4‑nji bap
Duşmanlar ybadathananyň dikeldilmegine garşy bolýarlar
1-2 Sürgünden gaýdyp gelenleriň Rebbiň ybadathanasyny gurýandyklaryny eşiden Ýahudanyň we Benýaminiň duşmanlary Zerubabylyň we urugbaşylaryň ýanyna gelip, olara: «Bizem siz bilen bile guraýaly, çünki biz hem siziň Hudaýyňyza sežde edýäris. Bizi bu ýere getiren Aşur patyşasy Esarhadonyň döwründen bäri, biz Oňa gurbanlyk berip gelýäris» diýdiler. 3 Emma Zerubabyldyr Ýeşuwa we beýleki Ysraýyl urugbaşylary olara: «Hudaýymyza öýi biz siz bilen bile gurmarys. Pars patyşasy Kureşiň bize buýruşy ýaly, Ysraýyl Hudaýy Rebbe öýi biziň özümiz gurarys» diýip jogap berdiler.
4 Onsoň bu ýurduň ilaty ýahuda halky Rebbiň öýüni gurup ýörkä, olary gorkuzyp, ellerini işden sowatdylar. 5 Ýahudalaryň niýetlerini amala aşyrtmazlyk üçin, olaryň garşysyna maslahatçylar tutdular. Bu ýagdaý Pars patyşalary Kureşiň patyşalyk eden döwründen tä Darýuşyň döwrüne çenli dowam etdi.
Iýerusalimiň dikeldilmegi togtadylýar
6 Kserksiň döwründe ol patyşalyk edip başlan badyna, Ýahudanyň we Iýerusalimiň ilatyny aýyplap, oňa hat ýazdylar.
7 Artakserksiň patyşalygy döwründe-de Bişlam, Mitredat, Tabeýel we olaryň ýaranlary Pars patyşasy Artakserkse hat ýazdylar. Hat arameý dilinde ýazylyp, terjime edildi. 8 Rehum häkim we Şimşaý mürze dagy Iýerusalimi ýamanlap, patyşa Artakserkse hat ýazdylar. 9-10 Şeýle-de Rehum serkerde, Şimşaý mürze, olaryň ýaranlary: häkimler, wekiller, emeldarlar, parslar, erekliler, babyllylar, Suzadaky eýlamlylar, beýik hem şöhratly Osnaparyň göçürip, Samariýanyň galalarynda we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýerleşdiren milletleri patyşa hat ýazdylar. 11 Ine, olaryň iberen hatynyň nusgasy:
 
«Patyşa Artakserkse: Siziň Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýaşaýan gullaryňyz size salam ýollaýarlar. 12 Ine, siziň ýanyňyzdan gaýdan ýahudylaryň biziň ýanymyza Iýerusalime gelendigini size mälim edýäris. Olar bu pitneçi we pis şäheri täzeden gurup ýörler. Olar binýatlary bejerip, diwarlary bitirip gelýärler.
13 Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, olaryň salgyt, paç, töleg tölemegi bes etjekdiklerini, munuň bolsa patyşalygyň gaznasyna zyýan ýetirjekdigini biz patyşa aýan edýäris. 14 Köşgüň duz-çöregini iýýänligimiz üçin, olaryň biziň gözümiziň alnynda patyşany äsgermezlik etmeklerine ýol bermegiň bize gelişmejekdigi sebäpli, biz size hat üsti bilen habar ýollaýarys. 15 Ata-babalaryňyzyň taryh ýazgylaryny barladyň. Taryh ýazgylarynda siz bu şäheriň pitneçi, patyşalara we welaýat häkimlerine zyýanly şäherdigine göz ýetirersiňiz. Irki döwürlerde-de bu şäherde gozgalaňlar turupdyr. Şol sebäplem ol haraba öwrüldi. 16 Biz muny patyşa aýan edýäris. Eger bu şäher täzeden gurlup, diwarlar dikeldilse, onda Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda siziň raýatlygyňyz bolmaz».
 
17 Patyşa Rehum häkime, Şimşaý mürzä olaryň Samariýada we Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky welaýatda ýaşaýan ýaranlaryna şeýle jogap iberdi:
 
18 «Siziň bize ýollan hatyňyzyň terjimesi meniň huzurymda okaldy. 19 Meniň buýruk bermegim bilen barlag geçirildi hem-de bu şäheriň geçmişde patyşalaryň garşysyna baş galdyrandygy we onda pitne, gozgalaň turandygy anyklanyldy. 20 Iýerusalimde güýçli patyşalar bolup, olar Ýewfrat derýasynyň günbataryndaky bütin welaýata höküm ýöredýän ekenler. Olara salgyt, paç, töleg tölenilýän eken. 21 Şonuň üçin ol adamlara işi bes etmegi buýruň. Menden buýruk bolýança, bu şäher täzeden gurulmasyn. 22 Ýöne bu işde seresap boluň, harsallyk etmäň, patyşalyga zyýan getirjek ýagdaý döremesin».
 
23 Artakserks patyşanyň hatynyň nusgasy Rehum häkimiň, Şimşaý mürzäniň we olaryň ýaranlarynyň öňünde okalan badyna, olar howlukmaçlyk bilen Iýerusalime ýahudylaryň ýanyna baryp, zorluk we güýç bilen olary işi togtatmaga mejbur etdiler. 24 Şeýdip, Hudaýyň Iýerusalimdäki öýüniň dikeldiş işleri togtadyldy. Bu ýagdaý Pars patyşasy Darýuşyň patyşalygynyň ikinji ýylyna çenli dowam etdi.