9-njy bap
1 Danalyk özüne jaý gurdy,
onuň ýedi sütünini ýondy.
 
2 Gurbanlyk soýdy,
şerabyny häzirläp, saçagyny ýazdy.
 
3 Kenizlerini ýollap,
şäheriň belent ýerinden jar çekdiler:
 
4 «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!»
Kemakyla bolsa şeýle diýýär:
 
5 «Gel, meniň nanymdan iý,
taýýarlan şerabymdan iç.
 
6 Nadanlykdan çyk, şonda ýaşarsyň.
Paýhas ýolundan ýöre».
 
7 Masgaralaýja käýän özüne uýat getirer,
erbetlik edýäni ýazgaran özüne zyýan ýetirer.
 
8 Masgaralaýja käýeme, ýogsa seni ýigrener.
Akyldara käýe, ol seni söýer.
 
9 Akyldara öwretseň, akyldarlygy artar,
dogruçyla öwretseň, bilimi artar.
 
10 Danalygyň başlangyjy Rebden gorkmakdyr.
Mukaddesligi tanamak bolsa pähim-paýhasdyr.
 
11 Çünki meniň üstümden seniň günleriň uzalar,
ömrüň ýyllary artar.
 
12 Akylly bolsaň, özüňe peýda.
Masgaralasaň-da, ony özüň çekersiň.
 
13 Akmak aýal şermendedir,
nadandyr, hiç zat bilýän däldir.
 
14-15 Öýüniň gapysynyň alnynda,
şäheriň belent ýerinde oturyp,
ýoldan geçip barýanlary çagyrmak üçin jar çekýär:
 
16 «Kim nadan bolsa, bärik sowulsyn!»
Kemakyla bolsa:
 
17 «Ogurlyk suw süýjüdir,
gizlin iýilýän nan tagamly» diýýändir.
 
18 Emma ol ýerde ölümiň bardygyny,
onuň ýanyna baranlaryň ölüler dünýäsiniň düýbündedigini bilmeýärler.