3‑nji bap
Är-aýal gatnaşygy
1-2 Edil şunuň ýaly, eý, aýallar, siz hem öz äriňize tabyn boluň. Eger äriňiz Hudaýyň sözüne ynanmaýan bolsa, ol aýalynyň ar-namysly, Hudaýdan gorkup ýaşaýan päk durmuşyny görüp, hiç bir aýdyp-diýmezden imana geler. 3 Siziň gözelligiňiz örülen saçlar, dakylan altynlar, owadan eşikler ýaly daşky görnüşden ybarat bolmasyn. 4 Tersine, kalbyňyzdaky ýuwaş hem ýumşak ruh siziň solmaýan içki gözelligiňiz bolsun. Bu Hudaýyň nazarynda has gymmatlydyr. 5 Öňki wagtlarda Hudaýa umyt baglap, ýüreklerini päk saklan aýallar hem özlerini şeýle bezeýärdiler, olar ärine tabyndylar. 6 Mysal üçin, Sara Ybraýyma tabyn bolup, ony hojaýynym diýip atlandyrdy. Eger siz hem ýagşylyk edip, hiç bir howpdan gorkmasaňyz, Saranyň gyzlary bolarsyňyz. 7 Eý, ärler, edil şunuň ýaly, sizem öz aýalyňyza hormat goýuň, onuň bilen özara düşünişip ýaşaň. Siz olaryň özüňizden ejizdigini bilýänsiňiz, emma olar hem siziň bilen Hudaýyň beren ýaşaýşyny deň miras alandyrlar. Doga-dilegleriňiziň bökdelmezligi üçin şeýle ediň.
Dogrulyk ugrundaky görgüler
8 Şeýlelikde, hemmäňiz pikirdeş, dertdeş bolup, biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüň. Rehim-şepagatly we pespäl boluň. 9 Ýamanlyga ýamanlyk, sögünje sögünç bilen gaýtargy bermän, tersine, alkyş bilen jogap beriň, sebäbi siz şunuň ýaly ýaşamaga çagyrylansyňyz. 10 Çünki:
«Döwran sürmegi isleýän bolsaň,
ýagşy günleri görmekçi bolsaň,
ýamanlykdan sakla sen öz diliňi
we hileli gepden – dodaklaryňy;
11 ýamanlykdan aýryl, et sen ýagşylyk,
parahatlyk agtar, yzyndan galma.
12 Dogry adamlarda Rebbiň gözleri,
perýatlaryna açyk Onuň gulagy.
Ýöne Rebbiň ýüzi ýamanlyk edýänlere garşydyr».
13 Ýagşylyk etmäge jan etseňiz, size kim ýamanlyk eder? 14 Siz dogrulyk üçin görgi görseňiz hem bagtyýarsyňyz. Adamlaryň size salýan howpundan gorkmaň, dowla düşmäň. 15 Emma Mesihe Reb hökmünde ýürekden hormat goýuň. Kalbyňyzdaky umyt hakynda özüňizden hasabat soran her bir adama hemişe jogap bermäge taýýar boluň. 16 Muny mylaýymlyk we edeplilik bilen berjaý ediň. Wyždanyňyzy arassa saklaň, şonda siziň Mesihe degişli dogry ýaşaýşyňyz barada gybat edenler sizi ýamanlap aýdan geplerinden utanarlar. 17 Eger Hudaýyň yradasy bilen ejir çekmeli bolsa, ýamanlyk edip ejir çekmekden ýagşylyk edip ejir çekmek has gowudyr.
18 Isa Mesih hem bizi Hudaýa getirmek üçin, biziň günälerimiz sebäpli bir gezek öldi*. Özi dogry bolsa-da, günäkärler üçin öldi. Ynsan ýaly öldürilse-de, Hudaýyň Ruhy arkaly Ol direldildi. 19 Ol tussagdaky ruhlara baryp, wagyz etdi. 20 Bu ruhlar gadym zamanda Nuhuň gämisi ýasalyp ýörkä, Hudaý heniz sabyr-takatlyk edip garaşýarka, Oňa tabyn bolmadylar. Şol gämide bolsa az adam, jemi sekiz adam suw arkaly halas boldy. 21 Ine, bu suw häzirki sizi halas edýän çümdürilişiň nyşanydyr. Siz suwa çümdürileniňizde bedeniňiziň kiri ýuwlandygy üçin däl-de, Isa Mesihiň direlmegi arkaly päk wyždan bilen Hudaýa tarap öwrülendigiňiz üçin halas edildiňiz. 22 Isa Mesih göge çykyp, Hudaýyň sagynda oturdy, ähli perişdeler, ygtyýarlylar we güýçler Oňa tabyn boldy.