5‑nji bap
1 Şeýle hem siz söýgüli çagalar kimin Hudaýdan görelde alyň. 2 Mesih ýaly söýüp ýaşaň. Ol bizi söýüp, Hudaýa ýakymly ysly sadaka hem gurbanlyk hökmünde biziň üçin janyny gurban etdi. 3 Araňyzda azgynlyk, haramlyk, açgözlük edýän bolmasyn. Beýle zatlar Hudaýyň halkyna gelişmeýär. 4 Şeýle hem araňyzda biedeplik, ýaňralyk, biderek degişme-de bolmasyn. Bular size ýaraşmaýar. Muňa derek Hudaýa şükür ediň. 5 Şuny bilip goýuň: hiç bir azgynyň, murdaryň ýa-da açgözüň Mesihiň we Hudaýyň Şalygynda mirasy ýokdur. Çünki şeýle adamlar butparazlar bilen des-deňdir 6 Hiç kim sizi boş sözler bilen aldamasyn. Şu zatlar sebäpli Hudaýyň gazaby Özüne boýun egmeýänleriň üstünden inýändir. 7 Şonuň üçin olar ýalylar bilen gatnaşmaň. 8 Ýadyňyzdamy, birwagtlar siz garaňkylykdyňyz, ýöne indi Reb arkaly nursuňyz. Şonuň üçin nuruň çagalary bolup ýaşaň. 9 Dogrudanam, ähli ýagşylyk, dogrulyk we hakykat nuruň* miwesidir. 10 Rebbi hoşnut etjek zady bilmäge çalşyň. 11 Garaňkylygyň ýaman işlerine gatyşmaň, tersine, olary paş ediň. 12 Olaryň edýän gizlin işleri hakda hatda söz açmak-da aýypdyr. 13 Emma nur parlanda, ähli zat paş edilip, aýdyň görner. 14 Çünki nur ähli zady äşgär edýändir. Şonuň üçin şeýle diýilýär: «Oýan, eý, uka giden! Ölümden direl! Mesih saňa nur saçar». 15 Şeýlelikde, nähili ýaşaýandygyňyza üns beriň. Nadanlar ýaly däl-de, danalar ýaly ýaşaň. 16 Her bir pursatdan degerli netije çykaryň, sebäbi bu ýaramaz döwürdir. 17 Şonuň üçin-de samsyk bolman, gaýtam, Rebbiň yradasynyň nämedigine düşüniň. 18 Şerapdan serhoş bolmaň, bu sizi wejeralyga elter. Tersine, Mukaddes Ruhdan dolup-daşyň. 19 Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň. 20 Ähli zat üçin Rebbimiz Isa Mesihiň adyndan Ata Hudaýa hemişe şükür ediň.
Är-aýal gatnaşygy
21 Isa Mesihe hormat goýmak bilen biri-biriňize tabyn boluň. 22 Eý, aýallar, Rebbe tabyn bolşuňyz ýaly, äriňize hem tabyn boluň. 23 Mesih imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, är hem aýalyň başydyr. Mesih Öz bedeni bolan ýygnagyň Halasgäridir. 24 Şonuň üçin imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da ähli zatda öz ärine tabyn bolsunlar. 25-26 Eý, ärler, Isa Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem öz aýalyňyzy söýüň. Ol Öz ýygnagyny suw bilen ýuwup, Hudaýyň sözi bilen tämizledi, ony Özüne mukaddes halk edinmek üçin, janyny gurban etdi. 27 Ol muny Öz huzuryna tegmiltsiz, ýygyrtsyz, birkemsiz, ýagny şöhratda mukaddes hem müýnsüz bir ajaýyp ýygnagy getirmek üçin etdi. 28 Edil şu tärde ärler-de aýalyny öz bedenlerini söýüşleri ýaly söýmelidirler. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. 29 Elbetde, hiç kim hiç haçan öz bedenini ýigrenýän däldir. Gaýtam, edil Mesihiň imanlylar ýygnagyna seredişi ýaly, ony iýmitlendirip, aladasyny edýändir. 30 Sebäbi biz Mesihiň bedeniniň agzalarydyrys*. 31 ‡Töwratda şeýle ýazylan: «Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birigýär we olaryň ikisi bir ten bolýar». 32 Bu beýik syrdyr, ýöne men munda Mesih we imanlylar ýygnagy barada gürrüň edýärin. 33 Şunlukda, her biriňiz aýalyňyzy özüňizi söýşüňiz ýaly söýüň, aýal hem ärine hormat goýsun.