2‑nji bap
1 Reb şeýle diýýär:
«Men Mowaby günä üstüne günä
edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki ol Edom şasynyň
süňküni ýakyp küle öwürdi.
2 Şu sebäpden Mowaba ot ýagdyraryn,
ot Keriýodyň galalaryny ýakyp kül eder.
Gygyryşmakdan we surnaý seslerinden ýaňa,
Mowap halky söweş gykylygynyň içinde öler.
3 Aralaryndaky hökümdaryny ýok ederin,
onuň bilen bile ähli emeldarlaryny öldürerin».
Muny Reb aýdýandyr.
 
Ýahuda höküm edilýär
4 Reb şeýle diýýär:
«Men Ýahudany günä üstüne günä
edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki Rebbiň kanunyny ret etdiler,
Onuň parzlaryny tutmadylar,
ata-babalarynyň ýalan hudaýlaryň yzyna eýerişi ýaly
indi bular-da olar bilen azdylar.
5 Şu sebäpden Ýahuda ot ýagdyraryn,
ot Iýerusalimiň galalaryny ýakyp kül eder».
 
Ysraýyl höküm edilýär
6 Reb şeýle diýýär:
«Men Ysraýyly günä üstüne günä
edendigi üçin jezasyz galdyrmaryn.
Çünki olar dogruçyly kümşe,
mätäji bir jübüt çaryga satýarlar.
7 Pukaralaryň başyny toprak astynda depgiläp,
ezilenleri ýoldan itekläp aýyrýarlar.
Ogly-da, atasy-da bir aýalyňka gidip,
mukaddes adymy harlaýarlar.
8 Her gurbanlyk sypasynyň ýanynda
girew alnan eşikleri ýazyp oturýarlar.
Özleriniň Hudaýynyň öýünde
jerime pula alnan şeraby içýärler.
 
9 Men bolsa Ysraýylyň öňünden
amorlary ýok etdim.
Boýlary kedr agajy deý uzyn,
dub agajy kimin güýçli bolsa-da,
olaryň ýokardan miwesini,
aşakdan köküni gyrdym.
10 Şeýle-de amor ýurduny eýelemegiňiz üçin,
Men sizi Müsürden çykardym,
çölde kyrk ýyllap ýol görkezdim.
11 Ogullaryňyzdan pygamber çykardym,
ýaş ýigitleriňizi nazyr* belledim.
Eý, ysraýyl halky, hakykatdan-da, bu şeýle dälmidir?!»
Muny Men-Reb aýdýandyryn.
 
12 «Emma nazyr bolana şerap içirdiňiz,
pygamberlere „Pygamberlik etmäň!“
diýip buýruk berdiňiz.
 
13 Şonuň üçin desseden ýükli araba
topragy nähili owradýan bolsa,
Men-de sizi duran ýeriňizde
edil şonuň ýaly mynjyradaryn.
14 Ýüwrük adam gaçyp bilmez,
güýçli güýç görkezip bilmez,
batyr-da janyny halas edip bilmez.
15 Ýaýçy ornunda berk durup bilmez,
ýüwrük aýakly gaçyp gutulyp bilmez,
atly-da janyny halas edip bilmez.
16 Batyrlaryň iň batyry-da
ol gün ýalaňaç gaçyp gider».
Muny Reb aýdýandyr.