56-njy mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň Şawuldan gowaga gaçanda aýdan mezmury.
2 Maňa merhemet et, eý, Hudaý, maňa merhemet et,
çünki meniň janym Saňa sygynýar.
Men bela-beter geçip gidýänçä,
Seniň ganatlaryňyň saýasynda gizlenjek.
3 Men çagyraryn Beýik Hudaýy –
men babatda niýetini berjaý edýän Hudaýy.
4 Ol gökden kömek iberip, meni halas eder,
maňa sütem edýäni utanja goýar.
Hudaý söýgüsini, wepadarlygyny iberer.
5 Men arslanlaryň arasynda,
wagşy haýwanlar ýaly adamlaryň arasynda ýatyryn;
olaryň dişleri naýza, ok ýaly,
kesgir gylyç ýaly olaryň dili.
6 Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel!
Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!
7 Olar ädimlerime duzak gurdular –
gaýgydan ýaňa bilim büküldi.
Olar öňümde çukur gazdylar –
ýöne özleri oňa düşdüler.
8 Ýüregim sarsmaz, eý, Hudaý, sarsmaz ýüregim:
men nagmalar aýdyp, mukam çalaryn.
9 Oýan sen, eý, meniň ýüregim.
Oýanyň, arfa hem lira!
Men daňy oýararyn nagmalar bilen.
10 Ýa Taňry, halklar arasynda Saňa şükür ederin.
Milletler arasynda Saňa nagma aýdaryn.
11 Çünki Seniň söýgiň göklere ýetýär,
wepalylygyň bulutlara direýär.
12 Eý, Hudaý, göklerden-de ýokary beýgel!
Tutuş ýer ýüzüne dolsun Seniň şöhratyň!