56-njy bap
Rebbiň ähli milletler bilen eden ähti
1 Reb şeýle diýýär:
«Adalaty saklaň, dogry işleri ediň,
ine, Men tizara azat etmäge gelerin,
halas edişimi aýan ederin.
2 Muny edýän ynsan,
ony berk saklaýan nähili bagtly!
Ol Sabat gününi amal edip, ony harlamaýar,
elini her hili ýaman işden saklaýar».
 
3 Goý, Rebbe bil baglaýan keseki:
«Reb meni Öz halkyndan aýrar» diýmesin,
Agta: «Ine, men bir gury agaçdyryn» diýmesin.
4 Reb şeýle diýýär:
«Sabat günlerimi amal edýän,
Maňa ýaraýan zatlary saýlaýan,
ähtimi berk saklaýan agtalara
5 öýümde, diwarlarymyň içinde
ogul-gyzlaryňkydan-da zyýada
hatyra hem at bererin;
olara ölmez-ýitmez ebedi at bererin.
6 Rebbe hyzmat etmek üçin,
Rebbiň adyny söýmek üçin,
Onuň bendesi bolmak üçin
Rebbe bil baglaýan kesekileri,
Sabat kanunymy harlaman ýerine ýetirýänleri,
ähtimi berk saklaýanlary,
7 mukaddes dagyma getirerin,
ybadat öýümde şatlandyraryn olary;
ýakma gurbanlyklary, başga gurbanlyklary
gurbanlyk sypamda kabul ediler;
çünki Meniň öýüm ähli milletler üçin
ybadat öýi diýip atlandyrylar».
8 Ysraýylyň kowlanlaryny toplaýan Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
«Men öýüme eýýäm toplananlardan
beýlekilerini-de toplaryn».
Ysraýylyň azgyn baştutanlary
9 Eý, ähli wagşy haýwanlar,
eý, bütin jeňňel haýwanlary,
geliň, iýmäge geliň!
10 Ysraýylyň sakçylary kör,
hiç zady bilmeýärler;
ählisi üýrüp bilmeýän lal itlerdir;
olar ýatyp, düýş görýärler,
uklamagy gowy görýärler.
11 Doýanyny bilmeýän
açgöz itlerdir olar.
Olar düşünjesiz çopanlardyr;
hersi öz ýoly bilen gidýär,
her kes öz bähbidini araýar.
12 Olar: «Geliň, şerap getireliň!
Çakyrdan julk doýalyň.
Ertirimizem şu gün ýaly bolar,
hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.