55‑nji bap
Bol ýaşaýşa çagyryş
1 Eý, teşneler, suwa geliň!
Eý, pulsuzlar, geliň, galla satyn alyň, iýiň!
Geliň, şeraby, süýdi pulsuz alyň!
2 Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada,
zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň?
Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň,
janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.
3 Gulak asyň, Maňa geliň,
diňläň, ýaşarsyňyz,
siz bilen baky äht edişerin,
Dawuda wada beren
sadyk söýgimi bererin.
4 Ine, Men ony halklara şaýat,
baştutan hem baş serkerde etdim.
5 Ine, siz tanamaýan milletleriňizi çagyrýarsyňyz,
sizi tanamadyk milletler-de, size gelerler.
Bu Ysraýylyň Mukaddesi,
Hudaýyňyz Reb sebäplidir,
Ol sizi şöhratlandyrdy.
6 Rebbi tapylýarka, agtaryň,
ýakyndaka, çagyryň.
7 Pisler öz ýollaryndan,
erbetler öz pikirlerinden dänip,
Rebbe dolanyp barsynlar,
Reb olara rehim eder;
Hudaýymyza dolansynlar,
Ol gaty geçirimlidir.
8 «Meniň pikirlerim siziň pikirleriňiz däl,
siziň ýollaryňyz Meniň ýollarym däl».
Muny Reb aýdýandyr.
9 «Gökler ýerden nähili beýiklikde bolsa,
Meniň ýollarym-da siziň ýollaryňyzdan,
Meniň pikirlerim-de siziň pikirleriňizden beýikdir.
10 Ýagşyň, garyň göklerden inip,
ýeri suwaryp, ony önümli,
hasylly edip, ekene tohum,
çörek iýýäne çörek berýänçä,
yzyna dolanmaýşy dek,
11 Meniň agzymdan çykýan sözüm-‑de şeýle bolar;
Ol Maňa boş gaýdyp gelmez,
maksadymy ýerine ýetirer,
etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.
12 Siz şatlyk bilen çykarsyňyz,
parahatlyk bilen getirilersiňiz,
daglardyr depeler öňüňizde aýdyma gygyryşarlar,
bütin meýdanyň agaçlary-da el çarpyşarlar.
13 Tikenekli gyrymsy agajyň ýerine serwi,
çitçiti ýerine nar biter;
bu Rebbe şöhrat getirer,
ölmez-ýitmez ebedi alamat bolar.