3‑nji bap
Ysraýylyň günäsi we jezasy
1 Eý, ysraýyl halky, Rebbiň size, Müsürden çykaran kowumyňyza garşy aýdan bu sözüne gulak goýuň:
2 «Ýer ýüzündäki ähli halklaryň arasyndan
Men diňe sizi saýladym.
Şu sebäpli ähli etmişiňiz üçin,
Men sizi jezalandyraryn.
 
3 Heý, belleşmezden iki adam
bile ýola düşermi?
4 Awy oňmadyk şir jeňňelde arlarmy näme?
Hiç zat awlamadyk arslan
süreninde hyrlarmy näme?
5 Ýerde duzak gurulmasa,
guş duzaga düşermi?
Içine bir zat düşmese,
ýerden gapan göçermi?
6 Şäherde surnaý çalnar-da,
halkda gorky bolmazmy?
Rebbiň Özi indermese,
şähere bela gelermi?
7 Hakykatdan-da Hökmürowan Reb
syryny gullary pygamberlere
aýan etmezden hiç zat etmez.
8 Arslan arlar-da,
kim gorkmaz?
Hökmürowan Reb sözlär-de,
kim pygamberlik etmez?»
 
9 Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň:
«Samariýanyň daglaryna ýygnanyň.
Şäheriň içindäki başagaýlygy,
onuň arasyndaky zulumy görüň».
10 «Galalarynda zorluk bilen talan
oljalaryny toplaýarlar,
dogry iş etmegi hiç bilmeýärler.
Muny Reb aýdýandyr.
11 Şonuň üçin duşman ýurduňyzy gabawa salar
sizi güýç-kuwwatdan düşürip,
galalaryňyzy talaňçylyga berer».
 
Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.
12 Reb şeýle diýýär: «Bir çopanyň arslanyň agzyndaky goýnuň diňe toýnaklaryny ýa-da gulagynyň bir bölegini halas edip bilşi ýaly, Samariýada ýaşaýan ysraýyl halky-da şeýle halas ediler. Onda diňe döwük-ýenjik öý goşlaryndan başga hiç zat galmaz».
 
13 Eşidiň we Ýakup nesillerine güwälik ediň,
Gudratygüýçli Hudaý – Hökmürowan Reb şeýle diýýär:
14 «Etmişi üçin Ysraýyly jezalandyran günüm,
Beýteliň gurbanlyk sypalaryny-da ýok ederin.
Gurbanlyk sypalaryň şahlary
kesilip ýere gaçar.
15 Men gyşky hem ýazky köşkleri ýumraryn,
pil süňkünden haşamlanan jaýlary ýok ederin,
beýik jaýlaryň soňuna çykaryn».
Muny Reb aýdýandyr.