98‑nji mezmur
1 Reb höküm sürýär, halklar, goý, galpyldasyn!
Ol keruplar arasynda tagt gurup otyr, goý, ýer titresin!
2 Reb Sionda beýikdir,
ähli halklardan beýgeldilendir.
3 Goý, olar öwsünler Seniň beýik, gorkunç adyňy,
Sen – mukaddes hem-de gudratly!
4 Sen adalaty söýýän Patyşa:
ýüz görmezligi, adalaty,
dogrulygy berkarar etdiň;
bulary Ýakup neslinde Sen amal etdiň.
5 Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň,
Onuň aýagyna ýykylyp, siz sežde ediň:
mukaddesdir Ol!
6 Ruhanylarynyň arasynda Musa, Harun bar,
Rebbi çagyrýanlaryň arasynda Şamuwel hem bar.
Olar Rebbe doga etdiler, Ol jogap berdi.
7 Ol olara bulut sütüninden gürledi,
olar Onuň beren düzgünini, parzlaryny saklady.
8 Eý, Hudaýymyz Reb, Sen jogap berdiň.
Sen etmişleri üçin jeza berseň-de,
olar üçin bagyşlaýjy Hudaý bolansyň.
9 Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň,
Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň.
Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!