54‑nji bap
Rebbiň ähti
1 Reb: «Şatlan, eý, çaga dogmadyk, önelgesiz,
burguda bolmadyk,
begençden aýdym aýt!
Çünki öň terk edilen aýalyň ogullary
ärli aýalyň ogullaryndan köp bolar» diýýär.
2 Çadyryňyň ýerini giňelt,
mesgeniňiň perdelerini ger, gaýgyrma;
tanaplaryňy uzalt,
gazyklaryňy berkit.
3 Sen saga-sola ýaýylarsyň,
nesilleriň milletleri eýeläp,
çola şäherlerde ornaşarlar.
4 Gorkma, utanja galmarsyň sen;
ruhdan düşme, ryswa bolmarsyň sen;
ýaşlygyňdaky utanjyňy unudarsyň,
dulluk ryswaňy ýatlamarsyň mundan beýläk.
5 Ýaradyjyň seniň äriňdir,
Onuň ady Hökmürowan Rebdir;
Ysraýylyň Mukaddesi Penakäriňdir,
Oňa bütin dünýäniň Hudaýy diýilýär.
6 Reb seni terk edilen,
kalby gussaly aýal dek,
ret edilen ýaş gelin dek çagyrdy.
Muny Hudaý diýýär.
7 «Men seni bir salym terk etdim,
ýöne beýik rehim bilen seni ýygnaryn.
8 Gazap odunda
senden bir salym ýüzümi gizledim,
emma saňa rehim ederin sadyk söýgi bilen».
Muny Penakäriňiz Reb diýýär.
9 Bu Meniň üçin Nuhuň döwri kimindir,
Nuhuň tupany ýer ýüzünde
indi gaýtalanmaz diýip ant içişim ýaly,
saňa-da gaharlanmaryn indi,
hiç haçan käýemerin diýip ant içdim.
10 Daglar ýerinden gozgansa-da,
depeler sarssa-da,
sadyk söýgim senden aýrylmaz,
sarsmaz parahatçylyk ähtim.
Saňa rehim eden Reb diýýär muny.
 
11 «Eý, harasada düşüp, teselli tapmadyk
muşakgatly şäher!
Daşlaryňy gymmatbaha daşlardan goýup,
gök ýakutlar bilen düýbüňi tutaryn.
12 Küňreleriňi lagyldan,
derwezeleriňi jöwherden,
gymmatbaha daşlardan ederin diwarlaryňy.
13 Ähli çagalaryň Rebden taglym alarlar,
çagalaryňyň abadançylygy beýik bolar.
14 Dogrulykda berkarar edilersiň,
sütemden uzakda bolarsyň, gorkmarsyň;
howp-hatardan daş bolarsyň, golaýlaşmaz saňa.
15 Saňa hüjüm etse biri,
Menden däldir;
kim saňa hüjüm etse,
saňa boýun eger.
16 Ine, kömür közüni üfleýän,
öz maksady üçin ýarag ýasaýan demirçini
Men ýaratdym.
Ýok etsin diýip,
heläk edijini ýaradan-da Mendirin.
17 Seniň garşyňa ýasalan ýarag derde ýaramaz,
hökümde garşyňa çykýan her dili aýyplarsyň.
Rebbiň bendeleriniň mirasy şudur,
Men olary aklaryn».
Muny Reb aýdýandyr.