55‑nji mezmur
1 Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Uzakdaky dub agajynyň üstünde oturan kepderi» mukamynyň äheňinde çalynýan. Gat şäherinde piliştliler Dawudy tutanlarynda, onuň aýdan miktamy.
2 Eý, Hudaý, maňa merhemet eýle,
çünki adamlar meni depgileýärler;
duşmanlar uzakly gün maňa sütem edýärler.
3 Duşmanlarym uzakly gün meni depgileýärler,
çünki meniň bilen uruşýanlar köp, eý, Beýik Hudaý!
4 Men gorka düşenimde Saňa bil baglaýandyryn.
5 Hudaýy Onuň wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
Oňa bil baglap, gorkmaýaryn men;
ynsan maňa näme edip bilsin?
6 Olar uzakly gün ýoýýar meniň sözlermi,
maňa zyýan etmäge gönükdirilen bar niýetleri.
7 Olar dil düwüşýär hem-de gizlenýär,
janymy almak üçin meni aňtaýar.
8 Eýsem olar günä etse-de, gaçyp gutularmyka?
Eý, Hudaý, gazabyňda boýun egdir halklary!
9 Sergezdan gezen günlerim Sende sanalgy,
meniň gözýaşlarym Sende ýazylgy;
olar Seniň kitabyňda ýazylgy dälmi?
10 Seni çagyranymda duşmanlarym yzyna dönýär;
bilýärin: Hudaý tarapdarymdyr.
11 Hudaýa – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
Rebbe – wadasy üçin şöhratlandyrýaryn,
12 Hudaýa bil baglaýan, gorkmaýaryn men;
ynsan maňa näme edip bilsin?
13 Eý, Hudaý, Saňa beren kasamlarymy berjaý ederin,
Saňa şükür gurbanlyklaryny hödür ederin.
14 Çünki Sen janymy ölümden halas eýlediň;
ýaşaýyş nurunda Hudaý öňünde gezerim ýaly,
Sen aýaklarymy büdremekden sakladyň.