8‑nji bap
Isa deri kesellini sagaldýar
(Mark 1:40-45; Luka 5:12-16)
1 Isa dagdan aşak inende, uly mähelle Onuň yzyna düşdi. 2 Şol wagt deri keseline ýolugan bir adam Onuň ýanyna gelip, dyzyna çöküp: «Agam, eger isleseň, meni bu keselden tämizläp bilersiň» diýdi. 3 Isa elini uzatdy-da, oňa degrip: «Isleýärin, tämiz bol!» diýdi. Ol adam şobada deri keselinden gutuldy. 4 Soňra Isa oňa: «Ägä bol, muny hiç kime aýtmagyn. Ýöne git-de, ruhana görün we deri keselinden saplanandygyňy hemmelere subut eder ýaly, Musanyň buýran sadakasyny ber» diýdi.
Ýüzbaşynyň imany
(Luka 7:1-10)
5 Isa Kapernauma girende, bir ýüzbaşy Onuň ýanyna gelip: 6 «Agam, meniň hyzmatkärim öýde agyr ýatyr. Çekýän jebrinden ýaňa gozganyp-da bilenok» diýip ýalbardy. 7 Isa oňa: «Men baryp, ony sagaldaryn» diýdi. 8 Ýüzbaşy Isa şeýle jogap berdi: «Agam, Seniň öýüme gelmegiňe men mynasyp däl. Diňe birje söz aýtsaň bes, meniň hyzmatkärim sagalar. 9 Men hem buýruk astyndaky adamdyryn, ygtyýarymda esgerlerim bar. Birisine „Git“ diýsem gidýär, başgasyna „Gel“ diýsem gelýär. Hyzmatkärime „Şuny et!“ diýsem edýär». 10 Isa bu sözleri eşidip haýran galdy. Ol yzyna düşüp gelýänlere: «Size dogrusyny aýdýaryn, Men hatda Ysraýylda hem şeýle imany bar adamy tapmadym. 11 Size şuny-da aýdýaryn: gündogardan we günbatardan köp adamlar gelip, Ybraýym, Yshak, Ýakup bilen bile Gögüň Şalygynda bir saçagyň başynda oturarlar. 12 Emma Şalygyň mirasdüşeri bellenenler daşary, garaňkylyga taşlanar. Ol ýerde agy we diş gyjama bolar» diýdi. 13 Isa ýüzbaşa: «Bar, gidiber, goý, saňa imanyňa görä bolsun!» diýdi. Onuň hyzmatkäri şol sagadyň özünde sagaldy.
Isa köp hassalary sagaldýar
(Mark 1:29-34; Luka 4:38-41)
14 Isa Petrusyň öýüne geldi. Ol Petrusyň gaýynenesini gyzzyrma tutup ýatanyny gördi. 15 Isa aýalyň elinden tutan badyna, onuň gyzzyrmasy aýryldy. Aýal ýerinden turup, Isa hyzmat etmäge başlady.
16 Şol gün agşam Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän adamlary getirdiler. Ol hem bir söz bilen olardaky erbet ruhlary çykardy, şeýle-de hassalaryň hemmesini sagaltdy. 17 ‡Şunlukda, Işaýa pygamberiň üsti bilen aýdylan şu sözler berjaý boldy:
«Ol biziň hassalygymyzy Öz üstüne aldy,
biziň dertlerimizi çekdi».
Isanyň yzyna eýermek
(Luka 9:57-62)
18 Isa daşyna üýşen köpsanly mähelläni görüp, şägirtlerine kölüň beýleki tarapyna geçmegi buýurdy. 19 Şonda Töwrat mugallymlaryň biri gelip: «Mugallym, Sen nirä gitseň, men hem Seniň yzyňa düşjek» diýdi. 20 Isa oňa: «Tilkileriň süreni, guşlaryň höwürtgesi bardyr, ýöne Ynsan Oglunyň başyny goýara-da ýeri ýokdur» diýip jogap berdi.
21 Onuň başga bir şägirdi: «Agam, rugsat et, öňürti gidip, kakamy jaýlaýyn» diýdi. 22 Emma Isa oňa: «Meniň yzyma düş, goý, ölülerini ölüleriň özleri jaýlabersinler» diýdi.
Isa tupany ýatyrýar
(Mark 4:35-41; Luka 8:22-25)
23 Isa gaýyga münende, şägirtleri hem Onuň yzyna düşdüler. 24 Kölde birdenkä güýçli gaý turdy we gaýyk tolkunlara büreldi. Emma Isa uklap ýatyrdy. 25 Şägirtleri Ony oýaryp: «Agam, bizi halas et! Biz heläk bolup barýarys!» diýdiler. 26 Isa olara: «Nämä gorkýarsyňyz, eý, imany azlar?!» diýdi. Soňra Ol ýerinden turup, ýele we köle käýedi welin, ol ýere doly ümsümlik aralaşdy. 27 Olar haýran galyp: «Bu nähili Adamka, hatda ýel bilen köl-de Oňa gulak asýar?» diýişdiler.
Isa arwah-jynlary çykarýar
(Mark 5:1-20; Luka 8:26-39)
28 Isa kölüň beýleki kenaryndaky gadaralylaryň* ýurduna geldi. Ol ýerde Oňa arwah-jyn eýelän iki sany adam duş geldi. Olar gonamçylykdan çykyp gelýärdiler. Olaryň juda wagşydyklary üçin, ol ýerden hiç kim geçip bilmeýärdi. 29 Birdenkä olar: «Eý, Hudaýyň Ogly! Seniň biziň bilen näme işiň bar? Bizi wagtyndan öň gynamaga geldiňmi?» diýip gygyryşyp başladylar. 30 Şol wagt olardan uzagrakda ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. 31 Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Eger bizi kowup çykarmakçy bolsaň, onda bizi doňuz sürüsine iber» diýdiler. 32 Isa olara: «Baryň!» diýdi. Şeýdip, olar adamlardan çykyp, doňuzlaryň içine girdiler. Şonda tutuş doňuz sürüsi uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 33 Çopanlar gaçyp, şähere gitdiler. Olar arwah-jyn eýelän adamlara näme bolandygy baradaky wakalaryň hemmesini halka gürrüň berdiler. 34 Onsoň şäheriň tutuş ilaty Isa bilen duşuşmaga geldi. Ony görenlerinde, özleriniň şäherinden gitmegini sorap, Isa ýalbardylar.