 19 Ol ýaşynyň ýüze golaýlap, bilinde kuwwatynyň galmandygyna, Saranyň önelgesizdigine garamazdan, imanynda gowşamady. 20 Hudaýyň beren wadasyna şübhelenip, imansyzlyk etmedi. Tersine, imanda berkäp, Hudaýy şöhratlandyrdy. 21 Ol Hudaýyň Öz beren wadasynda tapyljakdygyna doly ynandy. 22 Ine, şeýle imany üçin Hudaý «ony dogry hasaplady». 23 Bu sözler diňe Ybraýyma degişli däldir. 24 Bu bize, ýagny Rebbimiz Isa Mesihi ölümden direlden Hudaýa iman edip, dogruçyl hasaplanýanlara hem degişlidir. 25 Isa Mesih biziň günälerimiz üçin ölüme tabşyrylyp, Hudaýyň nazarynda aklanylmagymyz üçin direldildi.