N
15
Nadan – Süleýmanyň pähimleri kitabynda nadan adam barada köp gürrüň edilýär. Nadan samsyk däl-de, eýsem Hudaýyň halaýan ýokary ahlak durmuşynda ýaşamaga paýhasy kemlik edýän adamdyr.
Kan 32:6; Sül 1:22; 7:7; 9:6.
Nard – nard ösümligiň sümmüli we onuň kökünden alynýan ysly ýagy bolupdyr. Narddan ýasalan hoşboý ysly ýag örän gymmat bolupdyr, onuň bahasy bir ýylyň iş hakyna barabar bolupdyr.
Nag 1:11; Mar 14:3.
Nazyr – nazyr mukaddeslik derejesini alan hem-de saç-sakgalyny syrman, saçyny ösdürip, şerap hem güýçli içgileri içmekden saklanyp, özüni Rebbe bagyş etmegi wada beren adam bolupdyr. Bir gudrat arkaly özüniň ýa-da Şimşon ýaly ejesiniň wadasy arkaly adam nazyr bolupdyr. Soňy bilen şeýle adam özüni Hudaýa bagyş etmek wadasy arkaly aýratyn derejä eýe bolupdyr.
13:5, 7; 16:17 Amo 2:11.
Nefiller – Nefiller örän uzyn we güýçli adamlar bolupdyrlar, olar Gelip çykyş kitabynyň 6-njy babynda ylahy barlyklaryň we ynsan gyzlarynyň nesilleri hökmünde ýatlanyp geçilýär. Soňrak, ysraýyllar Kengan ýurduny gözden geçirmäge gidenlerinde, nefilleri (ýagny nefillerden gelip çykan anaklary) görüpdirler.
Gçk 6:4; Çöl 13:33.
Seret: Anaklar.
Negep çöli – Ysraýylyň günorta bölegindäki çöl.
Gçk 12:9; 13:1, 3; 20:1.
Nowbahar ogul – gadymy günorta jemgyýetinde ilkinji doglan ogul üýtgeşik hasaplanypdyr. Ol ogul kakasy aradan çykandan soň, maşgalanyň başy bolupdyr, kakasynyň patasyny alypdyr, mirasdan iki esse paý alypdyr. Müsürde Pesah wakasy bolup geçenden soň, her bir nowbahar ogul Hudaýa degişli bolupdyr we maşgalasy oňa derek sadaka berip, ony yzyna satyn alyp bilipdir.
Gçk 49:3; 27; Msr 13:2; Kan 21:17.
Seret: Yzyna satyn almak.
Nuh pygamber – Nuh pygamber öz maşgalasyny, şeýle hem halal we haram haýwanlary halas etmek üçin Hudaý tarapyndan gämi gurmaklyga çagyrylan adam bolupdyr. Ol Hudaýyň nazarynda dogry saýylypdyr. Siliň suwlary çekilenden soňra, Hudaý onuň bilen äht edişip, mundan beýläk hiç wagt ýer ýüzüni sil bilen weýran etmejekdigine söz berýär.
Gçk 5:29; 6:8; Işa 54:9; Luk 17:27: 1Pet 3:20; 2Pet 2:5; Ýew 11:7.