3‑nji bap
Hudaýyň sadyklygy
1 Şeýlelikde, ýahudy bolmagyň näme artykmaçlygy bar? Sünnetiň näme peýdasy bar? 2 Ýahudy bolmagyň artykmaçlygy köpdür! Sebäbi Hudaýyň kanunlary we wadalary ilki ýahudylara berildi. 3 Olaryň käbiriniň Hudaýa sadyk galmandygy hemmelere mälimdir. Ýöne olaryň biwepalygy, heý-de, Hudaýyň sadyklygyny ýok edermi? 4 Asla etmez! Adamlaryň ählisi biwepa bolaýanda-da, Hudaý sadykdyr. Sebäbi Mukaddes Ýazgylarda Hudaý barada şeýle ýazylgydyr:
«Sen çykaran hökümiňde adalatlysyň,
Kazylyk edeniňde, üstün çykansyň».
5 Ýöne biziň bütin nädogrulygymyz Hudaýyň dogrulygyny has äşgär edýän bolsa, muňa näme diýeris? Käbir ynsanlaryň şeýle diýip soramagy mümkin: eýsem Hudaý Öz gazabyny başymyzdan inderende, biz babatda adalatsyzlyk edýärmikä? 6 Elbetde, ýok! Hudaý adyldyr. Eger şeýle bolmasa, Ol heý-de dünýä kazylyk edip bilermi?! 7 Ýöne meniň biwepalygym arkaly Hudaýyň sadyklygy has äşgär bolup, Onuň şöhraty artýan bolsa, men bir günäli hökmünde höküm edilmelimi näme? 8 Ýagşylygy artdyrmak üçin, belki, biz ýamanlyk etmelidiris? Elbetde, ýok! Ýöne käbir adamlar men hut şeýle zatlary öwredýärmişim diýip, maňa töhmet baryny ýapýarlar. Şeýle töhmetçiler öz edenlerine laýyk jeza alarlar.
Hemmeler günälidir
9 Onda näme, biz ýahudylar beýleki milletlerden artykmy? Asla artyk däldiris! Ýahudylaryň-da, başga milletleriň-de günäniň tussaglygyndadygy barada öň aýdypdyk ahyryn. 10 Mukaddes Ýazgylarda hem şeýle ýazylgydyr:
«Dogry adam ýok, ýok ýeke biri-de;
11 Düşünýän asla ýok,
Hudaýy agtarýan-da ýok.
12 Olaryň hemmesi ýoldan çykdy,
ählisi deň derejede dereksiz boldy.
Ýagşylyk edýän ýok,
ýok ýeke biri-de.
13 Olaryň bogazy açyk gabyrdyr,
olar aldaýandyrlar,
agyzlarynda ýylan zäheri bardyr.
14 Agyzlary gargyşdan, ajy sözden doludyr.
15 Aýaklary gan dökmäge howlugýandyr.
16 Ýollarynda harabalyk, jepalar bardyr.
17 Parahatlyk ýoly nedir, olar bilmeýär.
18 Olar Hudaýdan asla gorkmaýar».
19 Biz Kanunda aýdylan zatlaryň onuň tabynlygyndaky adamlara degişlidigini bilýäris. Ýöne şonda-da, hiç kimiň öz-özüni aklamaga tutarygy ýokdur, sebäbi Hudaýyň huzurynda hemmeler günälidir. 20 Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.
Iman arkaly aklanmak
21 Ýöne indi Hudaý aklanmanyň Kanuna dahylsyz ýoluny görkezdi. Bu ýol barada Töwrat we pygamberleriň ýazgylary hem şaýatlyk edýär. 22 Isa Mesihe iman edýänleriň ählisi Hudaýyň huzurynda aklanýandyrlar. Adamlaryň arasynda hiç parh ýokdur, 23 sebäbi hemmeler günä edip, Hudaýyň şöhratyndan mahrum boldular. 24 Ýöne olar Hudaýyň merhemeti arkaly aklandylar, Isa Mesih arkaly günäleriniň jezasyndan azat edildiler. 25-26 Hudaý Öz adalatyny görkezmek üçin Isa Mesihi iberip, Onuň dökülen gany arkaly iman edýänleri Özi bilen ýaraşdyrdy. Hudaý ozalky döwürde edilen günälere geçirimlilik etdi. Indi bolsa Isa Mesihe iman edýän her kesi aklaýar. Şeýdip, Ol Özüniň adalatlydygyny subut edýär.
27 Indi magtanara tutarygymyz galdymy? Asla galan däldir! Bu haýsy kanuna görä şeýle boldy? Parzlary berjaý edilmeli kanuna görämi? Ýok, iman kanunyna görä şeýle boldy. 28 Biz adamyň Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, iman arkaly aklanýandygyny nygtaýarys. 29 Eýsem Hudaý diňe ýahudylaryň Hudaýymy? Ol başga milletleriň hem Hudaýy dälmi näme? Elbetde, Ol başga milletleriň hem Hudaýy. 30 Sebäbi ýeke-täk Hudaý bardyr. Ol sünnetlileri-de, sünnetsizleri-de iman arkaly aklaýandyr. 31 Onda näme? Iman arkaly Musanyň Kanunyny ýatyrýarysmy? Ýok! Tersine, biz ony berkarar edýäris.