57‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň miktamy.
2 Eý, hökümdarlar, dogrudan-da, adalatly kazylyk edýäňizmi?
Siz ynsan ogullaryna ýüz görmezden höküm çykarýaňyzmy?
3 Ýok! Siz kalbyňyzda adalatsyzlyk düzýäňiz,
elleriňiz zorluk saçýar ýeriň ýüzüne.
4 Erbetler ene ýatgysyndan bäri dogry ýoldan azaşandyrlar,
dünýä inenleri bäri ýalan sözläp, ýalňyşýandyrlar.
5-6 Olar alahöwren ýaly zäherlidirler.
Olar ökde jadygöýüň ýa-da
owsunçynyň jadylaýjy sesini eşitmeýän
ker kepjebaş ýaly gulaklaryny dykýarlar.
7 Eý, Hudaý, agyzlarynda kül et olaň dişini,
ýa Reb, owrat ýolbarslaryň gyýyk dişini.
8 Olar akyp gidýän suw dek, goý, ýitip gitsin,
oklaryny çenänlerinde ujy kütelsin.
9 Goý, eräp giden balykgulak deý bolsun,
aýalyň düşen çagasy deý güneş görmesin.
10 Olar böwürslen deý tiken çykarmankalar,
gök bolsun, gury bolsun, goý, tüweleý äkitsin.
11 Öç alnanyny görende dogry ynsan şat bolar,
erbediň ganynda aýaklaryny ýuwar.
12 Ynsan diýer: «Dogrudan-da, dogry ynsana sylag bar eken!
Dogrudan-da, dünýä kazylyk edýän Hudaý bar eken!»